Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýimpaş” söwda we täjirçilik merkezleriniň binalary sökülýär

Aşgabatda öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň binasynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň düzümine girjek sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini döretmek boýunça işler başlandy.
Aşgabatda öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň binasynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň düzümine girjek sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini döretmek boýunça işler başlandy.

Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen “Ýimpaş” söwda merkeziniň we “Ýimpaş” täjirçilik merkeziniň binalary sökülip başlandy.

Binalary sökmeklik Türkmenistanyň “Ajaýyp gurluşyk” firmasyna ynanylan bu söwda merkezi 2016-njy ýylyň ahyrynda ýapylyp, onuň işi doly togtadylypdy.

Читайте также на русском

“Altyn Asyr Türkmenistan” saýtynyň maglumatlaryna görä, “Türk Holding” kompaniýasynyň guran “Ýimpaş” täjirçilik merkezi atlandyrylýan binasynyň Türkmenistanyň sport we syýahatçylyk milli institutynyň edara jaýyna berlendigi, “Ýimpaş” söwda merkeziniň binasynyň ýerinde bolsa sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary üçin 5 gatly umumy ýaşaýyş jaýynyň, dynç alyş zolagynyň, awtoduralganyň, konferensiýa zalynyň, muzeýiň, türgenleşik üçin binanyň guruljakdygy barada habar berlipdi.

Käbir soňky maglumatlara görä bolsa “Türk Holding” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen bu söwda we täjirçilik merkezlerini 30 ýyl möhlet bilen ulanmaga hukuklydygyna salgylanyp, binanyň gurluşyk materiallarynyň sökülip, ony “Türk Holding” kompaniýasyna gaýtaryp berilmeginiň talap edilýändigi barada halk içinde gürrüňler ýaýrapdy.

Şu ýylyň aprel aýynyň ortalaryna bolsa, “Ajaýyp gurluşyk” atlandyrylýan Türkmenistanyň gurluşyk firmasy tarapyndan bu söwda we täjirçilik merkezleriniň daşyna haýat aýlandy.

Aşgabatly ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, häzirki wagtda bu binalaryň içi dolulygyna sökülip başlanypdyr.

"Ýimpaş" sökülýär

Aşgabatda öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň binasynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň düzümine girjek sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini döretmek boýunça işler başlandy.
1/9 Aşgabatda öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň binasynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň düzümine girjek sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini döretmek boýunça işler başlandy.
Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkezi sökülip başlandy.
1999-njy ýylda açylan “Ýimpaş” söwda merkezi we onuň ýanyndaky täjirçilik merkezi türkmen häkimiýetleri tarapyndan 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ýapylypdy.
2/9 1999-njy ýylda açylan “Ýimpaş” söwda merkezi we onuň ýanyndaky täjirçilik merkezi türkmen häkimiýetleri tarapyndan 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ýapylypdy.
Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkezi sökülip başlandy.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şonda türkmen häkimiýetleri “Ýimpaş” söwda merkeziniň we täjirçilik merkeziniň türkiýeli resmilerini türk dini ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşigi bolmakda aýyplady.Emma bu aýyplamalar türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç haçan resmi derejede yglan edilmedi, ýöne inkär hem edilmedi.
3/9 Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şonda türkmen häkimiýetleri “Ýimpaş” söwda merkeziniň we täjirçilik merkeziniň türkiýeli resmilerini türk dini ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşigi bolmakda aýyplady.Emma bu aýyplamalar türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç haçan resmi derejede yglan edilmedi, ýöne inkär hem edilmedi.
Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkezi sökülip başlandy.
1999-njy ýylda açylan “Yimpaş” söwda merkezi 20,000 m2 ýapyk meýdanda ýerleşýär. 2007-nji ýylda ulanyşa berlen “Yimpaş Täjirçilik” merkezi 18,000 m2 meýdany eýeläp, onda jemi 64 sany daşary ýurt we ýerli şereketleriň edaralary ýerleşýärdi.
4/9 1999-njy ýylda açylan “Yimpaş” söwda merkezi 20,000 m2 ýapyk meýdanda ýerleşýär. 2007-nji ýylda ulanyşa berlen “Yimpaş Täjirçilik” merkezi 18,000 m2 meýdany eýeläp, onda jemi 64 sany daşary ýurt we ýerli şereketleriň edaralary ýerleşýärdi.
Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkezi sökülip başlandy.
Söwda merkez alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedi.
5/9 Söwda merkez alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedi.
Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkezi sökülip başlandy.
Sökülen gurluşyk enjamlarynyň arzan bahadan satyn alnyp, ýurduň beýleki künjeklerine äkdilýändigi barada hem maglumatlar bar.
6/9 Sökülen gurluşyk enjamlarynyň arzan bahadan satyn alnyp, ýurduň beýleki künjeklerine äkdilýändigi barada hem maglumatlar bar.
Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkezi sökülip başlandy.
7/9
Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkezi sökülip başlandy.
. Sekiz gatly “Ýimpaş” täjirçilik merkezinde Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ozalky “Ýimpaş” söwda merkeziniň jaýynda bolsa, sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.
8/9 . Sekiz gatly “Ýimpaş” täjirçilik merkezinde Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ozalky “Ýimpaş” söwda merkeziniň jaýynda bolsa, sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkezi sökülip başlandy.
9/9
Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkezi sökülip başlandy.
Previous slide
Next slide

