Sepleriň elýeterliligi

Täze ýylyň öňýanynda çörek, towuk budy we beýleki azyk harytlary gymmatlady


Aşgabatdaky söwda dükanlarynyň birinde satylýan çörek önümleri

Türkmenistanda Bitaraplyk we Täze ýyl baýramçylyklarynyň öňýanynda "azyk bolçulygyny" üpjün etmek barada döwlet derejesinde durlup geçilýän mahaly, ýurtda azyk önümleriniň bahasy barha gymmatlaýar we olaryň käbir görnüşleri has-da gytalýar.

Azatlygyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, häzirki wagt Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda daşary ýurtlardan getirilen towuk budunyň 1 kilogramy 8 manatdan satylýan bolsa-da, ondan her bir adam diňe bir kilogram satyn alyp bilýär.

Şol bir wagtda, bu towuk budunyň 1 kilogramyny 10 manatdan hususy eýeçilikdäki dükanlardan islän mukdaryňda satyn alyp bolýar.

“Döwlet tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän bu towuk budy hususy dükanlara düşüp, ol gymmat bahadan satuwa çykarylýar. Onuň näme üçin döwlet dükanlarynda adamlara diňe 1 kilogram satylýandygy, ony hususy dükanlarda isledigiňçe satyn alyp bolýandygynyň sebäplerini düşündirýän adam ýok” diýip, özüni Mähri diýip tanyşdyran aşgabatly ýaşaýjy Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

Azatlygyň ýene iki çeşmesi soňky 10 günüň dowamynda ýurduň welaýatlarynyň tas ählisinde diýen ýaly çöregiň bahasynyň barha gymmatlaýandygyny aýdýar.

Belläp geçsek, bu waka Türkmenistanda ýurduň içinde we daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli unlaryň gytçylygynyň emele gelendigi hem-de munuň bilen bir wagtda unuň bahasynyň gymmatlamagynyň dowam edýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“Meniň häzirki agzajagym çöregiň iň arzan görnüşidir. Meselem, Daşoguz ozal 1 manatdan satyn alyp bolýan çörek – onuň agramy 450-500 grama barabar – 1 manat 40 teňňä durýar. Balkanda edil şol ululykdaky çörek öň 1 manada satylan bolsa, häzir 1 manat 50 teňňeden satylýar. Maryda hem bu çörek şol nyrhdan satylýar” diýip, agzalýan welaýatlaryň ençeme ýaşaýjysy bilen söhbetdeş bolan Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Ol çöregiň bahasynyň hiline görä üýtgeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy. Meselem, süýde ýugrulan 1 çöregiň bahasy mundan bir hepde çemesi öň 2 manatdan satylan bolsa, häzir 3 manat ýa-da 3 manat 50 teňňeden satylýar.

Azatlygyň ýurt içindäki ýene bir çeşmesi hem bu gymmatlamalary tassyklap, häzirki wagtda Mary welaýatynda 1 manada örän kiçi we ýuka çöregi satyn alyp bolýandygyny belleýär.

“Ilatyň arasynda ýuwaş panika bar. Lebapda hem ýagdaý öwerlikli däl. Heniz çöregiň bahasy gymmatlamady, ýöne eýýäm bu ýerde hem uny tapmak uly mesele. Unuň birinji sorty ýok diýen ýaly. Ýokary hilli unuň 50 kilogramynyň 70 manatdan satylýandygy, ýöne ony ähli ýerde tapyp bolmaýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran Azatlygyň ýagdaýdan habarly ýerli çeşmesi gürrüň berdi.

Harytlaryň bahasynyň gymmatlamagy beýleki önümlerde, şol sanda senagat harytlarynda hem duýulýar. Aşgabatdaky çeşmämiziň tassyklamagyna görä, ozal 5 manatdan satylan çaga köýnekleri, häzir 12 manada durýar. Ýyladyşhanalarda öndürilen pomidoryň 1 kilogramy öň 4 manatdan satylan bolsa, häzir 8 manada durýar. Bir kilogram soganyň bahasy öň 2 manada barabar bolsa, indi ol 4 manatdan satylýar. Karamel görnüşli süýjüleriň 1 kilogramy öň 9 manatdan satylan bolsa, häzir 20-22 manat aralygynda.

Ýatlap geçsek, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda azyk we senagat harytlarynyň ählisiniň diýen ýaly bahasy azyndan iki esse gymmatlady. Un, şeker we ösümlik ýagy ýaly günübirin ulanylýan harytlaryň söwda tekjelerinden wagtal-wagtal ýitirim bolmagy hem dowam edýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu gymmatlamalar we käbir harytlaryň gytalmagy, şeýle-de bularyň ilata ýetirýän täsirleri barada ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler. Munuň deregine türkmen mediasynda “ýurt bolçulygy”, “azyk howpsuzlygy”, “ykdysady ösüş” diýilýänleriň “delilleri” hökmünde dowamly çykyşlar we reportažlar görkezilýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Birleşen Milletler Guramasynyň “Merkezi Aziýada we Ýewropada azyk howpsuzlygynyň hem-de iýmitlenişiň ýagdaýy – 2017” at bilen 4-nji dekabrda ýaýradan hasabatynda, Türkmenistanda 0,3 million adamyň ýa-da ýurduň ilatynyň 5,5%-niň doýa-gana naharlanmaýandygy bellenilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG