Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Aşgabady gorajagy aýdylan sil sowujyny soraman, egindeşlerine käýinmek bilen çäklendi


Sil gelen Aşgabat.
Sil gelen Aşgabat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji maýda, “wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, tabynlygyndaky şahsy düzümiň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin” diýip, goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewe berk käýinç yglan etdi, onuň orunbasaryny işden boşatdy.

Bu käýinç 15-nji maýda Aşgabada gelen we jaýlaryň ýerzeminlerini suwdan dolduran, köçe, ýol hereketine päsgelçilik döreden sil hadysasynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şol gün prezident dikuçarly Aşgabadyň üstünden aýlanyp, täze gurulýan desgalardaky gurluşygyň barşy bilen tanyşdy we döwlet telewideniýesiniň wideo ýazgylarynda suw basan gurluşyk meýdanlary göründi, emma resmi metbugat siliň ýetiren zyýanlary barada hiç bir maglumat bermedi.

Şeýle-de prezident hökümet mejlisinde podpolkownik Röwşen Orazmämedowy Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy wezipesinden boşatdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, ol Türkmenistanyň “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” kanunynyň 41-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda işden aýryldy.

Şeýle-de, Aşgabada gelen silden soň, gurluşyk boýunça wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe, Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewe, jemagat hojalygy ministri Myratnyýaz Abilowa, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygy Döwran Saburowa, Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Hajymyrat Hajymyradowa berk käýinç yglan edildi.

Resmi maglumata görä, olara “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” käýeldi.

Emma bu diýilýän kemçilikler we geljekde gurulýan desgalar, paýtagtyň tebigy hadysalara taýýarlygy boýunça nähili çäreleriň görüljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmen paýtagty mundan öňki ýyllarda hem sil suwlarynyň gelmegine o diýen taýynlykly bolup çykmandy. Ýerli synçylar şäheriň köçeleriniň gyrasynda goýlan suw çekijileriň sähel güýçli gelen ýagyş suwlaryna tap getirip bilmeýändigini we netijede ýol hemýanýol gurluşyklarynda ýol berlen kemçilikleriň üstüniň açylýandygyny gürrüň berýärler.

Şol bir wagtda, türkmen hökümetiniň maslahatlarynda Aşgabady dünýäniň iň bir döwrebap, ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek barada yzygiderli gürrüň edilýär we bu iş üçin millionlarça dollar serişde goýberilýändigi aýdylýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, geçen ýylyň sentýabrynda, Ahal we Balkan welaýatlaynyň käbir obalaryna gelen silden soň, hökümet mejlisinde Aşgabady sil suwlaryndan goramak hakynda hem gürrüň edildi.

Şonda TDH-nyň habar bermegine görä, Aşgabadyň günorta bölegine sil suwlarynyň inmeginiň öňüni almak maksady bilen, Oba we suw hojalygy ministrliginiň “Türkmensuwylmytaslama” instituty hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hünärmenleri topogeodeziýa gözleg işlerini geçirip, degişli hasaplamalary hem-de desganyň şekil taslamasyny taýýarlady.

Taslama laýyklykda, Köpetdagyň eteginden we şäheriň uzaboýuna uzynlygy 33 kilometr bolan sil akabasyny gurmak, sil suwunyň akyp gelýän uly jarlaryny akaba birikdiriji desgalary, akabanyň awtomobil we demir ýollary bilen kesişýän ýerlerinde köprüleri bina etmek teklip edilýär.

“Sil suwunyň Garagum derýasyna düşmeginiň öňüni almak üçin göwrümi 15 million kubmetr bolan sil suwlaryny jemleýji aýratyn howdan gurlar” diýip, habarda aýdylýar we bu ýerde toplanan suwuň soň ekin meýdanlaryny suwarmak üçin peýdalanyljagy bellenilýär.

Emma bu taslamanyň häzir nähili ýagdaýdadygy aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG