Sepleriň elýeterliligi

Bagtlylykda öňe saýlanan Türkmenistan myhmansöýerlikde yza galýar


Aşgabat, Halkara çagalar güni. Arhiw suraty

Türkmenistan iň myhmansöýer ýurtlara berlen derejede iň yzdaky orunlara düşdi, emma bagtlylykda sebitdäki goňşularyndan ýokarda durýar.

“Passport Index” portalynyň çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan 198 ýurduň arasynda, myhmansöýerlik babatda berlen derejede iň yzdan birinji orny alypdyr.

Iň myhmansöýer ýurtlaryň başyny Komor adalary, Kot-d’Iwuar, Gwineýa-Bisaý, Madagaskar, Maldiwler... çekýär.

Türkmenistanyň töweregindäki ýa-da köp gatnaşýan ýurtlarynyň içinde myhmansöýerlikde iň ýokary baha alan ýurtlaryň başyny Eýran bilen Türkiýe çekýär, soňra öňki sowet respublikalaryndan Gyrgyzystan, Gazagystan gelýär.

Türkmenistan Siriýa, Somali, Demirgazyk Koreýa we Owganystan bilen bilelikde iň yzky orna düşüpdir.

“Passport Index” portalynyň reýtingleri baha berilýän ýurtlara näçe ýurduň raýatynyň wizasyz goýberilip bilýändigi, barandan soň wiza alyp ýa wizany elektron görnüşde resmileşdirip bilýändigi esasynda kestlenipdir.

Türkmenistan dünýäde wiza düzgüniniň iň çylşyrymlaşdyrylan, şol sanda wizasyz gatnaşyk saklaýan ýurdy iň az döwletleriň hataryna girýär.

Britaniýanyň “Wanderlust Travel» žurnalynyň 18-nji awgustda beren habaryna görä, Türkmenistan syýahatçylyk wizasyny resmileşdirmek prosedurasyny iň çylşyrymlaşdyran ýurtlaryňhem bäşligine girýär.

Mundanam başga, Türkmenistanda syýahatçylyk firmasynyň üsti bilen baran daşary ýurtly myhmanyň ýany ýolbeletli syýahat etmelidigi, ol ýolbelediň bolsa ýörite gulluklara hasabat bermäge borçlandyrylandygy aýdylýar.

Myhmansöýerlik indeksinde Azerbaýjan, Özbegistan, Täjigistan hem Türkmenistandan ýokarky derejeleri, ýagny yzdan degişlilikde 22-nji we 9-njy ýerleri alypdyr.

Özbegistanda ýurduň ilkinji prezidenti Yslam Kerimow ýogalyp, täzeprezidentsaýlanandan soň, ozal gara sanawa girizilen dissidentleriňýurda dolanyp bilmegi üçin ýol açylýandygy, syýahatçylyga geljekler üçin uçar biletleriniň arzanladyljagy, wizasyz ýa ýeňilleşdirilen wiza düzgünleriniň giriziljegi barada habarlar çykýar.

Türkmenistanda hem 2006-njy ýylyň aýagyndaýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýogalyp, täze prezident saýlanandan soň ýurt raýatlarynyň syýahat mümkinçiliginiň giňelmegine, gara sanawlara girizilenleriň azaldylmagyna, şonuň bilen bir wagtda daşary ýurtlara çykan türkmenistanlylaryň we goňşy ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenleriň taryhy watanlaryna sapar edip bilmeklerine has kän mümkinçilik dörediler diýip umyt edildi.

Emma bu umyt ýurda geljek adamlaryň ilki ýurt içinden çakylyk hatyny almak şerti bilen köplenç ýagdaýda puja çykýar. Sebäbi, synanyşan adamlaryň Azatlyk radiosyna gürrüň bermeklerine görä, çakylyk hatyny almak hem, dürli býrokratiki bökdençlikler, çakylyk ibermeli adamlaryň gorkuda saklanmagy bilen, aňsat başa barmaýar.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan owgan türkmenleriniň, şol sanda Aky ogly Gulamsahynyň sözlerine görä, indi adamlar Türkmenistana wiza almaga synanyşmaklaryny hem goýdular.

Bu hili kynçylayga eýranly türkmenler hem sezewar edilýär we, Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlarynyň Azatlyk radiosyna gürrüň bermeklerine görä, daşary ýurtda indi köne pasportly we ýurduna baryp bilmeýän türkmenistanlylaryň hem uly topary döredi.

Emma muňa garamazdan, Britaniýanyň “The Speсtator” žurnaly Türkmenistanyň Merkezi Aziýada bagtly ýurtlaryň biridigini habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistan bagtlylyk reýtinginde 59-njy orny alyp, 60-njy orny alan Gazagystandan, degişlilikde 96-njy we 98-nji orunlary alan Täjigistandan we Gyrgyzystandan öňe geçdi, emma goňşy Özbegistandan yza galdy.

155 ýurduň arasynda geçirilen bagtlylylyk reýtinginde nazara alnan görkezijileriň arasynda döwlet sosial goraglylygynyň derejesi hem bar. Türkmenistanlylaryň döwlet tarapyndan berilýän sosial ýeňillikleri diýlende, ilata 1993-nji ýyldan bäri berlen mugt zatlar ýada düşýär.

Emma Türkmenistan indi, bazar gatnaşyklaryna geçmäge zyýan berýändigini aýdyp, bu ýeňillikleri ýatyrmak kararyna geldi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG