Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Normand formatynyň’ duşuşygynda Ukraina konfliktiniň maslahat edilmegine garaşylýar


Germaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Ukrainanyň daşary işler ministrleri gündogar Ukrainadaky konflikt barada pikir alyşmak maksady bilen 11-nji iýunda Berlinde duşuşýarlar.

“Normand formaty” ýa “Normandi dörtlügi” diýlip atlandyrylýan toparyň gepleşiklerinde esasy tema konfliktli zonada Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk missiýasyny ýerleşdirmek meselesi bolar diýlip çaklanýar.

BMG-niň parahatçylyk missiýasynyň gündogar Ukrainada ýerleşdirilmegini ähli taraplar goldaýarlar, ýöne onuň mandaty hakda özara ylalaşyk ýok.

Germaniýa bilen Fransiýa Birleşen Milletler Guramasynyň harby birlikleriniň Orsýet tarapyndan goldanylýan pitneçileriň kontrollygyndaky ähli regionlarda, şol sanda Ukraina-Orsýet serhedinde-de ýerleşdirilmegini isleýärler. Emma Orsýet bu pikire garşy çykýar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Haýko Maas 11-nji iýunda duşuşygyň öň ýanynda, Germaniýanyň “Bild” gazetine beren interwýusynda özüniň gepleşikleri täzeden janlandyrmagyň aňsat boljagyna garaşmaýandygyny aýtdy.

Ol: “Ukraina bilen Orsýetiň bähbitleri we garaýyşlary köp regionlarda biri-birinden gaty tapawutly” diýdi.

2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen ukrain güýçleriniň arasynda bolan uruşda 10300-den gowrak adam öldi.

Konfliktli zonada atyşyklary bes etmek boýunça edilen tagallalar köplenç netijesiz galdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 6-njy iýunda bir beýannama çykaryp, Ukrainadaky taraplary 2015-nji ýylda gelnen parahatçylyk ylalaşygyny gaýtadan oňlamaga çagyrdy. Geňeş şeýle hem gündogar Ukrainadaky ýaramaz ýagdaýyň “aşa alada” döredýändigini aýtdy.

Fransiýa we Germaniýanyň başlangyjy bolan beýannama bilen Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 agzasynyň hemmesi, şol sanda Orsýetde ylalaşdy.

Fransiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi François Dellattre “prezidentiň beýannamasynyň näme üçin möhümdigini bir delili” Orsýetiň ylalaşmagy diýdi.

Belarusyň paýtagty Minskde 2015-nji ýylda gol çekilen parahatçylyk ylalaşygy duşmançylykly hereketleriň gowşamagyna ýol açdy. Ýöne BMG-niň syýasy meseleler baradaky başlygy Rozemary DiKarlonyň 29-njy maýda Howpsuzlyk Geňeşine aýdyşy ýaly, “belli bir derejä çenli köşeşen ýagdaý 2018-nji ýylyň deslapky hepdelerine çenli dowam etse-de, aprel we maý aýlarynda ýene ýitileşip, pidalaryň sany köpeldi”.

“Howpsuzlyk ýagdaýy öňküsi ýaly gowşaklygyna galýar. Adam öldürmek, weýrançylyk, çekilýan agyr ejir-azap dowam edýär... gündogar Ukraina çynlakaý gumanitar krizis bilen ýüzbe-ýüz bolup dur” diýip, DiKarlo aýtdy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy konfliktde parahat ilatdan ölenleriň sanynyň indi 2700-e çenli artandygyny, 9 müň adamyň ýaralanandygyny aýdýar.

Ýurduň öz içinde öý-öwzaryndan jyda düşen adamlaryň sany 1.6 million diýip çaklanýar. Bu bolsa, Ýewropada şular ýaly ýagdaýa düşen iň uly topardyr. Dünýä möçberinde alanyňda 10-njy orunda durýar.

Gündogar Ukrainada özara duşmançylykly güýçleriň arasyndaky 457 kilometrlik liniýada 5 kilometrlik giňişlikde ýarym milliondan agdyk parahat ilat ýaşaýar. Olara taraplaryň arasynda bolýan atyşyklar, ýerde ýerleşdirilen minalar howp salýar.

“Arabaglanyşyk liniýasynyň töweregindäki region dünýäde mina bilen zaýalanan regionlaryň arasynda üçünji orunda durýar” diýip, DiKarlo aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG