Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň öňki premýer ministri korruspiýa işi boýunça 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Nawaz Şarif

Pakistanyň korrupsiýa garşy sudy ýurduň ozalky premýer ministri Nawaz Şarifi, onuň Londondaky gymmat bahaly jaýlardan satyn almagy bilen bagly gozgalan iş boýunça 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi diýip, prokuror Sardar Muzaffar Abbas aýtdy.

Şeýle-de Abbas suduň agzalýan emläkleriň konfiskasiýa edilmegi barada höküm çykarandygyny mälim etdi.

6-njy iýulda Milli hasabat beriş sudy birnäçe gezek yza tesdirilen bu karary kabul etdi.

Häzirki wagtda Londonda syrkaw aýalyna seredýän Şarifiň şikaýat suduna arz etmegine garaşylýar. Ol mundan ozal özüniň Londondan Pakistana dolanyp gelýänçä suduň agzalýan hökümi yza süýşürmegini haýyş edipdi.

2017-nji ýylda ýurduň Ýokary sudy deklarasiýa edilmedik emläkleri sebäpli 67 ýaşly Şarifi premýer ministrlik wezipesinden çetledip, ony syýasatdan ömürlik uzaklaşdyrypdy.

Onuň parlamente dalaş edýän gyzy Marýam 7 ýyl tussaglyga höküm edildi diýip, Pakistanyň media serişdeleri habar berýär. Marýama Şarifiň syýasy mirasdüşeri hökmünde garalýardy.

Kazyýet Şarifiň giýewisi Safdar Awany 1 ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdi.

Mundan ozal Şarif kazyýetde özüne garşy gozgalan işleri syýasy matlaply häsiýetlendiripdi.

Şarifiň maşgalasy emläkleri kanunyň çäginde satyn alandyklaryny aýdýar. Ýöne Milli hasabat býrosy maşgalanyň agzalýan emläkleriň töleglerini haýsy ýollar bilen amala aşyrandygyny düşündirip bilmändigini aýdýar.

Şarifiň Pakistanyň musulman ligasy partiýasy kazyýetiň kararyny ozalky lidere edilen adalatsyzlyk häsiýetlendirip ret etdi.

“Biz kazyýetiň bu günki kararyna garşy ähli kanuny ýollara we konstitusion mümkinçiliklere ýüz tutarys” diýip, partiýanyň ýolbaşçysy Şabaz Şarif çykyş etdi.

Tolgunyşygyň öňüni almak üçin häkimiýetleriň Yslamabatdaky Federal adalat binalar toplumyna barýan ýollary petikländigi we şol töwerekde jemgyýetçilik ýygnanyşyklaryny gadagan edendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG