Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ilkinji golf meýdançasynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär


Golf-korty. Illýustrasiýa suraty.
Golf-korty. Illýustrasiýa suraty.

25-nji sentýabrda türkmen häkimiýetleri Aşgabatda gurulýan ilkinji golf meýdançasynyň açylyş dabarasyna taýýarlyklaryň görülýändigini mälim etdiler.

Duşenbe güni Türkmenistanyň döwlet mediasynda paýtagtdaky “Ýyldyz” myhmanhanasy bilen Bagt köşgi binasynyň golaýynda gurlan golf meýdançasyndan sýužetler görkezildi.

Şol güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideoşekilli iş maslahatynda, Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewiň golf meýdançasyny dabaraly ýagdaýda açyp bermek barada döwlet baştutanyna haýyş bilen ýüzlenendigi, habarda bellenilýär.

Maglumatda prezidentiň golf meýdançasynyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygy ýa-da gatnaşmajakdygy, şeýle-de bu dabaranyň haçan amala aşyryljakdygy aýdyňlaşdyrylmasa-da, türkmen lideriniň dürli maksatly desgalaryň açylyş dabarasynda guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler barada anyk görkezmeleri berendigi aýdylýar.

“Hususan-da, hormatly prezidentimiz paýtagtymyzda gurlan golf meýdançasynyň açylyş dabarasy mynasybetli bu ýerde uly sport baýramçylyk çäresini guramak hem-de golf boýunça halkara bäsleşigini geçirmegi üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi” diýlip, TDH-nyň maglumatynda nygtalýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Aşgabadyň günorta-günbatarynda 70 gektar meýdany eýeleýän golf meýdançasynyň guruljakdygy barada türkmen häkimiýetleri ilkinji gezek şu ýylyň 12-nji aprelinde habar berdiler.

Bu habardan öň, ýagny 7-nji aprelde Berdimuhamedowyň golf boýunça ady belli amerikan ussady Jek Nikolaus bilen duşuşandygy we gepleşigiň dowamynda, Türkmenistanda golf sportuny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň perspektiwalarynyň maslahat edilendigi, Aşgabatda golf üçin meýdançanyň gurluşyk proýektiniň gidişi barada hasabat berlendigi aýdyldy.

Şeýle-de, “Nikolaus dizaýn” kompaniýasy tarapyndan gurulýan golf meýdançasynda halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin, dünýä standartlaryna laýyk şertleriň dörediljekdigi, mundanam başga tutuş ýurt boýunça 10-a golaý golf meýdançasynyň guruljakdygy habar berildi.

Taslamasyna we gurluşygyna döwlet býujetinden anyk näçe möçberde maliýe serişdesiniň goýberilendigi aýdyňlaşdyrylmaýan Aşgabadyň golf klubunyň gurluşygy, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.

Şeýle-de, gurak howaly çöllük ýurt hasaplanýan we öz territoriýasynyň 80%-ni Garagum çöli eýeleýän Türkmenistanda gurulýan golf klubunyň soňy bilen nähili dolandyryljakdygy we türkmen hökümetiniň oňa sarp edilen pullaryň öwezini dolmak planlary resmi taýdan mälim edilmeýär.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, “Nikolaus dizaýn” kompaniýasynyň başlygy Jek Nikolaus Türkmenistanda golf sportuny ösdürmek niýetini birnäçe ýyl mundan öň mälim edipdi. “Biz özümiziň bu ugurdaky baý tejribämiziň kömegi bilen iň gowy, iň ýokary hilli golf meýdanyny gurarys” diýip, Jek Nikolaus 2015-nji ýylyň 7-nji maýynda prezident Berdimuhamedow bilen duşuşygynda aýdypdy.

XS
SM
MD
LG