Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda geçýän dartgynly saýlawlarda onlarça adam öldürildi


Kwettada bolan partlamadan soň bombadan halas ediş topary wakanyň bolan ýerini barlaýar 25-nji iýul, 2018
Kwettada bolan partlamadan soň bombadan halas ediş topary wakanyň bolan ýerini barlaýar 25-nji iýul, 2018

Pakistanyň Kwetta şäherindäki saýlaw uçastoklarynyň açylmagynyň yzýany amala aşyrylan janyndan geçeniň hüjüminde onlarça adam öldürildi. Pakistanda geçirilýän saýlawlarda galplyga ýol berilýändigi barada öňe sürülýän çaklamalar oňa kölege salýar.

25-nji iýulda geçirilýän saçlawlarda oppozisiýa lideri Imran Hanyň Tehriki Insaf (PTI) partiýasy bilen tussaglykdaky öňki premýer-ministr Nawaz Şarifiň “Pakistanyň musulman ligasy - Nawaz” (PML-N) partiýasy bäsleşigiň başyny çekýär.

Bulujystan welaýatynyň administratiw merkezi bolan Kwetta şäherindäki saýlaw uçastogyna edilen janyndan geçeniň hüjüminde 31 adam öldi, hem-de 35 adam ýaralandy diýip, Pakistanyň howpsuzlyk gulluklary we saglyk resmileri aýtdy.

Ençeme adamyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy barada peýda bolýan habarlar, hüjümde ölenleriň sanyny artdyrar diýen howatyrlanmalary döredýär.

Partlama wakanyň bolan ýerinde şaýat bolan žurnalist, hüjümiň ýapyk saýlaw uçastogyň daşynda amala aşyrylandygyny, hem-de onuň wakadan soň ýaňadan açylandygyny habar berdi.

“Ölenleriň hem-de ýaralananlaryň aglabasy saýlawçylardy” diýip, familiýasyz habarçy Zaýnuddin aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” (‘YD’) ekstremist topary öz üstüne aldy. Topar hüjümiň janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy, ýöne bu barada giňişleýin maglumat ýa-da subutnama hödürlemedi.

Şu aýyň başynda, “Yslam döwleti” (‘YD’) ekstremist topary Bulujystanyň Mastung şäherçesinde geçirilen saýlaw duşuşygynda 149 adamyň ölümine getiren hüjümde-de özleriniň eliniň bardygyny aýtdy.

Saýlaw kampaniýalarynda bolup geçýän zorluklarda iýun aýyndan bäri 180-den gowrak adam, şol sanda üç dalaşgär öldürildi.

25-nji iýulda ir bilen demirgazyk-günbatar Pakistanyň Swabi etrabyndaky bir saýlaw uçastogynda bolup geçen atyşykda “Tehriki Insaf” partiýasyndan bir aktiwist öldi, başga-da dört adam ýaralandy.

Harbylar ýerleşdirilýär

Saýlaw komitetiniň haýyşy boýunça, ýurduň çar künjündäki saýlaw uçastoklaryna 370 müň harby ýerleşdirildi. Şeýle köp sanly harby şu wagta çenli Pakistanyň taryhynda saýlaw güni saýlaw okrugyna ýerleşdirilmändi. Mundan daşgary, başga-da 450 müň polisiýa işgäri howpsuzlygy üpjün etmek üçin tabşyryga çekildi.

Ses berişlikden öň geçirilen pikir soraşykda Imran Hanyň partiýasy sesleriň 30 %-ni, Şarifiň hökümet başyndaky PML-N partiýasy bolsa sesleriň 27 %-ne eýe bolýar. Beýleki bir pikir soraşygyň netijelerinde Şarifiň partiýasy 26 % bilen ýaryşyň başyny çekýän wagty, Imran Hanyň partiýasynyň paýyna sesleriň 25 % düşýär.

Saýlaw bäsleşiginde üçünji ýerde 2007-nji ýylda janyna kast edilip öldürilen öňki premýer ministr Benazir Bhuttonyň ogly Bilawal Bhutto Zandariniň baştutanlygyndaky “Pakistanyň halk partiýasy” barýar.

Saýlawlarda ses berýän halky gyzyklandyryp ünjä goýýan esasy meseleler – korrupsiýa, syýasata harby strukturalaryň täsiri, energiýa ýetmezçilikleri, hem-de infrastrukturalary ösdürmek bolup durýar.

Saýlawlaryň ilkinji netijeleriniň 25-nji iýulda giç-agşam, ahyrky netijeleriniň bolsa 26-njy iýulda aýan edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG