Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp Rohanä ABŞ-a ‘hiç haçan’ gaýtadan haýbat atmazlygy duýdurdy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Eýranyň prezidenti Hassan Rohanä Birleşen Ştatlara “hiç haçan” gaýtadan haýbat atmazlygy duýduryp, bu gaýtalansa, onda onuň “mundan öň taryhda hiç haçan bolmadyk derejede ejir çekip biljekdigini duýdurdy”.

Trampyň 22-nji iýul güni giçlik “Twitter” sosial ulgamynda uly harplar bilen ýazan tweeti, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýranyň häkimiýetini ýiti tankyt edenden we Rohani Trampa Tährana garşy duşmançylykly syýasaty amala aşyrmagy bes etmegi duýdurmagyndan birnäçe sagat soňa gabat geldi.

“Amerika Eýran bilen parahatçylykda bolmagyň ähli parahatçylygyň enesidigini, Eýran bilen uruşmagyň ähli uruşlaryň enesidigini bilmelidir” diýip, resmi IRNA habar gullugy Rohaniniň 22-nji iýulda eýranly diplomatlaryň ýygnanyşygynda aýdan sözlerini sitirledi.

Trampyň tweetinde şeýle diýilýär: “Eýranyň prezidenti Hassan Rohanä: BIRLEŞEN ŞTATLARA HIÇ HAÇAN GAÝTADAN HAÝBAT ATMA ÝA-DA SEN MUNDAN ÖŇ TARYHDA HIÇ HAÇAN BOLMADYK DEREJEDE EJIR ÇEKERSIŇ”.

“BIZ MUNDAN BEÝLÄK SIZIŇ ÝOWUZLYK WE ÖLÜM BARADAKY AKYLSYZ SÖZLERIŇIZE ÇYDAJAK ÝURT DÄLDIRIS. ÄGÄ BOLUŇ!”.

Eýranyň Basij güýçleriniň komandiri Gholam Hossein Gheibparwar Trampyň ýazan tweetini “psihologik uruş” diýip, ret etdi.

“Ol Eýrana garşy islendik herekete het edip bilmez” diýip, ýarym-resmi ISNA habar gullugy Gheibparwaryň aýdan sözlerini sitirledi.

“Biz hiç haçan rewolýusion prinsiplerimizden we ynançlarymyzdan dänmeris” diýip, ol “Eýranyň halkynyň we ýaragly güýçleriniň duşmanlara garşy durjakdygyny we boýun egmejekdigini” sözüniň üstüne goşdy.

Eýranyň resmi IRNA habar gullugy Trampyň Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň aýdanlaryny “göçürýändigini”, ýagny gaýtalaýandygyny aýtdy. Şeýle-de, maglumatda 2015-nji ýyldaky ýadro gepleşikleri döwründe Zarifiň günbatar ýurtlaryny “Eýranlylara hiç haçan haýbat atmazlyk” barada duýdurandygy habar berildi.

Trampyň tweeti, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýranyň ýokary dini lideri Aýatollah Ali Hameýnini we teokratik hökümetdäki beýleki yslamçy dini liderleri “ikiýüzli mukaddes adamlar” diýip tankyt edenden iki sagat soňa gabat geldi.

Kaliforniýada eden çykyşynda Pompeo köp adamlar tarapyndan – Eýranyň döwlet dolandyrylyşyndaky Hameneýi we beýlekiler bilen deňeşdirilende – aram hasaplanýan Rohanä we Zarife hem söz bilen hüjüm etdi.

Şeýle-de, Pompeo Birleşen Ştatlaryň Eýranyň, onuň sözlerine görä, “mafia” hökümetine garşy diplomatik, harby we maliýe basyşlary artdyrjakdygyny we muny goldajakdygyny wada berdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugynyň, ýagny Radio Fardanyň Pompeonyň çykyşy barada makala taýýarlan habarçysynyň aýtmagyna görä, onuň bilen söhbetdeş bolan eýranly amerikanlar ABŞ-nyň diplomatynyň aýdanlaryny we onuň Eýranda adam hukuklarynyň bozulmalary baradaky çykyşyny “gyzgyn” garşy aldylar.

Germaniýa Rohani bilen Trampyň arasyndaky duýduryşlara reaksiýa bildirip, iki tarapy hem çydamly bolmaga çagyrdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Kristofer Burger 23-nji iýulda Berlinde žurnalistlere beren maglumatynda: “Biz dialogy we gepleşikleri goldaýarys we biz ähli taraplary çydamlylyk we ritorik ýaragsyzlandyrma görkezmäge çagyrýarys” diýdi.

Eýrana garşy has berk halkara pozisiýasynyň amala aşyrylmagyna yzygiderli çagyrýan Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Trampyň Tährana eden duýduryşlaryna gowy baha berdi.

“Men düýn prezident Tramp we döwlet sekretary Pompeo tarapyndan Eýran režiminiň agressiýasyna garşy beýan edilen berk pozisiýa gowy baha beresim gelýär” diýip, Netanýahu kabinet ýygnagynyň başynda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG