Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň günorta-günbatarynda protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy


Eýranyň Abadan şäherinde adamlar agyz suwunyň ýetmezçiligine protest geçirýärler.
Eýranyň Abadan şäherinde adamlar agyz suwunyň ýetmezçiligine protest geçirýärler.

Ýerli medianyň habarlarynda Eýranyň günorta-günbatar welaýatynda agyz suwunyň ýetmezçilik etmegi sebäpli protest geçirýän ýüzlerçe demonstrantlar bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyk turandygy aýdylýar.

Döwletiň eýeçiligindäki habar gullugy IRNA 30-njy iýunda Tähranyň takmynan 650 kilometrliginde ýerleşýän Horramşäher şäherine ýygnan protestçileriň Eýran häkimiýetlerine garşy şygar berip gygyryşandygyny aýtdy.

Habar gullugynyň bellemegine görä, protestçiler polisiýa işgärlerini daşlap başlanlaryndan soň, howpsuzlyk gulluklary demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gaz ulanypdyrlar.

Bulagaýlyk gijäniň bir wagtyna çenli dowam edipdir.

Protestlerden alnyp, sosial ulgamda ýaýradylan wideolarda tüpeň sesi eşidilýär. Horramşäher goňşy şäher Abadan bilen birlikde ýaňy golaýda demostrasiýalaryň geçen ýeridir.

Wideolaryň hakykydygyny anyklamak entek başardanok.

1-nji iýulda döwlet telekanaly Horramşähere “asudalygyň gaýdyp gelendigini”, şeýle-de sany anyklanmadyk protestçileriň tussag edilendigini habar berdi. Ýene-de şol ýerde käbir protestçileriň elinde ýaraglaryň bolandygy aýdylýar.

Resmilere salgylanylyp, berlen maglumatlarda gazaply hereketlerde bir protestçiniň we birnäçe polisiýa işgäriniň ýaralanandygy bellenýär.

Üstümizdäki ýylyň başlaryndan bäri Eýranda agyz suwunyň ýetmezçiligi sebäpli birnäçe gezek protest turdy.

Mysal üçin, 20-nji we 23-nji iýunda Abadan şäheriniň ýüzlerçe ýaşaýjysy şäher häkimiň edarasynyň öňünde, şeýle hem şäheriň suw we kanalizasiýa edaralarynyň daşynda ýagdaýa närazylyk bildirip, üýşmeleň geçirdiler.

Huzestan welaýatynyň resmileri ýene birnäçe hepdeden täze suw geçiriji doly işläp başlanyndan soňra Horramşähr we Abadan şäherinde suw ýetmezçiliginiň soňuna çykmagy wada etdiler.

Tankytçylar nebite baý welaýatda soňky ýyllarda dörän guraklyk bilen birlikde häkimiýetleriň geleňzisligi derýalaryň suwlarynyň, şeýle hem ýerasty suwlaryň azalmagyna getirdi diýýärler.

Horramşährde bolan protestler ýurduň kynçylykly ykdysadyýeti sebäpli Tähranda 24-nji iýundan başlap üç gün dowam eden domontrasiýalardan soňra bolýar.

Tähranda bolan üýşmeleňlerde parlamentiň öňünde polisiýa bilen dikleşen protestçiler-de boldy, polisiýa güýçleri protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulandylar.

Häkimiýetler Uly bazary-da wagtlaýyn ýapdylar. Bu ýerdäki söwdagärler ýurduň milli puly rialyň hümmetiniň aşa peselmegini tankytlap çykyş edipdiler.

XS
SM
MD
LG