Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanyň täze premýer-ministri TOPH-y agzap, Eýran bilen energiýa hyzmatdaşlygyna isleg bildirýär


Türkmenistan TOPH taslamasyna möhüm çäre hökmünde seredýär.

25-nji iýulda Pakistanda geçirilen umumy saýlawlarda ýeňiş gazanan ýurduň täze premýer-ministri Imran Han saýlawlardan üç gün soň Eýranyň “Fars” habar gullugyna beren interwýusynda Pakistanyň Eýrandan energiýa import etmegi üçin “elinde baryny gaýgyrmajakdygyny” aýtdy. Imran Han bir hepde mundan ozal, 15-nji awgustda kasam kabul edip, ýurduň täze premýer-ministri wezipesine girişdi.

Imran Han Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) trans milli gaz taslamasyny göz öňünde tutup: “Bu taslama amala aşyrylan ýagdaýynda-da”, Yslamabadyň Eýrandan energiýa üpjünçiligine zerurlyk duýjakdygyny aýtdy.

Ol Eýranyň habar gullugynda eden çykyşynda mundan ozal ýurdy dolandyran hökümetiň Eýran bilen Pakistanyň arasynda gurulmagy göz öňünde tutulan gazgeçiriji boýunça Pakistanyň ABŞ-nyň basyşlaryna garşy durup bilmändigini aýdypdyr. “Täze hökümet Eýrandan energiýa import etmek üçin elinde baryny gaýgyrmaz” diýip, ol sözüniň üstüni ýetiripdir.

Türkmenistan TOPH taslamasyna ýurduň energiýa eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda möhüm çäre hökmünde seredýär. Ol bu proýektiň üsti bilen hususan-da energiýa teşne bolan Pakistana, ondan aňyrda dünýäniň iň köp ilatly ikinji ýurdy Hindistana gaz akdyrmagy göz öňünde tutýar.

Beýleki bir tarapdan, Eýran “Parahat” gazgeçiriji taslamasynyň üsti bilen 90-njy ýyllardan bäri Pakistana, ondan aňry Hindistana gaz satmaga isleg bildirip gelýär.

Imran Hanyň eden çykyşynyň fonunda, Azatlyk Radiosy Pakistanyň täzelikde wezipä girişen premýer-ministriniň sözleriniň Türkmenistanyň bil baglaýan TOPH taslamasyna täsiri boýunça energiýa eksperti Brýus Panniýere ýüzlendi:

“Elbetde, Pakistanyň täze premýer-ministri wezipe girişeli bäri birnäçe ýurtlara seslendi. Ol Hindistan bilen has ýumşak gepleşikleriň mümkinçiliklerine seredýär, ol Owganystan bilen, şol bir wagtyň özünde Eýran bilen-de täze gepleşikleri isleýär. Onuň Pakistanyň has köp mukdarda energiýa zerurlyk duýýandygy barada aýdýan sözleri düýbünden dogry. Munuň şeýledigi uzak wagtdan bäri bilinýän ýagdaýdy. Ýurduň ilat sany artyp gelýär” diýip, Panniýer belledi.

“[Şonuň üçin] ‘TOPH amala aşan ýagdaýynda-da Pakistanyň kimdir birinden energiýa üpjünçiligine zerurlygy bolar’ diýmek bilen ol mamla. Şeýle-de, Eýran Pakistan bilen araçäkleşýär” diýip, Panniýer aýtdy.

Ol apreliň aýagynda eýranly ýokary derejeli bir energiýa resmisiniň TOPH-yň durmuşa geçirilmek ähtimallygy barada beýan eden şübheli garaýyşlaryny, Eýranyň türkmen gazyny swap ylalaşygy esasynda Pakistana akdyrmaga isleg bildirendigini agzap geçdi.

“Imran Hanyň [TOPH barada] diplomatik dil bilen aýdan sözleri, aslynda onuň bu gazgeçirijini häzirki ýagdaýda Owganystanyň çäginden çekmek bilen bagly bar bolan kynçylyklara göz ýetirýändigini alamatlandyryp biler. Hususan-da Owganystandaky soňky hepdelerde bolup geçen hadysalar taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň tas mümkin däldigini görkezdi” diýip, Panniýer belledi.

“Meniň pikirimçe Türkmenistan [Imran Hanyň bu çykyşyny] ýakyndan synlamaly” diýip, ekspert sözüne goşdy.

“[Eger-de] Berdimuhamedow Pakistana hem TOPH arkaly hem-de Eýranyň üstünden [swap arkaly] gaz satjak diýse, onda bu ýagdaýa daşary ýurtly aktýorlar TOPH-yň soňy hökmünde baha bererler” diýip, Panniýer belledi.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz galmagaly häzirki wagtda Halkara arbitraž suduna geçirildi. Türkmenistan Eýrandan 10 ýyl ozalky gaz üçin 1.8 milliard dollarlyk algysyny soraýar, öz gezeginde Eýran Türkmenistanyň gazynyň hilinden, onuň üpjünçiliginiň birtaraply bes edilmeginden, hem-de ýangyjyň bahasynyň birden gymmatladylmagyndan şikaýat edýär.

Ýöne şol bir wagtyň özünde Eýran şu dawalaryň dowam edýän wagty, türkmen gazyny swap arkaly öz üstünden Pakistana satmagy teklip edýär.

Türkmenistan 2016-njy ýylda Orsýeti, 2017-nji ýylda Eýrany ýitirenden soň, gaz eksportynda diňe Hytaýa garaşly galdy.

Hazar Konwensiýasynyň kabul edilmeginden sanlyja gün ozal Reuters habar gullugy Hytaýyň Pakistanyň üstünden TOPH-a goşulmaga isleg bildirýändigini pakistanly bir resmä salgylanyp habar beripdi.

Galyberse-de, 20-nji awgustda “Interfax Global Energy” neşiri häzirki wagtda Owganystanda TOPH gazgeçirijisini çekmek üçin zerur bolan ýeriň söwdasy bilen bagly päsgelçilikleriň dörändigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG