Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdaky kwartiralarda ikinji suw ölçeýji abzaly oturtmak talap edilýär


Aşgabat şäheri. Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň “Parahat” etrapçalarynyň ýaşaýjylaryndan kwartiralarynda aňry gitse 2018-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ikinji suw ölçeýji abzalyny oturtmak talap edilýär. Bu barada Azatlygyň habarçylary maglumat berýär.

Mundan ozal, has takygy geçen ýylyň ikinji ýarymyndan başlap häkimiýetleriň ýaşaýjylardan öýlerine suw ölçeýji oturtmak barada edýän talaplary güýjedi, diýip ençeme paýtagtly Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde aýdýarlar.

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew agzalýan habarlary tassyklap, häkimiýetleriň täze girizýän düzgün-talaplary barada has giňişleýin maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, “Parahat” etrapçalaryndaky kwartiralaryň aşhanalaryna bir suw liniýasy, olaryň hajathana we hammamlaryna ikinji suw liniýasy çekilen; ynha, mundan ozal oturdylan suw ölçeýji gurallar birinji liniýa arkaly gelýän suwuň mukdaryny ölçemek üçin goýlupdyr. Häkimiýetler indi kwartiralara ikinji liniýa arkaly gelýän suw üçin hem ölçeýji oturdylmagyny talap edýärler:

“Ýaşaýyş jaýlary dolandyryş uprawleniýeleriniň işgärleri öýme-öý aýlanyp, ýa-da käbir ulurak [köp gatly jaýlaryň] girelgelerine bildiriş ýelmäp, 1-nji iýuna çenli ikinji liniýa boýunça, ýagny hajathana we hammama gelýän suw liniýasy üçin-de özbaşyna suw ölçeýji gurallaryň oturdylmalydygyny duýdurdylar. Eger-de 1-nji iýuna çenli şony oturtmasalar onda raýatlara birbada jerime salynjakdygyny, gerek bolsa şoňa barýan suw liniýasynyň kesiljekdigini dilden görkezme berdiler” diýip, aşgabatly synçy Bugaýew aýtdy.

Ol kwartiralarda suw ölçeýji enjamlaryň ikinjisini oturtmagyň hysyrdysynyň köpdügini; bu talabyň ýerli ilatyň gymmatly wagtyny alýandygyny, şol bir wagtyň özünde adamlaryň goşmaça çykdajy etmäge mejbur bolýandygyny, galyberse-de suw ölçeýji abzallary oturtmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamagyň kynçylyklydygyny gürrüň berdi.

“Suw ölçeýji gurallaryny öň 120 manada satyn alyp bolan bolsa, häzir onuň bahasy tas 350-400 manat aralygynda. Onuň daşyndan şony hasaba aldyrmak üçinem öňki ýaly “dom uprawleniýe” baranyň ýeterlik däl, bir topar ýere barmaly. Ýörite möhür goýdurmaly, dogurdanam öň ulanylmadyk täze diýip, ol ýerden resmi güwänama almaly. Çykdajy üstüne çykdajy” diýip, Bugaýew belledi.

Ol gürrüňdeşlikde, suw ölçeýji gurallary oturtmak üçin ussalara tölenýän tölegiň möçberiniň öňküliginde, ýagny 50 manatlygynda saklanyp galandygyny, ýöne ussalaryň goşmaça el hakyny soraýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Ussalaram gapdalyndan el serýärler, “meniň özüme näme [tölejek], sen 50 manady döwlete töleýäň” diýip, şunluk bilen ýitirýän wagtyň orta hasap bilen 4-5 güne çykýar, 2017-nji ýylyň ikinji ýarymynda orta hasap bilen 200 manada düzelen abzaly oturtmagyň bahasy 600 manatdan aňry geçýär” diýip, paýtagtly synçy gürrüň berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda agyz suwunyň tölegli edilmegi barada goşmaça takyk sanlar bilen maglumat beren ýerli synçy 2015-nji ýylyň 1-nji fewralynda prezidentiň karary bilen adam başyna 250 litr suwdan artyk ulanylan suwuň tölegli edilendigini, kararyň derhal 20-nji fewralda güýje girendigini, şol kararyň esasynda tölegleriň 2016-njy ýyldan başlap ýygnalandygyny, ýöne 2017-nji ýylda ýeňillikleriň doly ýatyrylmagy bilen ölçeýji gurallary oturtmak boýunça edilýän talaplaryň has-da güýjändigini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ilaty üçin niýetlenen sosial ýeňillikler, ýagny mugt gaz, suw we elektrik togy 1993-nji ýylda ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan girizilipdi we onuň 2030-njy ýyla çenli saklanmagy kanun tarapyndan berkidilipdi.

Ýurduň häzirki ýolbaşçysy G. Berdimuhamedow bu sosial ýeňillikler sistemasynyň “doly derejede netijesiz” bolandygy aýdyp, 2017-nji ýylyň noýabr aýynda ilatyň mugt gaz, suw we elektrik togy bilen üpjün edilmegini doly ýatyrdy.

“Ýeňillikler uçdantutma her birine däl, diňe sosial kömege hakykatdanam mätäçlere berilmeli” diýip, milli media serişdeleri geçen ýylyň tomsunda prezident Berdimuhamedowy sitirledi.

Gaz, suw we elektrik togunyň mugtçulygynyň ýatyrylmagyndan soň, häkimiýet wekilleri ýaşaýyş jaýlara aýlanyp, ölçeýji gurallary oturtmak talabyny güýçlendirdiler.

XS
SM
MD
LG