Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Geňeşi Orsýetiň haýyşy boýunça duşuşýar


Orsýetiň BMG-daky ilçisi Wasiliý Nebenzýa

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Orsýetiň “halkara parahatçylyga wehim” diýip, ýüz tutan haýyşy boýunça gyssagly duşuşygy meýilleşdirdi. Orsýet Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň Siriýa garşy amala aşyrmagy mümkin bolan hüjümleri sebäpli şeýle çagyryş etdi

12-nji aprelde Orsýetiň BMG-daky ilçisi Wasiliý Nebenzýa “Edil häzirki wagtda uruş howpuny gyssagly aradan aýyrmak wajyp bolup durýar” diýdi. Ýöne ol şu hepde Waşingtonyň Orsýete “gazaply” çemeleşiginiň fonunda, “Günbatar ýurtlarynyň etjek hüjümleriniň has giň gerimli çaknyşyklara ýol açmak ähtimallygyna biparh garamaly däl” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

“Dartgynlylygyň möwjemek howpy diňe bir Siriýa bilen çäklenmeýär, sebäbi ol ýerde biziň harbylarymyzam bar... Şol sebäpden ýagdaý örän hatarly” diýip, Nebenzýa aýtdy.

Siriýada Orsýetiň müňlerçe harbysy, şol sanda Hmeýmim howa bazasynda onlarça uçary bar. Şeýle-de, Ortaýer deňziniň Siriýa tarapynda 10-15 sany rus harby gämileri bar.

Nebenzýanyň kommentariýalary ABŞ-nyň Merkezi aňtaw agentliginiň direktory Maýk Pompeonyň 12-nji aprelde Kongresde çykyş edip, fewral aýynda ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň gündogar Siriýada ýerleşýän bazasyna edilen hüjümden soňABŞ-nyň guryýer goşunlarynyň we howa güýçleriniň amala aşyran hüjümlerinde “birnäçe ýüz orýsetliniň” öldürilendigini mälim etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Pompeo bu ýagdaýy “ruslaryň almytyny alýandygyna” subutnama hökmünde häsiýetlendirdi.

BMG-de göz öňünde tutulýan duşuşyk 7-nji aprelde Dumada himiki ýaraglaryň ulanylmagynda amala aşyrylandygyndan güman edilýän we 43 adamyň ölümine getiren hüjümden soň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň hepdäniň başynda ýerine ýetirilmegi tas gutulgysyz diýip ýaňzydan hüjümlerini 12-nji aprelde yza süýşürmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Tramp Twitter arkaly Orsýete “taýýarlanyber!” “raketa hüjümleri ýolda” diýip duýduryş bermeginiň ertesi güni “Men Siriýa ediljek hüjümiň wagty barada hiç zat aýtmadym. Hüjüm ýakyn wagtda amala aşyrylmagy mümkin, ýa-da o diýen ýakyn wagtda bolmazlygam mümkin” diýip ýazdy.

Tramp 12-nji aprelde Siriýadaky ýagdaýlar boýunça özüniň howpsuzlyk maslahatçylary bilen duşuşdy, şeýle-de ýagdaýlary Britaniýa hem-de Fransiýa geňeşdi. Agzalýan ýewropaly ýaranlaryň ikisi-de himiki diýlip häsiýetlendirilýän hüjüme “bilelikde gaýtawul” bermegi wada berdi.

ABŞ-nyň Goranmak sekretary Jim Mattis Dumadaky hüjüm bilen bagly subutnamany Pentagonyň henizem aýdyňlaşdyrmaga synanyşýandygyny aýtdy, ýöne Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Siriýa hökümetiniň Dumada “himiki ýaraglary ulanandygyny, olaryň iň bolmanda hlor gazyny ulanandygyny” görkezýän subutnamalaryň özlerinde bardygyny öňe sürdi.

Dumada bolan hadysany dokumentleşdirmek üçin Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça guramanyň derňew toparynyň 14-nji aprelde Duma barmagyna garaşylýar.

Mattis raketa hüjümlerini amala aşyrmak boýunça heniz kesgitli kararyň alynmandygyny aýtdy. Ol “Siriýada 7 ýylyň dowamynda öldürilen ýarym million adaty raýatyň sanynyň mundan beýläk artmazlygy” boýunça özüniň alada edýändigini belledi.

Şeýle-de ol “ýagdaýlaryň güýjäp gözegçilikden çykmazlygyny gazanmak boýunça-da” alada edýändiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG