Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Un gytçylygynyň aradan aýryljagyna “umyt azalýar”


Marydaky boş un ammary

Mary welaýatynda ilatyň ýüzbe-ýüz bolan un-çörek we iým gytçylygy dowam edýär.

Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, orak möwsüminiň golaý gelendigine seretmezden, Mary welaýatynyň ilatynyň un gytçylygynyň aradan aýryljagyna umytlary ýok. Sebäbi bu ýylky bugdaý suwsuzlyk sebäpli ýerden sähel saýlanyp, guramagyň bäri ýany bolup otyrlar.

“Bu ýyl bugdaýyň boý almanlygy sebäpli, ýerlere ekilen gallanyň ozaldan hem geregiçe kadaly ekilmändigini şu günler has hem anyklap bolýar” diýip, Ýolöten etrabynyň kärendeçileri aýdýarlar.

Özüni Hemra diýip tanyşdyran kärendeçiniň aýtmagyna görä, her ýyl hem bugdaý ekişi döwründe, ony geregiçe kadaly ekmeýärler. Tohumyň ýarysy daýhan birleşikleriniň jogapkär ýolbaşçylary tarapyndan ogurlanyp, ýere sepmeli bugdaý kadaly ekilmändir.

“Ekiş döwri ýerler geregiçe tekizlenmeýär. Köp halatda heniz hasyly hem ýygnalmadyk pagta atyzlaryna bugdaý sepilýär ýa bolmasa suwarylmadyk gury kesekli ýerlere ekilýär. Ol ekilen bugdaýyň ýarsyndan gowragyny guşlar alýar. Şeýlelikde, ýere düşen tohum her gektara ekilmeli tohumyň ýarym möçberinde hem bolmaýar. Emma ýagyn gowy bolan ýyllary, bugdaýlar suw içen ýyllary ösgün bugdaýyň içinde boş galýan ýerler kän bir göze ilmeýär. Bu ýyl bolsa suw hem bolmady, ýagyn hem az ýagyp, bugdaý geregiçe boý almansoň, bugdaý tohumynyň düşmedik ýerleri ap-ak oý bolup göze dürtülip dur” diýip, Hemra aýdýar.

Daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň eden-etdilikleri bilen ýygnalan hasyla hem döwlet tarapyndan ujypsyz baha kesilýänligi sebäpli, daýhanlarda öz kärende ýerlerine seretmäge höwes hem galmandygyny kärendeçilerden eşitse bolýar.

“Çeken zähmetiňe degenok, ýylyň-ýylyna kärende ýerimizden girdeýji alyp bilmän, boş çykýarys. Ekiş döwri hem ýa wagtynda tehnika ýetmez, ýa suw bolmaz, ýa bolmasa geregiçe dökün berilmez. Daýhan ýerine näme ekiljekdiginden, haçan ekiljekdiginden hem habarsyz galýar. Şol sebäpli ýere azap edeniňe degenok. Hemişeler bugdaý ekilende ikigapdallaýyn barana basylardy. Indi bir taraplaýyn keş çekilip traktoryň yzynda tozan turzup, her ýere bugdaýyň bir dänesi düşer ýaly, ýeriň içinden geçip gidýärler. Onuň soňy näme boljak, ýer nähili hasyl berjek, o zatlar barada ýolbaşçylaryň kellesi agramaýar. Kellesini agyrtjak kärendeçiniň sözi hem ýer almaýar” diýip, Hemra sözüne goşýar.

Häzirki un-çörek gytçylygnyň hut bugdaýyň kadaly ekilmeýänliginden gelip çykýandygyny hem kärendeçiler aýdýarlar. Obalarda adam başyna aýda berilmeli 5 kilogram uny hem kadaly alyp bolmaýar.

Bir gezek gelen un birinji sortly bolsa, ikinji gelen un 2-nji sortly bolup çykýar, käte bolsa un ýerine kepek alyp gaýdýarsyň. Bahalar bolsa dükan eýeleriniň islegine görä, näçeden hasap etseler edip durlar. Sebäbi bazadan uny dükanlara alyp gelmek üçin, öz hasaplaryna awtoulag tutýandyklaryny bahana edip, dükanyň satyjylary uny islän bahasyndan satýarlar. Döwletiň kesgitlän nyrhyndan un aljak gümanyň ýok. Şol bir wagtda bolsa, güzeran ýagdaýy kyn hojalyklaryň döwlet dükanlarynda berilýän kadadaky uny hem satyn almaga pullarynyň ýokdygy aýdylýar.

“Ilat halys garyp düşdi. Çörek puly tapman oturan hojalyklar hem bar. Döwlete degişli çörek dükanlarynda bolsa bir ele bir buhanka çöregiň satylmagy dowam edýär. Ulurak maşgalalar telim sapar nobata durup, uzakly gününi çörek dükanynyň gapysynda geçirýärler” diýip, ilatyň başyna düşen bu kynçylyklaryň soňunyň haçan geljegine göz ýetirip bilmeýändiklerini welaýat ýaşaýjylary nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG