Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Flex synaglarynyň geçiriljek wagty mälim edildi


Synag tabşyrýan ýaşlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Synag tabşyrýan ýaşlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara bilim boýunça geňeşi ýokary synp mekdep okuwçylaryna bir okuw ýylyny Birleşen Ştatlarda okamaga mümkinçilik berýän Flex programmasyna kabul edişlik üçin, synaglaryň Türkmenistanda geçirilýän wagtyny mälim etdi. Bu barada agzalýan geňeşiň americancouncilstm.org websaýtynda habar berilýär.

Ýatlap geçsek, 1-nji ýanwarda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna salgylanyp, geçen ýyllarda adatça sentýabr aýynda amala aşyrylýan bu synagyň geçirilmegi üçin, Türkmenistanyň hökümetiniň rugsat bermegine garaşylýandygyny habar beripdi.

“Biz FLEX-2017 okuw programmasyna kabul edişlik üçin synaglaryň geçiriljek wagtynyň golaýda mälim edilmegine garaşýarys. Häzirki wagt ilçihana we Amerikan geňeşi synaglary geçirmäge başlamak üçin, Türkmenistanyň hökümetiniň rugsatnamasyna garaşýar. Bu rugsatnama berlen dessine, synaglaryň geçiriljek wagty we ýeri ilçihananyň websaýtynda we sosial ulgamlardaky sahypalarynda çap ediler” diýlip, Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň websaýtynda mälim edilipdi.

Gürrüňi edilýän okuw programasy üçin synaglaryň geçirilmegine türkmen tarapyndan rugsatnamanyň gijikdirilmegi we onuň sebäpleri barada, Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň maglumatynda hiç zat aýdylmaýar.

9-njy ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara bilim boýunça geňeşiniň Türkmenistandaky edarasy bilen habarlaşyp, bu barada goşmaça maglumat almak synanyşyklary hem häzirlikçe başa barmady.

Şol bir wagtyň özünde, geňeşiň websaýtynda çap edilen bildirişde, geçen ýyllardakydan tapawutlylykda, bu ýyl synaglaryň Türkmenistanyň dürli welaýatdyr şäherlerinde däl-de, ähli türkmenistanly ýaşlar üçin Aşgabatda geçiriljekdigi mälim edilýär.

Muňa laýyklykda, maryly, daşoguzly, balkanabatly ýaşlar 14-nji ýanwarda, lebaply, türkmenbaşyly, ahally ýaşlar 21-nji ýanwarda sagat 10:00-da we aşgabatly ýaşlar 28-nji ýanwarda sagat 09:00-da paýtagtyň 20-nji mekdebinde synaga girer.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän Flex programmasyna 2000-nji ýylyň 15-nji marty bilen 2002-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan türkmenistanly ýaşlar gatnaşyp bilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara bilim boýunça Türkmenistandaky geňeşiniň maglumatyna görä, iňlis dili boýunça geçiriljek testlerde ýeňiş gazanan okuwçylar 2018-2019-njy okuw ýylyny Birleşen Ştatlarynyň mekdepleriniň birinde okap, şol döwürde olar amerikan maşgalasynda ýaşarlar.

XS
SM
MD
LG