Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni parlamenti Paşiniýanyň premýer-ministr kandidaturasyny ret etdi


Nikol Paşiniýan
Nikol Paşiniýan

Ermenistanyň parlamenti sesleriň 45/55 gatnaşygy bilen oppozision lideri Nikol Paşiniýanyň premýer-ministr kandidaturasyny ret etdi. Paşiniýana sesleriň aglaba köplügini alyp, ýeňiş gazanmak üçin sekiz ses ýetmedi.

1-nji maýda geçirilen ses berilişikden öň, häkimiýet başyndaky Respublikan partiýanyň lideri Wahram Bagdasariýan öz partiýasynyň Paşiniýana garşy ses berjekdigini mälim edipdi.

Paşiniýan muňa “partiýa öz halkyna garşy uruş yglan etdi” diýip, jogap berdi.

Ermeni kanunçylygyna görä, parlament premýer-ministri saýlap bilmedik halatynda, ikinji ses berilişik geçirilýär. Häzirki ýagdaýda onuň 8-nji maýda geçiriljekdigi yglan edildi.

Paşiniýan ses berişlikden öň kanunçykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda öňki premýer-ministr Serž Sarkisianyň häkimiýet başyndaky partiýasyny ses berişligi başa bardyrmazlyga synanyşmakda aýyplap, bu ugurda edilen her bir synanyşygyň bulagaýlyga getirjekdigini aýtdy. Serž Sarkisian özüniň geçen aý premýer-ministrlige saýlanmagyna garşy köçelerde geçirilen köpçülikleýin protestler netijesinde öten hepde wezipeden çekildi.

Paşiniýanyň ýolbaşçylygynda iki hepdeden gowrak dowam eden hökümete garşy protestler netijesinde Sarkisian premýer-ministr wezipesinden çekildi. Ol bu wezipä Ermenistana on ýyllap prezidentlik edeninden soňra gelipdi.

Möhlet çäkliligi sebäpli prezidentlikden aýrylmaly bolan Sarkisiany kanunçykaryjylar ygtyýarlygy kanuny özgerişlik netijesinde güýçlendirilen premýer-ministrlik wezipesine saýladylar.

Şondan soňra Sarkisianyň garşydaşlary protestlere başladylar. Müňlerçe ermenistanly täze sistema Moskwanyň tarapdary bolan Sarkisiana näbelli wagta çenli öňki sowet respublikasyna ýolbaşçylyk etmäge ýol açýar diýip, bu protestlere goşuldylar.

Olar şeýle hem Sarkisian bilen onuň häkimiýet başyndaky Respublikan partiýasyny korrupsiýada we halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga ukypsyzlykda aýyplaýarlar.

Paşinian parlamentde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Aralyk hökümet gurlanyndan soňra wagtyndan öň parlament saýlawlary geçirilmeli bolar. Irki saýlawlaryň mehanizmleri çalt döredilmeli. Bu saýlaw hökman bolmaly. Ol halkyň ýeňşiniň gutarnykly etapy bolar”.

XS
SM
MD
LG