Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Pakistan TOPH geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirmek isleýär


TOPH kartasy
TOPH kartasy

Pakistan metbugaty prezident Mamnun Huseýniň öz türkmen kärdeşi bilen TOPH geçirijisini bellenen wagtyndan ir gurmagyň möhümdigi babatda bir pikire gelendigini habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji dekabrda guralan telefon söhbetdeşliginde pakistanly we owganystanly kärdeşlerini fewralda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezidentler Mamnun Huseýn we Aşraf Gani çakylyk üçin hoşallyk bildirip, bu çärelere gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyk etdiler.

Prezident Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň demirýol gurluşygyny owgan serhedine çenli ýetirendigini we ony Pakistana çenli ýetirmek isleýändigini hem aýtdy.

Türkmenistan fewral aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, şu ugur boýunça optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak, şeýle hem Türkmenistanyň öz hasabyna gurýan Serhetabat-Turgundy demir ýoluny işe girizmek çärelerini geçirer.

Pakistanyň “The Express Tribune” neşiri türkmen tarapynyň planlaşdyrýan çärelerine prezident Huseýn bilen bile premýer-ministr Şahid Kakan Abbasiniň hem gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Abbasi awgust aýynda premýer-ministriň wezipesini kabul etmezinden öň, ozalky premýer-mninistr Nawaz Şarifiň döwründe nebit ministri boldy we TOPH proýektiniň ilerlemegi üçin işjeňlik görkezdi diýip, pakistan metbugaty belleýär.

Abbasi oktýabr aýynda Pakistanyň bu proýekte örän ygrarlydygyny nygtady we onuň Pakistanyň energiýa ätiýaçlyklaryny ödemekde uly mümkinçiliginiň bardygyny tekrarlady.

Pakistanda bu proýekt mart aýynda praktiki fazasyna girdi, ýagny onuň başlangyç inženerçilik we we proýekt marşrutlaryny taslamak başlandy. Abbasi şondan bu proýektiň 22 ýyldan soň praktiki häsiýete geçýändigine şaýat bolmagyň beýik pursat bolandygyny belledi.

Pakistan metbugaty Orsýetiň hem Eýrandan Hindistana, emma Gwadaryň üstünden gaz geçirijisini gurmakçy bolýandygyny belleýär.

Mundan öň hindi metbugatynda TOPH geçirijisiniň gurlup gutaryljak we ulanmaga beriljek möhletiniň Türkmenistanyň maliýe kynçylyklary sebäpli bir ýyl yza süýşýändigi habar berildi.

Emma noýabr aýynda Hytaýyň Milli nebit kompaniýasy CNPC Türkmenistana TOPH, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan we “Transhazar” gaz geçirijileriniň gurluşygyna ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

“Energo Reforma” neşiriniň 6-njy noýabrda ýaýradan maglumatynda, “CNPC halkara Türkmenistanyň” baş direktory Li Şulýan bu taýýarlygy noýabryň başynda, Aşgabatda geçirilen halkara konferensiýada tassyk etdi.

Ýöne habarlarda hytaý kompaniýasynyň türkmen tarapyna nähili şertler esasynda kömek etjekdigi, şeýle-de Aşgabadyň Pekinden ozalky alan karzlarynyň nähili üzülýändigi anyklaşdyrylmaýar. Şonuň bilen bir wagtda Türkmenistan Orsýet we Eýran ýaly iri gaz alyjylaryny ýitirip, gaz söwdasynda esasan Hytaýa garaşly bolup galdy.

Eger başa barsa, Türkmenistan 2015-nji ýylda düýbi tutulan we 1814 kilometr aralyga uzamaly TOPH gaz geçirijisi arkaly Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar.

Umumy bahasy 10 milliard dollar çemesi bolan TOPH esasan Aşgabadyň hasabyna (85%) gurulýar. Ekspert netijelerine görä, onuň öňünde esasy iki kynçylyk - Owganystandaky howpsuzlyk meseleleri we Türkmenistandaky ykdysady krizis dur.

XS
SM
MD
LG