Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýyldan mugallymlaryň iş sagatlarynyň artdyrylmagyna garaşylýar


Mugallym

Peýda bolan soňky maglumatlara görä, geljek ýylda mugallymlaryň iş sagatlarynyň artdyrylmagyna garaşylýar. Häzir hepdede 24 sagat bolan bir stawkanyň 36 sagada getirilmeginiň ähtimallygny Türkmenistanyň bilim ministrligniň bir işgäri aýdýar.

“Häzirki hereket edýän, hepdede okatmaly bolýan 24 sagadymyz hem ýeňil iş däl. Eger iş ýükümiz 36 sagada getirilse, bu biziň jan saglygymyza-da, eklenjimize-de juda ýaramaz täsirini ýetirer” diýip, aşgabatly mugallyma Gyzylgül aýdýar.

Mugallymlaryň hepdelik iş sagatlary 20 sagat bolanda, olara dem-dynç almaga hem-de ertirki gün üçin sapaga taýýarlanmaga mümkinçilik bolardy. Iş sagady 24-e getirilende, munuň agyrdygyny, wagty bilen ýene 20 sagada geçirilmegine umyt edendiklerini aýdýarlar.

Häzirki wagtda ýokary bilimi bolan, hepdede 24 sagat okadýan ýokary katergoriýaly mugallymlaryň aýlyk haklary 1 stawka işlänlerinde, 1440 manat. Şeýle tertipde işläp bilýän mugallymlar klas ýolbaşçylygyny hem-de depder barlaglaryny hem öz üstüne alsalar, onda olaryň bir stawka aýlyk haklary 1600 manada barabar bolýar.

Klas ýolbaşçylygyny öz üstüne alan hem-de depder barlaglary hem boýnuna düşýän mugallymlar 1,5 stawka okadyp bilseler, onda olaryň aýlyk haklary 2400 manada deň bolýar. Bu bolsa esasan hem zenan mugallymalar üçin juda agyr düşýär. “Şeýle iş tertibinde işleseň, öz maşgalaň barada alada etmäge ýa bolmasa geregiçe dem-dynç almaga wagt galmaýar” diýip, Gyzylgül aýdýar.

Ýörite orta bilimli mugallymlaryň iş ýükleri hepdede 16 sagat bolup, olaryň aýlyk haklary 800 manat bolmagy bilen gapdalyndan nähilidir bir goşmaça sagatlar bolmasa, başlangyç klas mugallymlarynyň aýlyk haklary maşgala eklärden azdygyna hem mugallymlar ünsi çekýärler.

Eger mugallymlaryň iş ýükleri hepdede 36 sagada gelse, onuň üstesine klas ýolbaşçylygy ýaly borçlar hem ýüklense, depder barlaglaryny hem mugallymlar hökman ýerine ýetirmeli bolýarlar, ondan daşary ertirki günüň konspektleri hem goşulsa, munuň mugallymlara nähili güzaply boljagy belli däl.

Ýerli ýagdaýlara görä, Türkmenistanyň mekdepleriniň käbirinde mugallymlara bir stawka üçin sagatlar ýetmeýän bolsa, köp mekdeplerde mugallymlaryň ýetmezçiliginden, olara ýene-de ýarym stawka ýüklenýän halatlarynyň bolýandygyny welaýat ýaşaýjylaryndan eşitmek bolýar.

Bilim işgärleriniň, lukmanlaryň aýlyk haklary Türkmenistanda ýokary aýlyklar hasaplanýan bolsa-da, bu ugurdan işlemegiň juda kynalýandygyna-da üns çekilýär.

Mekdeplerde okuwçylaryň tertipsizliginden, çäreleriň aşa artdyrylmagyndan, mugallymlaryň aýlyk haklaryndan dürli bahanalar bilen tutulyp galynmagyndan halys işe höwesleriniň galmandyklaryny mugallymlardan eşitmek bolýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG