Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzyň aglaba ýerinde elektrik togy kesildi


Daşogzuň aglaba sebitlerinde elektrik togunyň bolmandygy dogrusynda ýurduň resmi mediasynda hiç hili maglumat berilmedi.
Daşogzuň aglaba sebitlerinde elektrik togunyň bolmandygy dogrusynda ýurduň resmi mediasynda hiç hili maglumat berilmedi.

Türkmenistanyň prezidentiniň Täze ýyla taýýarlyk görmegiň çäklerinde, ýurtda ýyladyş ulgamynyň, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamak baradaky tabşyrygyna garmazdan, ýurduň dürli künjeklerinde kommunal hyzmatlarynda yzygiderli bökdençlikler ýüze çykýar.

Sişenbe güni Daşoguzda ir bilen guýan güýçli ýagyndan soň, demirgazyk welaýatyň köp etrapdyr şäherlerinde uzakly gün elektrik togy bolmady.

“Ir sagat 10 töwerekleri biziň Boldumsaz, şeýle-de Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhybelent we beýleki etraplarynda tok kesildi. Ýerli elektrik edaralaryna ýüz tutsagam, ‘ugrunda, işleýäris’ jogabyndan başga, hiç hili maglumat alyp bolmady” diýip, ulag ýuwýan merkezini ýöredýän Ylýas (ady üýtgedilen – red.) Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

Ylýas öz ýaşaýan sebitinde elektrik togunyň ikindin sagat 17:30 töwerekleri gaýtadan berlendigini, muňa çenli günüň dowamynda işinde hem-de hojalygynda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny gürrüň berdi.

“Toguň bolmanlygy sebäpli awto-ýuwalgamdaky enjamlary işledip bolmady, doly bir günüm boş geçirip, ýekeje şaýy gazanyp bilmedim. Öýde-de holodilnikleriň işlemänligi sebäpli, esli azygymyz zaýa boldy” diýip, Ylýas sözüne goşdy.

Galyberse-de, Daşogzuň aglaba sebitlerinde elektrik togunyň bolmandygy dogrusynda ýurduň resmi mediasynda hiç hili maglumat berilmedi.

Munuň bilen birlikde, gaza baý Türkmenistanda jaýlaryň ýyladyş ulgamlarynda-da, diňe bir etraplarda däl, eýsem paýtagt Aşgabadyň özünde-de kadaly işlemeýändigine we soňky döwürde bu kemçiligiň üstüne gazy, energiýany tygşytlamak meselesiniň hem goşulandygyna üns çekilýär.

Täze ýylyň öň ýanynda kommunal hyzmatlaryndaky bökdençlikler bilen birlikde, ýurduň bazarlarynda harytlaryň bahalarynyň telim esse ýokarlanmagy we günübirin gerekli zatlaryň söwda tekjelerinden ýitirim bolmagy hem öz gezeginde adamlaryň baýramçylyk şähdine oňaýsyz täsir ýetirendigini, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, döwlet eýeçiligindäki media Täze ýylyň öňüsyrasynda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada dymyp, gaýta guralýan dabaralary ýokary derejede geçirilmegiň zerurdygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG