Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýaly futbol janköýerleri Wolgograda baryp başladylar


Wolgogradda britaniýanyň futbol janköýerleri surata düşýärler. 17-nji iýun, 2018 ý.

Britaniýanyň futbol janköýerleri öz komandalarynyň Dünýä futbol çempionatyndaky ýaryşy üçin Orsýetiň Wolgograda baryp başladylar. Olar bu ýerde orsýetli we britaniýaly futbol janköýerleriniň arasynda ozal ençeme gezek turan çaknyşyklara garamazdan gyzgyn garşylandy.

Wolgogradyň 280 million dollara gurlan stadionynda Angliýa 18-nji iýunda ýerli wagt bilen agşam sagat 9-da Tunis bilen güýç synanyşar. Wolgograd Arenasy Ikinji Jahan urşunda Stalingrad söweşinde Sowet Soýuzy bilen Germaniýanyň arasynda söweşiň bolan esasy ýerleriniň birinde ýerleşýär. Bu söweşde 2 million çemesi adam öldi.

Janköýerleriň käbiri 17-nji iýunda gelen hem bolsa, Angliýany goldaýan 5 müň adamyň köpüsiniň 18-nji iýunda gelerine garaşylýar.

Käbir synçylar britaniýaly janköýerleriň gelmeginiň iki toparyň arasynda ozal turan gazaply hereketleriň täzeden tutaşmagyna getirmegi mümkin diýip alada bildirdiler.

2016-njy ýylda Ýewropa çempionatynda britaniýaly we orsýetli janköýerleriň arasynda Fransiýanyň Marseille şäherinde gazaply çaknyşyklar bolupdy.

17-nji iýunda Wolgograda baran janköýerleriň käbiri Moskwadan otly bilen bardylar. Bu bolsa 20 sagatlyk ýol.

Janköýerleriň ikisi 3800 kilometrlik ýol aşyp, tigir bilen bardy. Jamie Marriot bilen Mitçell Jones 25-nji maýda Emsworth şäherinden ýola düşüp, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň we Ukrainanyň üsti bilen Wolgograda bardylar.

Angliýanyň Futbol goldawçylary federasiýasynyň işgäri Tomas Konkannon: “Britaniýaly janköýerler bu oýun üçin resmi taýdan Angliýanyň Futbol bileleşiginiň üsti bilen 2200 bilet aldylar. Ýöne biz beýleki bölümlerden başga-da alanlar bardyr diýip çaklaýarys” diýdi.

Konkannon dawa-jenjel turar diýip pikir edenok. Ol muny hem britaniýaly janköýerleriň 2016-njy ýylda Marseillede geçen oýunlardakydan has azdygy we Wolgograda gitmegiň harajatynyň ýokarydygy bilen delillendirýär. Galyberse-de, Wolgogradda howpsuzlyk çäreleri aşa güýçli.

‘Hemmeler aýdym aýdyp tans edýärler’

Britaniýanyň “Guardian” gazeti şäherde polisiýa işgärleriniň sanynyň artdyrylandygyny we harby işgärleriň komandanyň galýan myhmanhanasynyň töwereginde partlaýjy maddalary gözleýändigini ýazdy.

Britaniýaly janköýerler özleriniň gyzgyn garşy alynandyklaryny aýdýarlar.

“Öten agşam biz daşarda şu barda bolduk. Ynanar ýaly däl, hemmeler aýdym aýdyp, tans etdiler. Orslar bize wodka berdiler, hemmeler bize kömek etmäge synanyşdy” diýip, 55 ýaşly Naýjel Booth aýdýar.

“Sky News” telekanalynyň habarçysy Enda Bradi hem: “Ýerli halk bu ýerde myhmanlara kän öwrenişmändir, iňlisçe bilýänler gaty az. Ýöne şonda-da adamlar ylgap gelip, biziň bilen elleşdiler, gürleşdiler, täze stadionlary hakda sorag berdiler” diýdi.

79 ýaşly orsýetli janköýer Wýaçeslaw: “Dawa-jenjel asla bolmaz, biz ähli zady doly ýola goýduk, dawa-jenjel hiç kimiň bähbidine däl” diýýär.

Şäheriň häkimi Andreý Kosalapow: “Biziň angliýaly janköýerler bilen dawa-jenjelimiz bolanok, bolar diýip hem garaşamyzok. Wolgograd asudalyk şäheridir” diýýär.

Ak patyşanyň döwründe “Tsartsyn” diýip atlandyrylan şäheriň ady 1925-nji ýylda sowet režimi tarapyndan şol wagtky lider Iosif Staliniň hormatyna üýtgedildi.

1942-1943-nji ýyllarda geçen Stalingrad söweşi nasistik Germaniýa bilen bolan uruşda sowetleriň gaýduwsyzlyk alamatyna öwrülip, uruşda öwrülişik nokady boldy.

Şäheriň ady 1960-njy ýyllaryň başlarynda Wolgograd diýip üýtgedildi.

18-nji iýunda Dünýä futbol çempionatynyň beýleki ýaryşlarynda Nižny Nowgorodda Günorta Koreýa bilen Şwesiýa, Soçide hem Belgiýa bilen Panama güýç synanyşar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG