Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda häkimiýetler Odnoklassnikide goýlan ‘laýka’ garşy göreşýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynda Azatlygyň gepleşiklerini, onuň websaýtyny we sosial media hasaplaryny yzarlaýan adamlary yzarlaýar. Gizlinlik şertlerinde Azatlyk bilen gatnaşyk saklaýan welaýatdaky habarçymyz agzalýan ýagdaýlar sebäpli soraga çekilen bir türkmenabatly bilen gürrüňdeş boldy. Onuň 1-nji iýunda ýetiren habaryna görä, häkimiýetler döwlet monopoliýasyna alternatiw maglumatlara “teşne” raýatlara hatda “türme” haýbatyny-da atýarlar.

Gelip gowuşýan habarlardan çen tutulsa, häkimiýetler ýurtda ykdysady krizisiň höküm sürýän wagty, halkyň duçar bolýan gündelik labryny jemgyýetçilige ýetirip, adamlary ykdysady, syýasy we sosial taýdan özlerine zerur bolan habarlardyr täzelikler bilen üpjün edýän Azatlygyň maglumatlaryna gyzyklanma bildirýän raýatlara howp abandyrýana meňzeýär.

“Öňňin meni Türkmenabadyň häkimligine çagyryp, soraga çekdiler. Sebäbi men Odnoklassnikide Azatlyk Radiosyna tomaşa edýärdim. Olar maňa “türmä basarys” diýip haýbat atdylar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli öz familiýasynyň efirde Hudakulow diýip tutulmagyny soran türkmenabatly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Olarda meniň Azatlygyň sahypasynda paýlaşylan maglumatlara we fotosuratlara goýan “laýklarymyň”, ýagny halan materiallarymyň sanawy bar ekeni” diýip, Hudakulow sözüniň üstüni ýetirdi.

Häkimiýetleriň raýatlaryň internetdäki işjeňligine, hatda olaryň “laýka”, ýagny “haladym” düwmesine basýanlara garşy göreşe girişendigi barada peýda bolýan habarlar, Türkmenistanda raýatlaryň maglumat almak hukuklarynyň çäklendirilip-çäklendirilmeýändigi dogrusynda türkmen resmileriniň öňe sürýän argumentlerine gabat gelmeýär.

BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň 7-nji maýda Ženewada Türkmenistanyň adam hukuklaryna syn boýunça geçiren nobatdaky diňlenişiginde türkmen resmileri ýurtda Internetiň doly erkindigini, ondan millionlarça adamyň azat peýdalanýandygyny, radikal ekstremizmi ündeýän saýtlardan özge maglumat çeşmeleriniň asla petiklenmeýändigini öňe sürdi.

Türkmenistanda petiklenen saýtlara nädip girmeli?
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:46 0:00

Azatlyk öz websaýtynyň çelgilerine Psiphon ulanmak arkaly girýänleriň tordaky hereketleriniň howpsuzlygynyň üpjün edilendigini ýatladýar. Bu programmany ulanyp, websahypalara we sosial hasaplara girýänleri Ýörite gulluklaryň anyklamak mümkinçilikleri çäklidir.

Psiphon goşundysyndan peýdalanmak üçin ony kompýutere ýa-da telefona gurnamaly. Bu goşundyny ulanmagyň usullary barada maglumat berýän wideony Azatlygyň saýtyndan tapmak mümkin.

Täze tehnologiýalar boýunça halkara hünärmenler Psiphon goşundysynyň petikli saýtlara girmek mümkinçiligini döredýändigini nygtaýarlar. Türkmenistanly bir ýaş tilsimat höwesjeňi “Psiphon ulanyp petikli saýtlara girensoň, bu barada özüň dil ýaraýmasaň, ony anyklamak kyn” diýýär.

Lebaply häkimiýetleriň sosial torlardaky “laýklara” garşy göreşiniň netijelerini çaklamak mümkin bolmasa-da, synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanda resmiler “syýasy durnuklylygyň, halkyň mizemez agzybirliginiň, jebisliginiň we onuň asuda, döredijilikli zähmetiniň” üpjün edilmelidigini aýdyp, dürli pikirlilige we tankydy çemeleşmelere garşy göreşi wagtal-wagtal güýçlendirýär. Onlarça türkmenistanlynyň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermeklerine görä, ýurtda ykdysady krizis çuňlaşyp, ýiteldigiçe häkimiýetler krizis bilen göreşmegiň deregine, krizis baradaky maglumatlaryň ýaýramagyna garşy has “erjel” göreşýärler.

Azatlyk Radiosyny Facebook, YouTube, Twitter, Odnoklassniki we VKontakte sosial ulgamlarynda yzarlamak; şeýle-de, onuň bilen telefon belgileri, elektron salgylary we Telegram goşundysy arkaly habarlaşmak mümkindir.

XS
SM
MD
LG