Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Owganystanda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň azyndan 200 jeňçisi hökümete boýun syndy


Jöwüzjan welaýatynda owgan hökümetine boýun synan "Yslam döwleti" toparynyň agzalary

Demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda “Yslam döwleti” atly toparyň harby merkezleri syndy. “Talyban” ýaraglylary başgaça “Daiş” diýlip atlandyrylýan “Yslam döwleti” (YD) toparyny Derzapda ýeňmegi başardy. “YD” toparynyň ýüzlerçe jeňçisi şu gün hökümet güýçlerine tabyn bolup, özlerini tabşyrdy.

“Talybandan” ýeňlenden soňra “YD-yň” jeňçileriniň özleri gelip, hökümet güýçlerine ýesir düşendiklerini ýerli resmiler habar berýär.

Derzap etrabynyň polisiýa edarasynyň başlygy polkownik Muhammet Ysmaýylyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 230-dan gowrak “YD” militanynyň özleri gelip, hökümet güýçlerine ýesir düşüpdir.

Ýesir bolanlaryň 30-a golaýy aýal militanlardyr. Muhammet Ysmaýyl ýesir düşenleriň aglabasynyň ýerli jeňçiler bolandygyny aýtdy.

“Yslam döwleti” diýilýän toparyň arasynda Merkezi Aziýaly jeňçileriň hem bardygy aýdylýardy. Ýöne ýesir düşenleriň arasynda daşary ýurtlylaryň bolup bolmandygy heniz anyklanmandyr. Muhamet Ysmaýylyň aýtmagyna görä, tabyn bolan “YD” toparynyň jeňçileri täze gelipdirler. Olaryň arasyndaky daşary ýurtlylar heniz belli edilmändir.

“Talyban” bilen “YD-yň” arasynda 1 aýa golaý çatyşyk dowam etdi. Uruşda iki tarapdan 300 töweregi militanyň heläk bolandygyny resmiler aýdýarlar.

“Daişiň” merkezine “Talyban” hüjüm etdi, belki şonuň üçin “YD” toparynyň jeňçileriniň özleri gelip hökümet güýçlerine ýesir düşen bolmagynyň ahmaldygyny Muhammet Ysmaýyl öňe sürýär.

Muhammet Ysmaýylyň aýtmagyna görä, “YD-yň” jeňçileriniň näme üçin özleriniň gelip, ýesir düşendikleri olardan heniz soralmandyr emma olar döwlet bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin özleriniň tabyn bolandyklaryny aýdypdyr.

Muhammet Ysmaýyl ýesir düşenleriň arasynda dürli milletleriň wekillerinden militanlaryň bardygyny mälim etdi.

Ol ýesir bolanlaryň hemmesiniň Merkezi Şybyrgana ugradyljakdygyny gürrüň berdi.

Jöwüzjanyň welaýat polisiýasynyň başlygy Fakir Mohammad Jawzjani hem 1-nji awgustda Azatlyk Radiosyna Derzap etrabynda 31-nji iýuldan bäri azyndan 200 jeňçiniň ýesir düşendigini aýtdy.

Jawzjani YD toparynyň demirgazyk Owganystandaky esasy mesgeniniň “Tapyban” toparynyň kontrolyna geçendigini, olaryň arasynda bir aýlap söweş gidendigini sözüne goşdy.

Beýleki resmiler “Yslam döwleti” ekstremist toparyna degişli bolup, boýun synanlaryň hatarynda Mawlawi Habiburrahman diýen jeňçi komandiriň hem bardygyny aýdýarlar.

Jöwüzjan welaýatynyň polisiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Abdul Hafiz Haşi iki jeňçi toparyň arasyndaky garpma-garşylykly söweşiň 31-nji iýulda giç-agşam başlandygyny we urşuň henizem dowam edýändigini aýtdy.

Haşi Pajwok habar agentligine beren gürrüňinde, uruşda “Talybanyň” iki militanynyň, hem-de “YD-yň” alty jeňçisiniň öldürilendigini mälim etdi.

Jeňçi toparlar bu barada dessine kommentariýa bermedi.

Geçen aý ABŞ-nyň Owganystandaky harby komandiri general Jon Nikolson YD-yň ýurtdaky täsiri boýunça aladalaryny mälim etdi.

“Biziň “Yslam döwleti” toparyna garşy aýgytly göreşýäris. “Talyban” hem "YD-a" garşy göreşýär. Şonuň üçin biz olary ruhlandyrýarys, sebäbi YD-yň soňuna çykmaly” diýip, Nikolson 23-nji iýulda žurnalistlere beren gürrüňinde aýtdy.

“Owganystanyň gelejeginde olaryň orny bolmaz” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

2014-njy ýylda NATO-nyň goşunlarynyň ep-esli bölegi Owganystandan çekilenden soň, Günbataryň howandarlygyndaky Kabul hökümeti “Talybany”, "YD-ni" we beýleki jeňçi toparlary yza serpikdirmekde kynçylyk çekýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG