Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dollaryň 'gara bazardaky' nyrhy gysga wagtlyk 6 manada düşdi


Illýustrasiýa suraty

14-nji fewralda Daşoguzda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasy gysga wagtlyk pese düşüp, alty manada ýetdi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň habar bermegine görä, günüň birinji ýarymynda amerikan dollary çürt-kesik arzanlapdyr, emma günüň ikinji ýarymynda ýene galyp, 10 manatdan geçipdir.

Geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanda bir amerikan dollarynyň bahasy elden 15 manada çenli ýokarlanypdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda emele gelen bu ýagdaýyň Aşgabatda daşary ýurt walýutasynyň “gara bazaryna” täsir ýetirendigini habar berdiler. 14-nji fewralda paýtagtda amerikan dollarynyň bahasy 11 manada çenli arzanlapdyr. Bir gün öň 1 amerikan dollary elde 14 manada satylýardy.

Habarçylarymyzyň daşoguzly telekeçilere salgylanyp, habar bermegine görä, türkmen manadynyň bahasynyň üýtgemegi ýurduň Özbegistan we Gazagystan bilen serhetleşýän regionlarynda söwdanyň aktiwleşmegi bilen baglanyşdyrylýar.

“Şu gün Daşoguzda Gazagystandan we Özbegistandan gelýän telekeçileriň uly aktiwligi göze ildi. Olar uly mukdarda türkmen manadyny satyn aldylar. Bu bolsa türkmen manadynyň güýçlenmegine sebäp boldy. Meniň bilşime görä, dollaryň gara kursy 9 manada ýetdi, emma uzak saklanmady. Öýlän dollar ýene 11 manatdan has gymmatlady. Häzir, maňa aýdylyşyna görä, ol 12 manat töwereginde satylýar” diýip, Azatlygyň ýerli habarçylarynyň biri habar berdi.

Gazagystanly we özbegistanly telekeçileriň aktiwliginiň nämeden ybarat bolandygy häzirlikçe nämälim galýar, emma olaryň Türkmenistandan harytlary import etmek bilen meşgullanýan bolmagy mümkin.

Ýatladyp geçsek, ýekşenbe güni Türkmenistanda bir amerikan dollarynyň bahasy “gara bazarda” 15 manada ýetip, ýurtda resmi derejede kesgitlenen döwlet kursundan dört esse ýokary bolupdy. Merkezi bankyň resmi kursuna görä, bir amerikan dollary 3.5 türkmen manadyna barabar.

13-nji fewralda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Merkezi Bankyndaky çeşmesine salgylanyp, ýurduň maliýe häkimiýetleriniň daşary ýurt walýutasynyň resmi kursuny galdyrmagyň we ony hakyky bazar kursuna ýakynlaşdyrmagyň mümkinçiligine seredýändigini habar beripdi.

“Inflýasiýany belli bir derejede saklamak gerek. Meselem, gara bazarda dollaryň bahasy 15 manada barabar, bu ýagdaýda bankyň nyrhy 13.5-14 manat bolup biler. Kursyň üýtgäp durjagy ýa-da kesgitli boljagy hem uly mesele, emma onuň gara bazara görä, üýtgäp durmagy gaty ähtimal. Bu, Merkezi Banka stawkalara goşulmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda bu mümkin däl, sebäbi aratapawut juda uly” diýip, Türkmenistanyň Merkezi Bankyndaky ygtybarly çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň türkmen manadyna görä gysga wagtlyk arzanlamagynyň häkimiýetleriň resmi kursy üýtgetmek boýunça niýetine bagly bolup-bolmazlygy hem entek belli däl.

Azatlygyň söhbetdeşi türkmen manadynyň daşary ýurt walýutalary babatynda kesgitlenmegine garaşylýan täze kursunyň ýurduň iri daşary ýurtly söwda partnýorlary we daşary ýurt walýutasynyň esasy çeşmeleri bolan Hytaý we Eýran bilen gepleşiklerine hem bagly bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanda soňky aýlarda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasynyň çürt-kesik ýokarlanmagy ýurtda iň zerur harytlaryň esli gymmatlamagyna getirdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG