Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Pensiýamy almadym, Gurbanlyk geçensoň töläýin' diýenine bakman, bergili hojalyklaryň gazyny kesýärler


Daşoguzly ýaşaýjynyň gazly otagy

Daşoguz welaýatynda ilatdan gaz, elektrik üçin tölegleriň gyssagly ýygnalyp başlanandygy, töleg ýagdaýy bolmadyk hojalyklaryň gazynyň kesilýändigi habar berilýär.

“Häzir elektrik we gaz edaralarynyň işgärleri etraplaryň ählisinde ilatdan ulanan toklary we gazlary üçin tölegleri ýygnaýarlar, olaryň ýanynda gazyň gelmegini kesýän tehniki gurallary hem bar, olar bu guraly puluny töläp bilmedik hojalyklaryň gazyny şol ýeriň özünde kesmek, beýlekilere göz etmek üçin ulanýarlar” diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi habar berýär.

Bu maglumat Türkmenistanyň 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda gaýtadan dikeltmeli edilen Halk maslahatynyň ilkinji mejlisine taýýarlyk görülýän wagtynda gowuşdy.

Mälim bolşy ýaly, Ýaşulular maslahatynyň soňky mejlisinde Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri ilata mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berlen gaz, elektrik togy we suw hyzmatlarynyň ýatyrylmagy hem-de täze bahalaryň girizilmegi karar edildi.

Şonda mejlisde çykyş eden ýaşulular we prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu karary soňky ýyllarda ilatyň durmuş şertleriniň gowulaşandygyny, iş ýerleriniň köpeldilendigini aýdyp delillendirmäge çalyşdylar.

Häzirki berilýän maglumata görä, manadyň dollaryň garşylygyndaky hümmetiniň rekord derejelerde peselmegi, harytlaryň bahasynyň, durmuşyň barha gymmatlamagy bilen, ýönekeý adamlaryň güzeran aýlamagy barha kynlaşýar we daşary ýurtlara gazanç gözlegine çykýanlar gitdigiçe köpelýär.

Emma muňa garamazdan, etraplaryň gaz edaralarynyň bergi ýygnaýan işgärleri adamlaryň düşen ýagdaýyna seredip durmaýan bolarly.

Aýdylmagyna görä, olar hojalyklara aýlanyp, ilki gele-gelmäşlerine hojalygyň gaz hasaplaýjysynyň gowy işläp-işlemeýändigini barlaýarlar, näçe gaz ulanandygyny hasaplaýarlar, soňra hasaplaýjy enjamyň sertifikatynyň döwlet standarty tarapyndan tassyklanylandygyna göz ýetirýärler, öý kitapçasyny, gaz taslamasy kitapçasyny, maşgala agzalarynyň sany baradaky güwänamany görkezmegi talap edýärler.

“Eger-de soralýan zatlaryň biri bolmasa, gaz edarasynyň işgärleri haýdan-haý islän jerimesini ýazyp, soňra raýatlaryň ulanyp oturan gazyny kesýärler” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlygyň çeşmesi bilen söhbetdeş bolan Maksat aga (Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan) gaz edarasynyň işgärlerine heniz pensiýasyny almandygyny, bergisini Gurbanlyk geçenden soň tölejekdigini aýdyp ýalbarsa-da, geçen aýlarda ýakan tebigy gazy üçin tölemeli 460 manadyny şobada töläp bilmändigi üçin gaz ulanmakdan kesildi.

Munuň üstesine, Maksat aga gaz puluny töläp,hojalygynyň gaz üpjünçiligini gaýtadan dikeltjek bolsa, bu hyzmat üçin döwlete goşmaça 115 manat pul tölemeli boljakdygy hem duýduryldy.

Ilatdan gaz üçin tölegleri gyssagly ýygnap alýan toparyň agzalarynyň içinde hukuk edaralarynyň, welaýat gaz edarasynyň hem-de etrap gaz edarasynyň işgärleri bar.

“Olara ýokardan “ilatdan gyssagly pul ýygnaň” diýen görkezme berlipdir, aýlyklar, pensiýalar gijikdirilýär, şeýle-de golaýda geçiriljek “Amul-Hazar” awtorallisine, beýleki sport çärelerine pul ýetenok” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýerli resmi Azatlygyň çeşmesine aýtdy.

Şeýle-de, ilatyň ulanan tebigy gazy, elektrik togy üçin bergilerini, beýleki tölegleri gyssagly ýygnap almak hakynda welaýat häkimliginde ýörite ýygnak geçirilendigi habar berilýär.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň gaz edarasynyň bir işgäri Azatlygyň ýerli çeşmesibilen söhbetdeşlikde “halkda pul ýok, muny bilýäris, emma ýokardan “gazyny kesiň” diýýärler, biz nädeli?” diýip, öz ýagdaýyny düşündirdi.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG