Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa günbatar Balkan döwletlerine berýän maliýe kömegini artdyrjakdygyny aýdýar


Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maý.
Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maý.

Britaniýa günbatar Balkan döwletlerine “eden öňegidişliklerine abanýan howplary jylawlamaklary”, aýratyn-da, guramaçylykly jenaýatçyga we neşe gaçakçylygyna garşy alyp barýan göreşleri üçin olara berýän maliýe kömegini iki essä golaý artdyrjakdygyny aýdýar.

Bu beýanaty ýurduň premýer-ministri Teresa Maý (Theresa May) Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilmegi planlaşdyrylan 2018 günbatar Balkanlar sammitinden bir gün öň, ýagny 9-njy iýulda etdi.

Bu sammite alty günbatar Balkan döwletleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieki ýaly regiona degişli däl ýewropaly şahsyýetleriň-de gatnaşmagyna garaşylýar.

Günbatar Balkan regiony Albaniýany, Bosniýany, Kosowony, Makedoniýany, Montenegrony we Serbiýany öz içine alýar.

Planlaşdyrylan duşuşyk günbatar Balkan döwletleri bilen Ýewropa Bileleşgine degişli ýurtlar arasyndaky gatnaşyklary täzeden janlandyrmak maksady bilen 2014-nji ýylda döredilen Berlin proseseniň çäginde geçýär.

Britaniýanyň aýtmagyna görä, sammitde regionyň ykdysady durnuklygyny artdyrmak, howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we syýasy hyzmatdaşlygy aňsatlaşdyrmak ýaly meselelere garalar.

Plan boýunça Britaniýa geljek mart aýynda Ýewropa Bileleşiginden çykýar. Ýöne Maý berlen soňky wadalar hökümetiň region barada öz üstüne alan “hemişelik borjunyň” bir alamatydyr diýdi.

“Durnukly we howpsuz günbatar Balkanlar regionynyň Ýewropa üçin hem köp durnuklylygy we howpsuzlygy aňladýandygyny taryh görkezýär” diýip, Maý aýtdy.

Ol Britaniýa region üçin goýberýän maliýe kömegini 107 million dollara ýetirer, şeýle-de guramaçylykly jenaýatçy toparlara garşy göreş üçin regionda iş alyp barýan howpsuzlyk işgärleriniň sanyny köpelder diýdi.

Iki ýyllyk döwür, ýagny 2020-21-nji ýyllar üçin göz öňünde tutulan bu serişde 2018-19-njy ýyllardakydan 41 million funt sterling ýokarydyr.

Britaniýanyň goşmaça howpsuzlyk işgärleri “çylşyrymly howpzulyk kynçylyklary, aýratyn-da guramaçylykly jenaýat we neşe gaçakçylygy bilen baglanyşykly meseleler barada hem” regiona kömek eder diýlip, britan hökümeti tarapyndan çykarylan beýannamada aýdylýar.

Beýannamada şeýle hem “Albaniýa ýaly günbatar Balkan ýurtlaryndan gelýän” guramaçylykly jenaýatçylygyň “Beýik Britaniýada hem giňden ýaýrandygy” bellenýär.

Goýberilýän serişde kiber başarnygyny güýçlendirmek, şol sanda kanun goraýjy güýçleriň arasynda informasiýa alyp-çalyşmak boýunça hem regiona peýdaly bolar.

Ýugoslawiýanyň dargamagy netijesinde 1990-njy ýyllarda dörän konfliktlerde ýitirim bolan 12 müň adamy “tapmak we kimdigini anyklamak” barada iş alyp barýan guramalary goldamak üçin hem ýörite serişde bellener.

Britaniýa şeýle hem ýagdaý ýaramazlaşan halatynda günbatar Balkanlara girmegi aňsatlaşdyrmaga gönükdirilen Strategik ätiýaçlyk güýçleriň möhletini hem ýene bir ýyl uzaltjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG