Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen haj zyýaratçylary ýurda gaýdyp geldi


Türkmen zyýaratçylary

Saud Arabystanyna haj zyýaratyna giden türkmen zyýaratçylarynyň topary 27-nji awgustda Türkmenistana gaýdyp geldi.

“Zyýaratçylarymyz uçardan düşüp, mähriban topragymyza gadam goýanlarynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa goldawy hem-de... haj parzyny berjaý etmäge döreden mümkinçiligi üçin uly şatlyk we tolgunma bilen tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler” diýlip, Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Habarda zyýaratçylaryň Medinede Muhammet pygamberiň, onuň egindeşleriniň aramgähine, şäheriň belli metjitlerine we beýleki mukaddes ýerlerine zyýarat edendigi aýdylýar. Şeýle-de, türkmen zyýaratçylary Mekgä hem baryp, musulman dünýäsiniň baş mukaddesligi bolan Käbede haj dessuryny berjaý etdiler.

5-nji awgustda TDH ýurduň ähli welaýatlaryna we paýtagta wekilçilik edýän türkmenistanlylaryň 153 sanysynyň haj zyýaratyny berjaý etmekleri üçin Mekge we Medine şäherlerine ugradylýandygyny habar berdi.

Şonda bu ýyl hem prezidentiň buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylarynyň “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystanyna haja ugradylýandygy aýdyldy.

Türkmen zyýaratçylary
Türkmen zyýaratçylary

Döwlet tarapyndan gurnalan bu saparyň çäginde Saud Arabystanyna haj zyýaratyna giden bir türkmenistanlynyň, has takygy 70 ýaşyndaky daşoguzly mugallymyň Mekge şäherinde aradan çykandygy barada resmi taýdan tassyklanmaýan, ýöne inkär hem edilmeýän maglumatlar mundan iki hepde çemesi ozal Azatlyk Radiosyna gelip gowuşdy.

Türkmen resmileri daşoguzly mugallymyň jynazasynyň okalan we Mekgedäki gonamçylykda jaýlanan pursatlaryny ýörite wideo ýazga düşürip, ony Türkmenistandaky dogan-garyndaşlaryna getirip görkezipdirler diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi habar beripdi.

2017-nji ýylda 17-nji awgust we 7-nji sentýabr aralygynda amala aşyrylan haj zyýaratyna türkmenistanlylaryň 160 sanysy ugradylypdy.

Dünýewi döwlet bolan Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri ýylda diňe 180 töweregi zyýaratçyny döwlet ýardamy bilen haj parzlaryny berjaý etmäge iberip gelýär.

Şu ýyl Saud Arabystanyna haj zyýaratyna iki milliondan gowrak musulmanyň geljekdigi aýdyldy. Yslamyň bäş şertiniň biri bolan haj zyýaraty şu ýyl 19-24-nji awgust aralygynda geçdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG