Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan 283 eýranly tussag ekstradisiýa edildi


Türme. Illýustrasiýa suraty
Türme. Illýustrasiýa suraty

Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň Azerbaýjana we Türkmenistana eden saparyndan dolanyp gelen mahaly Horasan welaýatynyň häkimi Razawi Türkmenistandaky eýranly tussaglaryň hemmesiniň türmeden boşadylandygyny habar berdi.

29-njy martda Eýranyň habar gullugy Mehr Horasan welaýatynyň häkimi Razawä salgylanyp,Türkmenistanda tussaglykda saklaýan 283 eýranlynyň “serhet gullugyna tabşyrylandygyny” aýtdy.

Ondan ozal Eýranyň bir ýerli resmisi Rohanynyň üstümizdäki hepdede Türkmenistana eden saparynda, türkmen türmelerindäki onlarça eýranlynyň boşadylmagy boýunça, iki ýurduň arasynda ylalaşyga gelnendigini bildiripdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliniň maglumatynda, ýaňy golaýda Türkmenistan tarapyndan tutulan iki bender-türkmenli balykçynyň hem boşadylandygy aýdylýar.

Horasan welaýatynyň häkimi Razawiniň sözüne görä, türkmen türmelerinden boşadylan eýranlylaryň “köpüsi sürüji”. Olaryň indiki işleri barada, Eýranyň kazyýetleri karar çykarar.

Türkmen türmelerinden boşadylan 283 eýranlynyň deregine Tähran hem eýranda saklanýan türkmenistanly tussaglary boşadar.

Bu aralykda Hassan Rohani Türkmenistana we Azerbaýjana eden saparyndan soňra demirgazyk-günorta tranzit koridorynyň ýokary “ähmiýete” eýedigini nygtady.

Habar gullugy Interfaksyň Bakuwdan bildirmegine görä, demirgazyk-günorta tranzit koridory günorta-gündogar Aziýany Azerbaýjanyň, Eýranyň we Orsýetiň demir ýollary arkaly Demirgazyk Ýewropa birikdirer.

XS
SM
MD
LG