Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Kim bilen geçiren duşuşygynda ‘örän köp üstünligiň’ gazanylandygyny aýtdy


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen geçiren 45 minutlyk duşuşygynda koreý ýarymadasyny ýadro ýaraglaryndan saplamak babatyndaky gepleşiklerde “ägirt uly üstünlik” gazanyljakdygyny çaklapdy.

12-nji iýunda irden Singapuryň gymmatbaha kurortynda geçirilen taryhy ýygnakdan soň, Tramp duşuşyk barada özüniň näme pikir edýändigini soran žurnalistlere: “Men özümi örän gowy duýýaryn. Bu ajaýyp duşuşyk bolar we men [bu duşuşykda] ägirt uly üstünlik gazanylar diýip pikir edýärin” diýdi.

“Men bu örän üstünlikli bolar diýip pikir edýärin we meniň pikirimçe biziň ajaýyp gatnaşyklarymyz bolar. Men bu babatda hiç hili şübhe etmeýärin” diýip, Tramp aýtdy.

Iki lideriň arasynda birnäçe sagat dowam eden gepleşiklerden soň, Tramp ýakynda özüniň we Kimiň takyk aýdyňlaşdyrylmaýan ylalaşyga gol goýjakdygyny hem yglan etdi.

Tramp, Kim taryhy sammitde duşuşdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:35 0:00

“Örän köp progres bar – örän pozitiw. Meniň pikirimçe kimdir biriniň garaşanyndan hem has gowy. Çyzygyň ýokarysy örän gowy. Biz indi gol çekmäge barýarys” diýip, Tramp aýdanlaryny takyklaşdyrmady.

Kim bilen geçiren ikiçäk gepleşiginden soň, Tramp: “Biz häzirki pursada çenli çözülmedik uly problemany, uly dilemmany çözeris. Men bilelikde işläp, muny çözjegimizi bilýärin” diýdi.

Kim Trampa Demirgazyk Koreýanyň lideri üçin adaty bolmadyk beýanat bilen jogap berdi.

“Bu ýere çenli gelmek aňsat bolmady. Geçmişde köne tejribeler we öňpikirler bize garşy hereket edip, biziň ýolumyza ençeme böwetleri ýerleşdiripdi. Ýöne biz bularyň ählisini ýeňip geçdik we biz bu gün şu ýerde” diýip, Kim Tramp bilen geçiren duşuşygynyň başynda aýtdy.

Beýleki tarapdan, Kim “köp adamlar muny ylmy-fantastik filmden alnan fantaziýa sahnasy diýip pikir eder” diýdi.

Iki lideriň duşuşygyndan soň, olar öz kärdeşleriniň gatnaşmagynda bir ýarym sagat dowam eden ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Bu gepleşikler Tramp we Kim Singapuryň Sentosa adasyndaky gymmatbaha kurortda bilelikde günortanlyk naharyny iýmezinden öň geçirildi.

12-nji iýunda irden geçirilen duşuşygyň yz ýany, Tramp bilen Kimiň 13-nji iýunda yzyna dolanmak planlarynda üýtgeşikligiň bardygy ýa-da ýokdugy barada hiç zat aýdylmady.

XS
SM
MD
LG