Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary welaýatynyň Garagum etrabynda 26-njy dekabrdan bäri un satylmaýar


Garagum etraby, boş dükan we garawuly.

Azatlygyň Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky çeşmeleri 2017-nji ýylyň 26-njy dekabryndan bäri etrapda “sary unuň ýokdugyny” habar berýärler we dükanyň işiginde diňe garawulyň oturandygyny aýdýarlar (fotosuratda).

Türkmenistanyň regionlarynda un ýetmezçiligi geçen ýylyň dekabr aýynyň ilkinji ongünlüginde duýlup başlandy. Bu ýagdaý unuň we çörek önümleriniň bahalarynyň barha ýokarlanmagyna alyp gelýär diýip, ýaşaýjylar habar berýär.

Türkmenistanda un bilen bile towuk ýumurtgalary, beýleki zerur azyk önümleri hem gymmatlaýar. Emma döwlet telewideniýesi dükanlaryň doldurylan tekjelerini görkezip, ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygyndan öň bazarlarda haryt bolçulygyny döretmegi tabşyrdy we ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin döwlet komissiýasyny döretdi. Emma bu komissiýanyň alyp barýan işleri barada habar berilmeýär.

Türkmenistanda geçen ýyl bugdaý plany dolunmady we munuň üçin welaýat häkimlerine käýinç yglan edildi, soňra olaryň birnäçesi wezipesinden boşadyldy.

Ýerli synçylar soňky ýyllarda kärendeçi daýhanlaryň diňe bugdaý we gowaça ekmäge borçly edilýändigini, türkmen bazarlarynyň ozal ýurtda öndürilen gök önümler babatda hem barha kän daşary ýurtlara garaşly bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG