Birleşen Ştatlaryň Eýranyň nebit eksportyny togtatmak baradaky synanyşyklary sebäpli, Amerika bilen Eýran birek-birege duýduryş berýärler. Tähran Pars aýlagyndan geçýän nebit tankerleriniň öňüni almak bilen bu herekete özüniň jogap berip biljekdigini aýtdy.
Bu dalaş 4-nji iýulda başlandy. Şonda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Awstriýanyň lideri bilen Wenada duşuşanynda Birleşen Ştatlaryň sanksiýa planlaryna jogap edip, Tähranyň Pars aýlagyndaky goňşy ýurtlar bolan Arap Emirliklerinden, Kuweýtden we Yrakdan gelýän nebit ýükleriniň öňüni bökedejekdigini duýdurdy.
“Amerikanlar Eýranyň nebit eksportyny peseldip, nola ýetirmegi isleýändiklerini aýdýarlar ... Bu olaryň munuň netijeleri hakda oýlanmandyklaryny görkezýär” diýip, Rohani belledi.
Bu beýanatdan soňra Yslam rewolýusiýasy sakçylarynyň ýokary derejeli bir serkerdesi Rohanini taryplap, elita harby toparyň onuň bu syýasatyny amala aşyrmaga taýýardygyny aýtdy.
General-maýor Kasym Soleýmany Rohana iberilen we döwlet habar gullugy IRNA tarapyndan çap edilen hatda: “Akyl-paýhasly we edil wagtynda eden beýanatyň üçin seniň eliňi ogşaýaryn. Yslam Respublikasy üçin bähbitli her bir syýasaty ýerine ýetirmek üçin men seniň hyzmatyňda” diýip ýazdy.
Rohaniniň beýanatlary Birleşen Ştatlaryň öten hepde beren duýduryşyna garşy gönükdirilýär. Waşington Amerikanyň Eýran baradaky sanksiýalary 4-nji noýabrda güýje gireninde Eýrandan nebit importirlemegi togtamagy ýa-da Birleşen Ştatlaryň mümkin maliýe jeza çäreleri bilen ýüzbe-ýüz bolmagy aýdyp, dünýäniň bütin döwletlerine duýduryş berdi.
Rohani öz beýanaty hakda jikme-jik maglumat berenok. Ýöne Eýran resmileri Amerikanyň Tähranyň garşysyna gönükdirilen her bir hereketine jogap hökmünde Hormuz bogazyny baglamagy aýdyp, geçmişde haýbat atyp geldiler. Dünýäniň dürli ýurtlaryna daşalýan nebitiň uly bölegi Hormuz bogazyndan geçýär.
Pentagon Eýranyň beýanatlaryna jogap berip, bu aşa ähmiýetli suw ýoluny açyk saklajakdygyny aýtdy.
Amerikan armiýasynyň merkezi komandasynyň metbugat wekili kapitan Bill Urban 4-nji iýulda “Associated Press” habar gullugyna beren interwiýusynda Amerikanyň harby deňiz güýçleriniň we regional ýaranlarynyň “erken gämi gatnawyny we söwdanyň erkin akymyny, halkara kanuny nirede ýol berýan bolsa, kepillendirmäge taýýar durandygyny” aýtdy.
Rohani Wenadaka Birleşen Ştatlaryň Eýranyň möhüm nebit eksportyny togtatmak boýunça edýän tagallasyny, şeýle hem Amerikadan abanýan sanksiýa howpuny “jenaýat we agressiýa” diýip, atlandyryp, ýewropaly ýolbaşçylary bulara garşy durmaga çagyrdy.
Ol ýewropaly liderler Eýranyň dünýäniň güýçli döwletleri bilen baglaşylan ýadro geleşiginden peýdalanmagyny dowam etdirmegini “kepillendirmeli”, bu bolmasa, Eýranyň-da Birleşen Ştatlaryň maý aýynda edişi ýaly, ylalaşykdan çekilmegi mümkin diýip, duýduryş berdi.
Germaniýanyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň - geleşige gol çekişen üç ýewropa döwleti - liderleri ylalaşygy öz güýjünde saklamagy wada etseler-de, Amerika tarapdan abanýan sanksiýa howpunyň özleriniň Tährana kepillik bermegini kynlaşdyrýandygyny aýtdylar.
Amerika Eýrandan nebit alýan Ýaponiýa we beýleki aziýa ýurtlaryna-da bu işi togtatmaklary üçin basyş edýär.
Ýöne “Kýodo” habar gullugynyň 4-nji iýulda bildirmegine görä, Tokýo ýapon ykdysadyýetine zyýan ýetirmezden, Eýrandan alynýan nebitiň mukdaryny azaldyp ýa kesip bolmajakdygyny Waşingtona aýdypdyr.
“Kýodo” şol bir wagtda-da ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abeniň şu tomus Eýrana etmegi planlaşdyrylan saparyny Waşingtonyň Tähranyň garşsysyna öňe sürýän sanksiýalary sebäpli goýbolsun edendigini aýtdy.