Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp NATO ýaranlaryna "ABŞ-nyň lapykeçliginiň artýandygyny" duýdurdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

“New York Times” gazetiniň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO ýaranlarynyň birnäçesine, şol sanda Belgiýanyň, Kanadanyň, Germaniýanyň we Nowegiýanyň liderlerine hat iberip, olaryň goranyş üçin edýän çykdajylarynyň juda azdygyny aýdypdyr.

Gazetde 2-nji iýulda çap edilen habarda iýun aýynda iberilen “ýiti sözli” hatlarda Tramp olaryň harby ýaranlykda howpsuzlyk boýunça öz üstlerine alan borçlaryny ýerine ýetirmeýandikleri üçin Birleşen Ştatlaryň lapykeçliginiň barha artýandygyny duýdurypdyr.

Tramp NATO ýaranlarynyň goranyş üçin edýän çykdajysy olaryň içki önümçilikleriniň ylalaşylan iki prosentinden bärde diýip, agza ýurtlary häli-şindi diýen ýaly tankytlap gelýär.

Birleşen Ştatlar bilen onuň ýakyn ýaranlarynyň arasyndaky dartgynlyk NATO-nyň 11-12-nji iýulda Brýusselde geçjek sammitiniň öňýanynda ýokarlap başlady. Tramp bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin arasynda planlaşdyrylan sammit hem bu duşuşykdan soňra, ýagny 16-njy iýulda Helsinkide geçer.

NATO-nyň baş sekretarynyň syýasy işler boýunça orunbasarynyň kömekçisi Jaýmes Appathurai 2-nji iýulda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde “bu günler syýasaty öňünden çaklamak az-kem kynrak” ýöne goranyş harajaty hakda aýdanyňda “ýaranlaryň ählisi dogry tarapa öwrülip gelýärler” diýdi.

“Birleşen Ştatlar prezident Trampyň ýolbaşçylygynda Ýewropanyň goranyşy üçin gerekli çykdajyny 40 prosent artdyrdy. Ýewropalylar hem öz gezeginde goranyş üçin köp işler edýärler, NATO üçin aşa köp işler. Şeýlelikde biziň aýdara gowy habarymyz bar”.

Hatyň käbir böleklerini “New York Times” gazeti bilen paýlaşan adamyň aýtmagyna görä,

Tramp Germaniýanyň kansleri Angela Merkele iberen hatynda şeýle diýipdir: “Kontinentiň ykdysadyýeti, şol sanda Germaniýanyň ykdysadyýeti-de gowy we howpzuzlyk kynçylyklary köpkä Birleşen Ştatlar Ýewropanyň goranyşy üçin köp serişde goýbermegi dowam etdirýär”.

Amerikan prezidenti: “Biz muny mundan artyk çekip bilmeris. Barha artýan lapykeçlik diňe ýerine ýetiriji bölüm bilen çäklenenok. Birleşen Ştatlaryň Kongresi-de aladalanýar” diýip, duýduryş beripdir.

“New York Times” gazetindäki habarda bellenmegine göre, Tramp tarapyndan NATO-nyň beýleki agzalaryna, şol sanda Kanadanyň, Norwegiýanyň we Belgiýanyň premýer-ministlerine iberilen hatlarda hem şu pikirler beýan edilýär.

29-njy iýunda Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki sammitiniň gyrasynda beýanat beren Belgiýanyň premýer-ministri Çarles Mişel Trampyň NATO-nyň sekiz ýewropaly agzasyna hat iberip, olara goranyş çykdajylary üçin öz üstlerine alan borçlaryny ýetirine ýetirmegi aýdandygyny bildirdi.

Habar gullugy AFP diplomatik çeşmelere salgylanyp, bu sekiz ýurduň Belgiýany, Italiýany, Ispaniýany, Portugaliýany, Lýuksemburgy, Norwegiýany we Gollandiýany öz içine alýandygyny aýtdy.

“Bular ýaly hat maňa köp täsir edenok. Belgiýa goranyş harajatynyň sistemalaýyn aşaklamagyny togtatdy, ol harby operasiýalara köp gatnaşýar” diýip Mişel aýtdy.

Merkel hem Germaniýanyň NATO-nyň çykdajy baradaky borçnamlaryny 2024-nji ýyldan bärde ýerine ýetirip bilmejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG