Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow gymmatbaha gurluşyklary 'doly güýjünde' dowam etdirýär


Aşgabatda guruljak täze myhmanhanalaryň biriniň taslamasy.
Aşgabatda guruljak täze myhmanhanalaryň biriniň taslamasy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji ýanwarda Aşgabatda täze guruljak gymmatbaha desgalaryň, myhmanhanalaryň, edara we ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary bilen tanyşdy. Bu proýektler ilatyň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän wagtynda gurlup, ulanmaga berler.

Guruljak desgalaryň başyny kaşaň myhmanhana, Halkara maslahatlar merkezi, Halkara kabul ediş merkezi, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň edara binalary çekýär. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we täze Hökümet münberi gurlar. Emma ol binalaryň nähili zerurlyk esasynda gurulýandygy anyklaşdyrylmaýar.

Türkmen paýtagtyndaky gymmatbaha gurluşyk proýektleriniň bu ýyl hem doly güýjünde dowam etdiriljekdigi 9-njy ýanwarda, Berdimuhamedow dikuçarly Aşgabadyň üstünden aýlananda mälim boldy.

G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň Aşgabatda we “Awaza” syýahatçylyk zolagynda döwletiň hasabyna onlarça täze myhmanhana, uly kongres, toý, sport zallary, edara, ofis jaýlary, söwda merkezleri guruldy we soň täze ofisli bolan ministrlikleriň käbiriniň ýapylan ýa başga ministrlige birikdirilen halatlary hem boldy.

Mundanam başga, geçen ýyl, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlary üçin azyndan 5 milliard dollarlyk desgalar toplumy, 2,3 milliard dollar çemesi serişdä durýan täze uçar menzili guruldy.

Azatlyk radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesiniň beren maglumatyna görä, Türkiýäniň “Polimeks” firmasy tarapyndan gurlan täze uçar menziliniň gurluşygynda goýberilen harsallyklar geçen ýylyň maýynda turan korrupsiýa galmagalyna, hatda hökümet başlygynyň orunbasary Batyr Ereşowyň biwagt ölümine hem sebäp boldy.

Prezident 24-nji ýanwarda täze proýektleriň gurluşygy üçin tender, bäsleşik yglan etmek meselesini gozgady. Emma Azatlygyň ýerli çeşmeleri paýtagtyň “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň ugrunda guruljak myhmanhananyň şertnamasynyň hiç hili tendersiz Fransiýanyň “Bouygues” kärhanasyna berlendigini, onuň döwlet gaznasyna 300 million ýewro düşjekdigini habar berýär.

“Häzir “Bouygues” kärhanasy ozal türkmen gurluşyklarynda işläp gaýdan işgärlerini yzyna – Türkmenistana çagyryp başlady,kärhananyň prezidenti Martin Bouyguesiň golaýda Aşgabada sapara gelmegine garaşylýar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Aýdylmagyna görä, täze kaşaň myhmanhanalar Aşgabatda ýene-de üç ýyldan geçiriljek halkara konferensiýasyna gabatlanyp gurulýar we häzir gerekli gurluşyk materiallarydaşalyp başlandy. Ynamdar çeşmäniň ýagdaýy bilýän resmilerden alan maglumatyna görä, bu desgalaryň umumy bahasynyň 500 million dollardan hem geçmegine garaşylýar.

9-njy ýanwarda berlen resmi habarlardan tapawutlylykda, 24-nji ýanwarda berlen habarda täze guruljak desgalaryň has uludan tutulýandygyny görse bolýar. Mysal üçin, ozal Halkara howa menziliniň golaýynda guruljak myhmanhananyň6,9 gektar meýdany tutjakdygy aýdylan bolsa, Arçabil we Çandybil şaýollarynyň arasynda guruljak myhmanhananyň binasy 22,9 gektar meýdany tutar.

“Myhmanhananyň meýdançasynda gidropark bilen birleşýän uzynlygy 725 metr bolan derýa, emeli köl, açyk howuz, çüwdürimler, tomusky restoran we kafe ýerleşdiriler. Şeýle hem taslama uzynlygy 600 metr bolan awtomobil ýoluny öz içine alýar” diýip, habarda aýdylýar.

Öňki ýyllardan tapawutlylykda, Türkmenistandaky gurluşyk proýektleri bu ýyl Gündogaryň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini hem öz içine alýar. Mundan öň prezident şahyryň Aşgabadyň merkezindäki ilhalar heýkeliniň göçürilmegini buýrupdy.

Köpetdagyň eteginde bina ediljek täze ýadygärligiň beýikligi 60 metre, durmaly ýeriniň diametri 25 metre deň bolar. Emma bu we beýleki guruljak gurluşyklaryň hiç biriniň döwlet gaznasyna we halka näçe seişdä düşjekdigi aýdylmaýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, HWF-nyň ekspertleri Türkmenistanyň hökümetine döwlet inwestisiýalaryny azaltmagy maslahat berýär.

XS
SM
MD
LG