Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, Putin ABŞ bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklary düzetmek boýunça 'ilkinji ädimleri ätdiler'


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. 16-njy iýul, 2018 ý. Helsinki
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. 16-njy iýul, 2018 ý. Helsinki

Prezidentler Donald Tramp we Wladimir Putin Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasyndaky ýiti dartgynlaşan gatnaşyklary düzetmek boýunça özleriniň "ilkinji ädimleri ädendigini" aýdýarlar. Bu barada Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň prezidentleri Tramp mundan 18 aý ozal wezipä girişeli bäri iki ýurduň arasynda geçirilýän ilkinji sammitde çykyş etdiler.

Putin 16-njy iýulda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide geçirilen gepleşikleri örän üstünlikli we peýdaly" diýip häsiýetlendirip, özüniň we Trampyň beýleki ýarag kontrollygyny, Siriýadaky we Ukrainadaky konflikti, söwda we beýleki meseleleri maslahat edendigini aýtdy.

Putin dört sagatdan gowrak wagt dowam eden gepleşiklerden soň geçirilen bilelikdäki metbugat konferensiýada çykyş edip, Trampyň Orsýetiň 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen we özüniň wezipä gelmegine sebäp bolan saýlawlara goşulyşmagy diýilýän meseläni gozgandygyny aýtdy we Moskwanyň oňa goşulyşmandygy baradaky sözlerini tekrarlady.

Putin habarçylaryň beren soragyna jogap berip, özüniň Trampyň ýeňiş gazanmagyny isländigini, sebäbi respublikanlaryň dalaşgäriniň Moskwa bilen gatnaşyklary düzetmäge isleglidigi barada çykyş edendigini aýtdy.

Tramp özüniň kampaniýasy bilen Orsýetiň arasynda haýsydyr bir ylalaşygyň bolandygy baradaky aýyplamalary ret etdi.

Şeýle-de, Tramp özüniň Putin bilen duşuşmak baradaky kararyny gorap çykyş edip, "diplomatiýanyň" möhümdigini we Moskwa bilen "öndümli dialogyň" Birleşen Ştatlar, Orsýet we dünýäniň beýleki ýurtlary üçin gowudygyny aýtdy.

Sammitden öň geçirilen gepleşiklerde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň “adatdan daşary, üýtgeşik gatnaşygynyň boljakdygyna” we “Orsýet bilen oňuşmagyň erbet zat däl-de, gowy zatdygyna” ynanýandygyny aýtdy.

“Meniň pikirimçe, dünýä biziň oňuşýandygymyzy görmek isleýär” diýip, Tramp Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň hyzmatdaşlyk etmegi üçin “beýik mümkinçilikleriň” bardygyna ynanýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, ol Sowuk urşuň iki uly döwletiniň ýadro arsenalyny çäklendirmek boýunça ylalaşyga gelmegi hem umyt edýändigini, Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň dünýädäki ýadro ýaraglarynyň 90 prosentine eýeçilik edýändigini aýdyp, “biz munuň bilen bagly bir zatlar edip bileris diýip umyt edýäris” diýdi.

Tramp 15-nji iýulda Helsinkä bardy.

Bu duşuşyk Sowuk urşy döwründen bäri Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň iň bir dartgynlaşan mahalyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG