Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Putin bilen geçirjek sammitinden nämelere garaşmaly


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Hamburgda duşuşýar

18 aý mundan ozal Birleşen Ştatlaryň prezidenti wezipesine girişen Donald Tramp 16-njy iýulda Helsinkide Wladimir Putin bilen ilkinji gezek giň gerimli duşuşyk geçirýär. “Orsýetde bu hepde” atly rubrika bu sammitden nämeler garaşylmalydygy barada maglumat taýýarlady.

Ilki bilen bu ýygnakdan nämelere garaşylmaly däldigini belläp geçmeli, ýagny bu ýygnakdan giň möçberli hem-de özara ygrarly borçnamalar bilen şertlendirilen ylalaşyklara garaşmaly däldir.

Näme üçin?

Sebäbi beýle ylalaşyk Putin üçin zerur däl. Trampyň garşydaşlary, hatda onuň öz administrasiýasy Putini Birleşen Ştatlaryna we Günbatara garşy zyýanly hereketlere baş goşmakda aýyplaýan wagty, Tramp agzalýan ylalaşyklaryň hötdesinden gelip bilmez diýip çak edilýär.

Wajyp mesele ýok

Rus prezidenti üçin duşuşygyň geçirilmeginiň özi üstünlikdir, sebäbi; Kreml özüne garşy sanksiýalaryň güýçlendirilýän wagty hem-de Moskwanyň ABŞ-daky saýlawlara gatyşandygy baradaky çaklamalaryň derňelýän wagty, heniz Trampyň möhleti soňlanmazdan, duşuşmagy umyt edýärdi. Bu sammit ahyrsoňy Putine öňki Sowuk söweşiň güýçli döwletiniň baştutany bilen bir stoluň başynda, onda-da Helsinkide duşuşmaga mümkinçilik döredýär.

Trampyň Findlýandiýadaky duşuşygy, onuň öz prezidentlik kampaniýasynyň Orsýet bilen dildüwşükli hyzmatdaşlyk edip etmändigi baradaky soraglaryň, şeýle-de onuň mundan ozal Putini magtamagynyň, ýa-da bolmasa günbatarly ýaranlaryň bu duşuşygyň Birleşen Ştatlaryň däl-de esasan Moskwanyň peýdasyna boljakdygy baradaky aladalarynyň fonunda bolup geçýär.

Sammitiň özenini düzýän adaty bolmadyk atmosferanyň iň görnetin alamaty barada Nýu Ýorkdaky bir žurnalda çap edilen makalada gürrüň edilýär. Ol makalada şeýle sorag berilýär: “Birden Tramp 1987-nji ýyldan bäri Orsýetiň “gymmatly hazynalaryndan” biri bolan bolaýsa nätjek?”

Duşuşykda Putin üçin anyk ýitgi hasaplanmaýan islendik waka üstünlik ýaly bolup görüner, Tramp bolsa göze dürtülip duran takyk ýeňiş gazanmasa, bu ýagdaý onuň tankytçylarynyň gözünde uly ýeňliş hasaplanar. Şonuň üçin bu sammitde ygrarly borçnamalar bilen şertlendirilen ylalaşyk gazanylmaz” diýip, Orsýetiň Wedomosti gazetinde çap edilen analizde aýdylýar.

“Elbetde, bu sammitden ABŞ bilen SSSR-iň liderleriniň arasynda 1986-njy ýylda geçirilen duşuşkda gazanylan üstünliklere garaşyp bolmaz. Ne Putin Gorbaçýow, ne-de Tramp Regan” diýip, analizde Sowuk söweşiň iň bir öwrümli duşuşygyna salgylanylýar.

“Halkara prahatçylyk üçin Karnegi merkeziniň” synçylary hem bu sammitden üýtgeşik zada garaşmaly däl diýen netijä geldiler. “Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary täzeden ýola goýmak boýunça bar bolan mümkinçilikler örän azdyr, şeýle-de Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky häzirki ýagdaýlar şeýleliginde galar” diýip, merkeziň synçylary belleýär.

Taraplaryň ikisi-de duşuşykdan edilýän tamalary kadalaşdyrmak üçin çäre gördüler.

Tramp bilen gepleşikleri gurnamak işleriniň çäginde Moskwa sapar eden milli howpsuzlyk maslahatçysy Jon Bolton Putin bilen geçiren duşuşygyndan soňra eden çykyşynda: “sammitiň geçirilmeginiň özi netijedir” diýdi. 12-nji iýulda eden çykyşynda Tramp bu sammitiň “ýönekeý ýygnakdan ybarat boljakdygyny”, “ondan köp zada garaşmaýandygyny” aýtdy.

Synçylar sammitiň dowamynda Krymyň anneksiýa edilmegi baradaky meseleleriň, Siriýadaky ýagdaýlaryň, iki ýurduň ýadro ýaraglary baradaky gepleşikleriň, şeýle-de Moskwanyň ABŞ-da geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy baradaky çaklamalaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny çaklaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG