Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistana Hytaýyň ykdysady, Orsýetiň howpsuzlyk ‘täsiri güýçli’


Türkmenistanyň kartasy

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Stratfor geosyýasy maglumatlar merkezi Orsýetiň we Hytaýyň Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda ykdysady täsiri barada 5-nji aprelde orta göwrümli syn çap etdi. Maglumatda aýdylmagyna görä, beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen deňeşdireniňde Türkmenistan has giň gerimli söwda gatnaşyklaryny Hytaý bilen ýola goýupdyr.

Umuman alanyňda, Hytaý bilen Orsýet Merkezi Aziýada ykdysady pudakda öz täsirliligini saklaýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ýola goýan söwda gatnaşyklarynyň 44 %-ni Hytaý bilen ýola goýan bolsa, onuň ykdysady kuwwatyna Orsýetiň täsiri bary-ýogy 7 %-dir. Türkmenistanyň daşar ýurtlar bilen edýän söwdasynyň özeniniň 49 % göterimini Hytaý bilen Orsýetden özge döwletler bilen ýola goýlan gatnaşyklar düzýär.

Bu diýmeklik, ykdysady taýdan Hytaý Orsýet bilen deňeşdireniňde Türkmenistanda has täsirli. Munuň şeýledigine, Türkmenistanyň öz tebigy gazyny ýeke-täk alyjy hökmünde Hytaýa satmagy, Hytaýyň özüne zerur bolan energiýa çeşmeleriniň iň agramly bölegini Türkmenistandan almagy güwä geçýär. Şeýle-de, gaz söwdasy boýunça Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda 2008-nji ýyldan bäri haýallan gatnaşyklaryň 2016-njy ýylda Russiýanyň türkmen gazyndan doly ýüz öwürmegi bilen iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryň has-da gowşamagy ujypsyz 7 %-iň sebäpleri barada pikir döredýär.

Azatlygyň eýsem, Türkmenistanda Orsýetiň täsiri Hytaýyňkydan has gowşakmy diýip beren soragyna Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer söwda we ykdysady ugurlarda Hytaýyň güýjüne ünsi çekdi. Ýöne, şol bir wagtyň özünde ol käbir pudaklarda, hususan-da howpsuzlyk pudagynda Orsýetiň Türkmenistanda gürrüňsiz has täsirlidigini aýtdy.

“Söwda gatnaşyklary babatynda, dogry, Orsýetiň örän ujypsyz täsiri bar. Ýöne beýleki käbir ugurlarda Orsýet Türkmenistanda henizem örän täsirli. Birinjiden, meselem, Hazar deňziniň kanuny statusy barada alynmaly kararlarda Orsýetiň agzyna garalýar. Ikinjilik bilen howpsuzlyk pudagy – aslynda Türkmenistan bu ugurda belki-de Orsýetiň goltumyna golaýlaşmak isleýän däldir, [ýöne bu şeýle]” diýip, Panniýer aýtdy.

Ol türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlaryna salgylanyp, Orsýetiň muňa çynlakaý garaýandygyny, hatda bu serhede “GDA-nyň Owganystan bilen serhetleşýän çägi” diýip seredýändigini aýtdy we iki ýyl mundan ozal Orsýetiň Howpsuzlyk ministri Sergeý Şoýgunyň Türkmenistana eden saparyna salgylanyp, ekspert bu ýagdaýlary Orsýetiň türkmen howpsuzlygynda oýnaýan täsirli roluna mysal hökmünde görkezdi.

Bilermen Orsýetiň Türkmenistandaky täsir güýjüniň türkmen hökümetiniň erk-islegi bilen däl-de Kremliň şeýle kesgitläni üçin ýokarydygyny aýtdy.

“Bu türkmen hökümetiniň rus täsirini saýlap almagy sebäpli däl-de, Kremliň türkmen hökümetini mejbur etmegi sebäpli şeýle” diýip, Panniýer belledi.

Eýsem, Hytaý Merkezi Aziýanyň, hususan-da Türkmenistanyň howpsuzlyk sferasyna aralaşmaga isleg bildirermi diýen sorag boýunça beren jogabynda ekspert, Hytaýyň Merkezi Aziýada edil Orsýetiň gatyşygy bilen deňeşdireniňde howpsuzlyk pudagynda rolunyň ejizdigini aýtdy.

“[Hytaý Merkezi Aziýanyň howpsuzlyk sferasyna] Orsýetiň gatyşygy bilen deňeşdireniňde has az täsir eder. Elbetde, olar Owganystan bilen Merkezi Aziýanyň araçäginiň howpsuzlygynyň aladasyny edýärler” diýip, Panniýer belledi.

Ýöne bilermen şol bir wagtyň özünde Hytaýyň Türkmenistandaky kompaniýalaryndaky adamlarynyň howpsuzlygyny, şeýle-de türkmen gazynyň bökdençsiz howpsuz ýagdaýda Hytaýa akdyrylmagynyň gazanylmagynyň “gamyny iýýändigini” aýtdy. Beýleki bir tarapdan gürrüňdeşimiz Hytaýyň Türkmenistan bilen araçäkleşmeýändigini göz öňünde tutanyňda Hytaýyň Türkmenistana howpsuzlyk boýunça gatyşygynyň esasynyň ýokdugyny aýtdy.

Söhbetdeşlige Türkmenistanyň bitaraplyk statusyny ýatladyp gürrüňe dowam edenimizde, Merkezi Aziýa boýunça ekspert kagyz ýüzünde Türkmenistanyň howpsuzlyk boýunça daşary ýurtlaryň bermäge isleg bildirýän goldawyndan ýüz öwürmäge esasynyň bardygyny, ýöne şol bir wagtyň özünde üýtgeýän şertler bilen aýakdaş gidilmelidigini belledi.

Orsýetiň Türkmenistandaky täsiri we hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalylygy boýunça sözüni jemlän ekspert şeýle diýdi:

“Kremldäki merkezi syýasy mehanizm Türkmenistan barada ähli zady bilýär; türkmen giňişligini, ýerasty baýlyklaryny we region bilen bagly ähli maglumatlary bilýärler. 100 ýyldan gowrak wagt bäri bu olaryň ýurdunyň bir bölegidi” diýip, Panniýer sözüni jemledi.

Maglumat üçin aýdylsa, Hytaý dünýäde 60-dan gowrak ýurdy öz içine alýan bahasy 1 trillion dollara barabar “Bir guşak, bir ýol” taslamasyny durmuşa geçirýär. Bu taslamanyň çägindäki käbir üstaşyr ulgamlar Türkmenistanyň çägindenem geçýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG