Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda daşary ýurtdan getirilýän mesge ýagy gymmatlady


Aşgabadyň dükanlarynda satylýan mesge ýagy.
Aşgabadyň dükanlarynda satylýan mesge ýagy.

Türkmenistanda azyk harytlarynyň käbir görnüşleriniň tapdyrmaýandygyny, harytlaryň bahalarynyň bolsa, yzygiderli ýokarlanýandygyny görse bolýar.

“Prezident” atlandyrylýan mesge ýagynyň Türkmenistana Orsýetden getirilýändigini telekeçiler aýdýarlar. Soňky hepdeleriň dowamynda “Prezident” atlandyrylýan mesgäniň satuwda tapdyrmaýandygynyň sebäplerini hem telekeçiler dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň ýokarlanmagy bilen düşündirýärler.

“Aşgabadyň “Altyn Asyr” atlandyrylýan gündogar bazaryndan “Prezident” mesgäni gözläp hem tapyp bilmedim. Aşgabadyň “Teke bazary” bazarynda bu mesge satuwda bar ekeni. Emma, onuň bir kilogramynyň bahasy 125 manada durýan ekeni” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly pensioner Täjigözel daýza gürrüň berýär.

Orsýetde öndürilen ýokary sortly “Ekomilk” mesge ýagynyň 180 gramly gaplanan görnüşiniň 25 manada durýandygyny, ony kilo öwürseň bir kilosynyň bahasynyň 139 manada düşýändigini hem Täjigözel daýza sözüne goşýar.

“380 manat pensiýa alýaryn. Alýan pensiýamy bir aýa bölsem günüme 13 manatdan düşýär. Şu möçberdäki pensiýa bilen kilosy 125, ýa 139 manada durýan mesgäni satyn alyp bolmajagyny aýdyp hem oturmaly dälmikä diýýärin. Mesgäni ozal gözläp tapyp bilmedik bolsam, ony tapan halatymda hem bahalaryny eşidip, yzyma öwrülip gaýdyberdim. Ýarawsyzlygym sebäpli derman zerurlygy hem häli-şindi ýüze çykyp dur. Ýaşaýan jaýymyň kommunal hyzmatlary, gaza, suwa, elektrik toguna, zir-zibile tölemeli pullary tölesem diňe bir mesge däl, çörek puluma hem ýetirip bilemok” diýip, Täjigözel daýza zeýrenýär.

Ýaşaýjylar alýan aýlyklarynyň iýmite ýetmeýändiklerinden zeýrenseler, telekeçiler dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň ýokarlanmagynyň öz söwdalaryna juda ýaramaz täsirini ýetirýändiginden, söwdalarynyň ýatyp barýandygyndan nägile bolýarlar.

“Orsýetde öndürilen ýarym litrlik gaplanan iň arzan hasaplanýan “Baltika” piwosynyň söwdasyny edýärdim. Ozal onuň bir çüýşesiniň bahasy 8 manada düşýärdi. Dollaryň “gara bazarynyň” ýokarlanmagy bilen onuň bahasy hem 24 manada çenli ýokarlandy. Emma, bu bahany ilat götermedi. Piwonyň ulanyş möhletiniň geçip barýandygy sebäpli, men ony ýene-de 8 manada çenli düşürdim. Bu bolsa, meni uly zelele goýdy. Indi, men gaýdyp bu harydy getirmek planlarymy goýbolsun etdim” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran bir hususy dükanyň eýesi aýdýar.

Ilatyň aýlyk-günlükleriniň, pensiýalarynyň gündelik sarp edýän harytlaryna ýetmeýändigi, maşgalasyny eklemek üçin ownuk söwda bilen meşgul bolýan telekeçileriň bolsa, işleriniň ýatyp barýandygy bolsa ýekejede döwlet emeldarlarynyň ýadyna düşmeýändigini ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

XS
SM
MD
LG