Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkda adam öldürmekde aýyplanýan özbegistanly erkek “Yslam döwleti” ekstremist toparyny taryplaýar


Saýfullo Saipowyň sud wagtynda çekilen suraty
Saýfullo Saipowyň sud wagtynda çekilen suraty

Nýu-Ýork şäherinde ýük maşyny bilen sekiz adamy öldürmekde aýyplanan özbegistanly immigrant sud diňlenişiginde “Yslam döwleti” ekstremist topary baradaky pikirini aýtdy.

Sudýanyň öz aýdan zatlarynyň özüne garşy ulanylyp biljekdigini duýdurmagyna garamazdan, Saýfullo Saipow 22-nji iýunda, terjimeçiniň üsti bilen, “bu ýerde gelnen kararlar meniň üçin möhüm däl. Olar allanyň kararlary däl” diýdi. “Yslam döwleti” ýer ýüzünde şerigat kanunyny (yslam kanunçylygy) ornaşdyrmak üçin uruş alyp barýar” diýip, ol aýtdy.

Ol bu urşuň ýer ýa-de nebit üçin alnyp barylmaýandygyny, eýsem ‘ýer ýüzünde şerigaty ornaşdyrmak üçin” alnyp barylýandygyny aýtdy.

Saipowyň adaty bolmadyk geplemsekligi 10 minut çemesi dowam etdi. Ol “geljekde” has-da kän zat aýdyp biljekdigini sözüne goşdy.

Saipow ozal kanuny ýerine ýetiriji agentlere özüniň geçen oktýabrda ýük maşynyny kireýine alyp, ony Nýu-Ýorkdaky goşa diňiň duran ýeriniň golaýynda tigir ýodasyndan barýan pyýadalary öldürmekde ulanmak üçin YD tarapyndan hyjuwlandyrylandygyny gürrüň berdi.

Ekstremist topar 31-nji oktýabrda bolan hüjümiň yz ýanyndan Saipowy “halyfatyň esgeri” hökmünde häsiýetlendirdi.

Sudda aýdan zatlarynyň günäsini boýun almak hökmünde kabul edilmäk ähtimallygy sebäpli, Saipow birnäçe minut soň öz aklawçysynyň üsti bilen özüni adam öldürmekde günäli hasaplamaýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň etrap sudýasy Vernon Broderick Saipowyň sözüni bölüp, onuň konstitutsion hukuklaryny, şol sanda sudda aýdýan zatlarynyň özüne garşy geçirilýän sud seljerişliginde ulanylyp biljekdigini okap berdi.

“Men muňa düşündim, emma men bu barada düýpden alada etmeýärin” diýip, Özbegistanda doglan, emma Birleşen Ştatlara immigrasiýa eden we ABŞ raýaty bolan Saipow aýtdy.

XS
SM
MD
LG