Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýyllyk sessiýasynda ýurduň ykdysadyýetine optimistik baha berip, günbatary tankytlady


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin döwlet tarapyndan dolandyrylýan ýyllyk sorag-jogap sessiýasyny geçirýär we ýurduň çar künjeginden göni liniýalar arkaly berilýän soraglara ençeme sagatlap jogap berýär.

7-nji iýunda başlanan Göni liniýa ýaýlymy, Putin garşydaşlary tarapyndan galplaşdyryldy diýilýän we halkara synçylarynyň halka hakyky saýlaw üçin mümkinçiligiň döredilmändigini aýdýan saýlawda ýeňiş gazanyp, dördünji gezek alty ýyl möhlet bilen täzeden prezidentlige kasam edeninden bir aý soň geçirilýär.

Putin sessiýasyna ykdysadyýetde optimistik kartinany suratlandyrmak bilen başlap, ykdysadyýetde iki ýyl dowam eden yza gaýdyşdan soň, “biz dogry ugra tarap hereket edýäris, ýöne henizem ep-esli problemalar bar” diýdi.

Putin täze prezidentlik möhletinde amala aşyrmagy planlaşdyrýan tutumly ykdysady maksatlarynyň arkasyndaky käbir detallary düşnükli aýtmaga synanyşyp, Umumy içerki önümiň ösüşiniň, çykdajylaryň has akylly-paýhasly amala aşyrylmagynyň we salgydyň has netijeli salynmagynyň Orsýete badalga bermegini umyt edýändigini belledi.

“Biz durnukly ykdysady ösüşiň traýektoriýasynda. Hawa, bu aram, çäkli ösüş, ýöne ol aşaklamaýar” diýip, Putin aýtdy. Orsýetiň Merkezi banky 2018-nji ýylda ýurtda ösüşiň 1,5%-den 2%-e çenli boljakdygyny çaklaýar.

Şeýle-de, Putin sorag-jogap sessiýasynda ýurduň Ministrler Kabinetinde uly üýtgetmeleri geçirmekden saklanmagy baradaky kararyny goramaga synanyşyp, hökümeti “arassalamak” gymmatly wagty ýitirmek bolardy diýdi we onuň häzirki düzümini “optimal” diýip häsiýetlendirdi. Tankytçylar Putiniň bu kararynyň ýurtda ykdysady reformalary amala aşyrmaga ujypsyz mümkinçilik berjekdigini aýdýarlar.

Ýurtda benziniň bahasynyň gymmatlamagy barada alada bildirip, özüniň ýük ulagyndan jaň eden sürüjiniň soragyna Putin ýagdaýyň “kabul ederliksiz” bolandygyny aýtdy.

Soňra-da ol orsýetlileri gymmatlamalary çäklendirmek üçin hökümetiň ähli çäreleri görýändigine ynandyrmak maksady bilen, efire öz ofislerinde oturan ýurduň energetika ministri Aleksandr Nowagy we premýer-ministriň orunbasary Dmitriý Kozagy getirdi.

Putin öňem birnäçe gezek edişi ýaly, Birleşen Ştatlary we beýleki günbatar ýurtlaryny Orsýeti yza çekmäge synanyşmakda aýyplady. Ol günbatar döwletleriniň Orsýetiň Ukraina goşulyşmagy we beýleki meseleler babatynda sanksiýalary girizmegine bu ýurtlaryň Orsýetiň güýçli ösmegi babatyndaky egoistik aladalarynyň sebäp bolandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de, Putin günbatar ýurtlarynyň Orsýeti özlerine “howp” we bäsdeş ýaly görýändigini aýdyp, sanksiýalaryň we tankytlaryň öz ýurduny çäklendirmäge gönükdirilendigini hem belledi.

“Men her bir döwletiň öz bähbitleriniň, şol sanda ykdysady bähbitleriniň bardygyna düşünýärin. Ýöne olar egoistik ýol bilen üpjün edilmeli däldir. Orsýet hem ykdysady, hem-de goranmak taýdan öz bähbitlerini goramagy gürrüňsiz dowam etdirer. Biz partýorlarymyz bize garşy girizilen çäreleriň peýdasyz we netijesizdigine düşünýänçä öz bähbitlerimizi goramagy dowam etdireris” diýip, Putin aýtdy.

XS
SM
MD
LG