Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran gepleşigi taşlap çykdy, Orsýet we Saudy Arabystany nebit önümçiligini artdyrmakda goldaw tapýar


Eýranyň nebit ministri Bižan Zanganeh
Eýranyň nebit ministri Bižan Zanganeh

Eýranyň nebit ministri gara altynyň önümçiligini ep-esli artdyrmak boýunça Orsýet bilen Saud Arabystanynyň öňe sürýän teklibi boýunça geçirilýän gepleşiklerden çekildi.

Eýranyň nebit ministri Bižan Zanganehiň 21-nji iýunda Wenada geçirilýän duşuşygy taşlap çykyp gitmegi, Orsýet bilen OPEK nebit karteliniň önümçiligi günlük 1 million barrel möçberinde artdyrmak boýunça teklip edýän ylalaşygyna kölege salýar. Önümçiligi artdyrmak teklibi toparyň 2016-njy ýylda ony azaltmak barada gelen ylalaşygyndan bäri ilkinji gezek hödürlenýär.

“Men ylalaşarys öýdemok” diýip, Zanganeh ýygnagy taşlap çykan wagty aýtdy.

Eýranyň “Seda” neşiriniň ýazmagyna görä, Zanganeh degişli taraplara ABŞ-nyň Eýrana garşy girizýän sanksiýalarynyň üstümizdäki güýz güýje girmegi bilen önümçiligi artdyrmak boýunça hödürlenýän teklibiň özlerine oňaýsyz täsir etjekdigini aýdypdyr.

OPEK-däki çeşmeleriň aýtmagyna görä, Zanganeh ýygnagyň yzýany ýaýradylmaly beýanatda ABŞ-nyň sanksiýalarynyň agzalmagyny talap etdi. Nebtiň bahasynyň birden ýokarlanmagy bilen bagly Tähran ABŞ-ny aýyplaýar.

Saud Arabystany we Pars aýlagynda ýerleşýän beýleki döwletler ABŞ-nyň Eýrana garşy täzeden sanksiýa girizmegini goldap çykyş etdiler.

Zanganehiň gepleşikden çekilmeginden soňra Saud Arabystanynyň energiýa ministri Halid el-Falih Orsýet bilen Saud Arabystanynyň nebit önümçiligini günlük 1 million barrel möçberinde artdyrmak barada eden bilelikdäki teklibini nebit önüdiriji ýurtlaryň aglaba köplüginiň goldap çykyş edýändigini aýtdy.

Moskwa bilen Orsýet OPEK-iň Hytaý, Hindistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly nebit sarp edýän ýurtlaryň isleglerini nazara almalydygyny aýtdy.

“Biz müşderilerimiziň sesine gulak gabartmaly” diýip, Falih belledi.

Ýöne Eýran özüne garşy täzeden sanksiýalary güýje girizýän Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň topara edýän basyşlaryna garşy durmaga çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň noýabr aýynda Eýrana garşy girizilen sanksiýalary täzeden ýola goýmagy, onuň günlük 4 million barrele barabar bolan nebit önümçiligini 1/3 möçberinde azaldar.

Eýrandan tapawutlylykda, Orsýet bilen Saud Arabystany önümçiligi artdyrmaga doly ukyply diýip, synçylar belleýär.

Soňky wagtlarda Wenezuellada, Libýada we Angolada önümçiligiň bökdelmegi global nebit üpjünçiligini günlük 1 million barrel möçberinde kemeltdi diýip, Falih belledi.

Ýylyň ikinji ýarymynda dünýä günlük 1.8 million barrel möçberinde nebit üpjünçilik defisitini başdan geçirer, muňa çäre görüp deňagramsyzlygy aradan aýyrmak OPEK-iň boýnunyň borjudyr diýip, Falih sözüne goşdy.

“Biz 2007-2008-nji ýyllardaky ýaly oňaýsyz ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almaly” diýip, Falih belledi. Agzalýan döwürde önümçilikde dörän bökdençlik nebtiň 1 barreliniň 150 dollardan satylmagyna getirdi we munuň netijesinde nebit pudagy on ýyllap ejir çekdi.

21-nji iýunda OPEK-iň duşugyna gatnaşan rus energiýa ministri Aleksandr Nowak nebit bazarynyň 2008-nji ýyldaky ýaly gyzyşmagynyň öňüni almak “örän wajypdyr” diýdi.

Nowak Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligine beren interwýusynda ýygnakdan soň Eýran bilen ylalaşyk gazanmak ugrunda özüniň duşuşyp biljekdigini aýtdy.

Falih önümçilik bilen bagly Wenezuellada, Eýranda we Libýada ýüze çykýan bökdençliklere düşünýän äheňde “her ýurduň önümçiligi artdyrmak teklibine” goşulmaga mümkinçiliginiň ýokdugyny kabul edýändigini aýtdy.

OPEK guramasyna agza ýurtlar 22-nji iýunda geçiriljek ýygnakda teklibiň durmuşa geçirilmegi bilen bagly mehanizmiň işini kararlaşdyrarlar diýip, Falih sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG