Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow ýene Aşgabatda döwrebap jaýlary gurmagy tabşyrdy


Aşgabatda gurlan täze jaýlar

Aşgabadyň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda döwrebap binalar gurlar. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji martda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky karara gol çekdi.

TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama hem-de Tähran köçeleriniň aralygynda "12 gatly 72 öýli jaýlaryň onusyndan we 12 gatly 48 öýli jaýlaryň altysyndan ybarat ýokary amatlykly tutuş toplum" emele geler, şeýle hem 5564 metr uzynlygy bolan awtomobil ýoly gurlar.

Prezidentiň kararyna laýyklykda, täze jaýlaryň gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binalary hem-de desgalary 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Habarda täze guruljak jaýlaryň bahasy ýa-da maliýe çeşmesi aýdylmaýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň oktýabrynda Aşgabatda täze gurlan ýokary amatlykly jaýlaryň, 23 sany köp gatly jaýyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, 7-nji fewralda bolsa “Täze zaman” obasynyň nobatdaky binalar toplumynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Ýakynda bolsa Berdimuhamedow Türkmenabatdaky täze uçar menziliniň açylyşyna gatnaşdy.

Azatlygyň habarçylary Aşgabatda soňky on ýylda gurlan we uzak möhletli kredit esasyna ilata berlen ýaýaýyş jaýlarynyň eýeleriniň bir toparynyň jaý tölegini töläp bilmän, alada galýandyklaryny, sebäbi olaryň aýlyk gazançlarynyň beýle gymmat bahaly jaýlaryň ipoteka töleglerine ýeterden juda azdygyny habar berýärler.

Käbir maglumatlara görä, bu jaýlary yzyna tabşyrmaga çalyşýanlar hem bar.

Türkmenistan, ekspertleriň pikirine görä, soňky ýyllarda garaşsyzlyk döwründäki iň agyr ykdysady kynçylygyny başdan geçirýär. Halkara walýuta fondunyň ekspertleri geçen ýyl Aşgabatda bolup, türkmen hökümetine döwlet inwestisiýalarynyň azaldylmagyny maslahat berdiler.

Emma muňa garamazdan, döwlet baştutany golaýda ýene birnäçe gymmat bahaly myhmanhananyň, kongres zalynyň we beýleki desgalaryň guruljakdygyny habar berdi.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG