Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen mediasy prezidentiň Himiýa fakultetiniň açylyşyna gatnaşmandygyny 'ýalana çykarýar'


TDU-nyň baş binasy
TDU-nyň baş binasy

Türkmen telewideniýesi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşandygyny habar berýär. Ýerli aktiwistler 1-nji sentýabrda bu dabaranyň bolmandygyny aýdypdylar.

Aşgabatda 1-nji sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze ýokary okuw mekdebiniň -- Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasy boldy we türkmen telewideniýesi döwlet baştutanynyň bu dabarada söz sözläp, soňra TDU-nyň himiýa fakultetiniň täze banasynyň açylyşyna gatnaşandygyny habar berýär.

Emma Azatlygyň ýerli çeşmeleri beýle zadyň bolmandygyny, ýagny prezidentiň Magtymguly adyndaky TDU-nyň himiýa fakultetiniň täze binalarynyň açylyş dabarasyna gelmändigini tassyklaýarlar.

Azatlyk radiosy 1-nji sentýabrda, öz çeşmelerine salgylanyp, öýsüz haýwanlaryň awlanmagy bilen bagly ýüze çykan goh-galmagaldan soň, himiýa fakultetinde planlaşdyrylan dabaraly çäräniň geçirilmändigini habar berdi.

Ýatladýarys, prezidentiň gatnaşmagy planlaşdyrylan dabaradan öň, jemagat hojalygy gullugynyň işgärleri bilen ýerli aktiwistiň arasynda awlanýan haýwanlar üstünde bolan dawadan soň, habar saýtlarynda bu fakty tassyklaýan wideomaglumat peýda boldy.

Şondan soň, “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” proýektiniň uniwersitetdäki çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, Azatlygyň öz çeşmelerine salgylanyp habar bermegine görä, prezident Berdimuhamedow bu dabara gatnaşmady we köpçülik çäresine toplanan adamlar, studentler ençeme sagatdan soň öýlerine goýberildi.

Emma muňa garamazdan, 1-nji sentýabr agşamy efire çykan telereportažda Berdimuhamedowyň Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasyndan soňra himiýa fakultetiniň açylyşyna hem gatnaşandygy aýdylýar.

“TDU-nyň täze binalar toplumynyň ýanynda hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, uniwersitetiň mugallymlary we talyp ýaşlar ýygnandy” diýip, türkmen TW-sniň reportažynda köp adamyň gatnaşmagyna guralan dabara görkezilýär.

Şeýle-de ekranda prezidentiň toý bagyny kesip, TDU-nyň himiýa fakultetiniň merkezi binasyna girişi, giň eýwanda guralan sergi bilen tanşyşy..., hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy goýup, ýygnananlar bilen hoşlaşyşy görkezilýär.

Aşgabatly aktiwist Galina Kuçerenko Azatlyk radiosy bilen 2-nji sentýabrda bolan telefon gürrüňinde hem bu dabaranyň bolmandygyny tassyklady.

“Men bu ýerde janly diwar bolup duran adamlardan we studentlerden, gaýdyp barýarkalar, äpişgämiň gabadyna gelende, ‘prezident geldimi?’ diýip soradym, olar ‘ýok’ diýip jogap berdiler” diýip, G.Kuçerenko Azatlyk radiosyna aýtdy. Ol bu soragy diňe bir ýa iki studente bermändigini, köp studente berendigini, emma olaryň hemmesiniň ‘ýok’ diýen jogaby berendigini sözüne goşdy.

Aktiwistiň sözlerine görä, adamlar bu ýere ir sagat 5-de ýygnanmaga başlap, 10.30-da dargapdyrlar.

Olar sagat 10.30-a çenli garaşdylar. Birnäçe ak maşyn geldi. Olar uniwersitetiň binasyndan daş bolmadyk ýerde goýuldy. Hiç hili saz, aýdym, tans, şygarlara gygyrma, adatça şu hili çärelerde bolýan şowhunly elçarpyşmalar eşidilmedi, ümsümlik boldy. Studentler we döwlet gullukçylary 11-iň ýaryna çenli durup, soň dargadylar” diýip, ol aýtdy.

Kuçerenko şu gün irden, 2-nji sentýabrda hem öýüniň gapdalyndan geçip barýan studentlerden ‘düýn prezident açylyş dabarasyna geldimi?’ diýip sorandygyny, emme olaryň hemmesiniň ‘ýok’ diýip jogap berendigini aýtdy.

Şeýle-de ol bir studentiň soragyna ilki ‘ýok’ diýip, soňundan ‘muny bize aýtmaň diýdiler’ diýendigini sözüne goşdy.

G.Kuçerenko Azatlygyň “türkmen telewideniýesi prezidentiň bu dabara gatnaşandygyny habar berýär, siz muňa näme aýdarsyňyz?” diýen soragyna “siz türkmen telewideniýesine, ýerli habar serişdelerine ynanmaň” diýip jogap berdi.

Gürrüňi edilýän himiýa fakultetiniň açylyş dabarasyna prezidentiň gelmändigini ýene bir çeşme, hukuk goraýjy aktiwist Natalýa Şabunts hem tassyklaýar.

Azatlyk radiosy Berdimuhamedowyň himiýa fakultetiniň açylyş dabarasyna gelendigi ýa gelmändigi baradaky ‘jedeli’ adalatly çözmegi öz okyjylaryna, waka şaýat bolan studentlere we beýleki adamlara goýýar. Bu barada bize ýazyň, telefon ediň.

XS
SM
MD
LG