Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky saýlawlarda ýaryşyň başyny Imran Han çekýär, garşydaşlar galplyga ýol berlendigini çaklaýar


Pakistanyň oppozisiýadaky "Tehriki Insaf Pakistan" partiýasynyň ýolbaşçysy Imran Han
Pakistanyň oppozisiýadaky "Tehriki Insaf Pakistan" partiýasynyň ýolbaşçysy Imran Han

Pakistanda geçirilen saýlawlaryň 25-nji iýulda aýan edilen ilkinji netijelerine görä, oppozisiýa lideri Imran Han bäsleşigiň başyny çekýär. Onuň garşydaşlary netijeleriniň jemgyýetçilige ýetirilmegi yza süýşen saýlawlarda “galplyk boldy” diýýär.

Umumy sesleriň ýarysynyň sanalmagy bilen, Hanyň “Tehriki Insaf Pakistan” (PTI) partiýasy öňde barýar.

Ýöne tussaglykdaky köne premýer-ministr Nawaz Şairifiň hökümet başyndaky “Pakistanyň musulman ligasy – Nawaz” partiýasy, hem-de başga-da birnäçe ownuk partiýalar saýlawlarda galplyga ýol berlendigini öňe sürýär.

26-njy iýulda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Pakistanyň Saýlaw komitetiniň resmisi Babar Yakup saýlawlarda “hiç hili dildüwşüklige” ýol berilmändigini, hem-de sesleri sanamak işleriniň elektron hasabat ulgamynda dörän tehniki näsazlyk sebäpli yza süýşürilendigini aýtdy. Netijeleriň aýan edilmegi ýerli wagt bilen gije sagat 2:00-ä süýşürilipdi.

Saýlaw komitetiniň başlygy Sardar Mohammad Raza “saýlawlaryň 100 göterim aç-açan hem adalatly geçirilendigini” aýtdy. Ýöne ol saýlawlaryň ahyrky kesgitli netijeleriniň haçan mälim ediljekdigi barada maglumat bermedi.

Sesleriň 48 göteriminiň sanalmagynyň netijesinde, Hanyň “Tehriki Insaf Pakistan” partiýasy Milli Assambleýadaky, ýagny parlamentiň aşaky palatasyndaky jemi 272 ornuň 113-e eýe boldy.

Öňki premýer-ministriň inisi Şabaz Şarifiň ýolbaşçylygyndaky “Pakistanyň musulman ligasy – Nawaz” partiýasy ýaryşda ikinji bolup, parlamentde dalaş edilýän orunlaryň 64-ine, ýurduň 2007-nji ýylda janyna kast edilip öldürilen ozalky premýer-ministri Benazir Bhuttonyň ogly Bilawal Bhutto Zardariniň baştutanlygyndaky “Pakistanyň halk partiýasy” bolsa üçünji ýerde, ýagny parlamentdäki 42 orna eýe bolýar.

Hanyň kampaniýasy özleriniň saýlawlarda ýeňiş gazanjakdygyna tutanýerli ynanýardy. Ýöne, olar häzirki ýagdaýda Mili Assambleýada agdyklyk gazanmak üçin zerur bolan 137 orna eýe bolup bilmejek çemeli. Bu ýagdaýda Hanyň partiýasy koalisiýa döretmek üçin ownuk partiýalardan hem-de garaşsyz dalaşgärlerden özlerine ýaran tapmaly bolarlar.

Hanyň partiýasynyň metbugat wekili Fawad Çaudri Twitterde: “Gutly bolsun Täze Pakistan! Premýer-ministr Imran Han” diýip ýazdy, ýöne ýaryşyň netijeleri heniz resmi taýdan yglan edilmändi.

Ahmal ýeňşi gutlamak üçin, Hanyň müňlerçe tarapdary Yslamabadyň köçelerine çykdy.

Populist lider Han öz kampaniýalarynda korrupsiýa garşy göreşmegi baş mowzuk edip saýlap aldy, hem-de saýlawçylara “Täze Pakistany” wada berdi.

Ol öz kampaniýasyny öňden gelýän PML-N, PPP ýaly partiýalardan düzülen syýasy elita garşy göreş diýip häsiýetlendirdi. Ol syýasy elitany ykdysady öşüşlere böwet bolmakda we Pakistanyň 208 millionlyk ilatyny garyp düşürmekde aýyplady.

“Pakistanyň musulman ligasy – Nawaz” partiýasyndan tapawutlylykda Han Hytaýyň Pakistanda uly mukdarda maýa goýmagyna-da garşy çykýar.

Şeýle-de, Han goňşy Owganystanda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky urşy, ABŞ-nyň Pakistandaky jeňçilere garşy dron hüjümlerini amala aşyrmagyny tankytlap geldi.

Han syýasatçy hökmünde konserwatiw yslama meýil edip, pakistanly liberallary tankytlap çykyş edýär. Ol “Talybynaňka meňzeş” adalat sistemasyny ornaşdyrmagy wada berýär. Han jeňçilik bilen ilteşigi bolan ekstremist dini toparlar bilen ýaranlyk arap geldi.

Şeýle-de ýurduň armiýasy Hana arka çykýandyr öýdülýär. Nawaz Şarif harbylaryň syýasatdaky däbe öwrülen täsirini aradan aýyrmaga synanyşansoň, armiýa bilen Şarifiň arasyna tow düşüpdi.

XS
SM
MD
LG