Bu ýumrulyşyklarda işleýän gurluşykçylaryň aýtmaklaryna görä, sökülip alynýan gurluşyk materiallary Aşgabat şäherinde bar bolan etraplaryň, ýaşaýyş jaý ulanyş trestleriniň ammarlaryna daşalmaly edilipdir. Emma sökülip alynýan materiallaryň aglabasy bikanun ýollar bilen Aşgabadyň golaý-goltum obalaryna daşalyp, ol gurluşyk materiallaryny satyn almaga isleg bildiren alyjylara satylýar.

Hiç bir ýerinden mizemedik enjamlaryň goparylyp, döwülip-ýenjilip zaýalanyşyny göreniňde, "Adamzat nädip aklyndan azaşmaýarka" diýen pikir kelläňe rahatlyk bermeýär. Döwlete näçe çykdaýjy bolýar. Soňky ýyllaryň dowamynda şeýle ýumrulşyklar sebäpli ýurt çökdi. Ykdysady çökgünligiň aňyrsy görünmeýän halatynda hem, ýenede bu ýumrulşyklar dowam edýär.

Bu binalaryň sökülip aýrylmagynyň göz öňünde tutulmagy bilen, soňky on ýyllykda agzalýan binalar bilen ýanaşyk gurlan Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş edarasynyň we Senagatbankyň şahamçasynyň täze binalary hem şu ýylyň ýanwar, fewral aýlarynda söküldi.

Gurulmagy göz öňünde tutulýan täze awtoduralga barada gürrüň edilse-de, “Ýimpaş” söwda merkeziniň günbatar böleginde ozal gurlan awtoduralga hem ýakynda sökülip aýryldy diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Häzirki wagtda edilýän weýrançylyklary göreniňde bolsa, bu zatlaryň aňyrsynda rehimsizlik bilen halk emlägine kast edilýändigini açyk aýtsaň bolýar diýip, mundan ozal hem Gagarin köçesiniň ugrunda gurlan köpriniň sökülip onuň täzeden gurulmagy bilen, ozalky halkara aeroportynyň ýumrulyp, onuň ýerinde täze aeraportyň gurulmagy bilen, Aşgabat şäherinde başgada şuňa meňzeş onlarça binalaryň wagşylyk bilen ýok edilmeginiň esasynda, halk emlägine näçe mukdarda zelel ýetendigini häkimiýetlerden başga bilýän adamynyň ýokdugyny, ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Şeýle gümürtik ýagdaýlarda bolsa “Ýimpaş” söwda we “Ýimpaş” täjirçilik merkezleriniň ýumrulmagy dowam edýär.

XS
SM
MD
LG