Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp BMG-da Geňeşiň ýygnagyna başlyklyk edip, onda Eýran bilen bagly aladalary nygtar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Indiana ştatynyň Ewanswille şäherinde ýerleşýän"Ford Merkezinde" geçirilen kampaniýa çykyşynda söz sözleýär, 30-njy awgust, 2018-nji ýyl
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Indiana ştatynyň Ewanswille şäherinde ýerleşýän"Ford Merkezinde" geçirilen kampaniýa çykyşynda söz sözleýär, 30-njy awgust, 2018-nji ýyl

Şu aý dünýä liderleriniň Nýu Ýorkdaky ýyllyk duşuşygynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howpsuzlyk Geňeşiniň ýygnagyna ýolbaşçylyk edip, onuň dowamynda Tährana garşy özüniň aladalaryny üns merkezine çeker.

Birleşen Ştatlaryň BMG-daky ilçisi Nikki Heýliý Trampyň bu göçümini 4-nji sentýabrda mälim etdi. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine gezekli-gezegine ýolbaşçylyk etmek nobaty Birleşen Ştatlara gelip ýetdi. ABŞ-nyň geçen ýylyň dowamynda Eýrana garşy jeza çärelerini durmuşa geçirmek synanyşyklary netijesiz boldy.

Heýliý we Tramp gaýta-gaýta Eýrana hüjüm edip, ony Siriýadaky we Ýemendäki uruşlara gatyşmakda, hem-de iri döwletler bilen Eýranyň arasynda 2015-nji ýylda gol çekilen ýadro ylalaşygynyň ruhuna eýermezlikde aýyplady. Tramp agzalýan ylalaşykdan maý aýynda çekilipdi.

BMG-da eden çykyşynda Heýliý Geňeşiň 26-njy sentýabrda geçirýän ýygnagyna Trampyň ýolbaşçylyk etmek kararyna gelendigini, onuň dowamynda Trampyň “Eýranyň halkara hukugy bozýandygyna we onuň tutuş Ýakyn Gündogar regionynda durnuksyzlygy tutaşdyrýandygyna” ünsi çekjekdigini aýtdy.

“Prezident Tramp biziň Eýrany halkara tertip-düzgüniň çägine çekmegi gazanmagymyz babatda örän tutanýerlidir” diýip, Heýliý aýtdy, hem-de Eýrany dünýäniň çar künjünde “terrorçylygy goldamakda” aýyplady.

“Siz olaryň geçirýän ballistik hüjüm testlerini, siz olaryň Ýemendäki Husilere satýan ýaraglaryny görsediňiz – şularyň ählisi howpsuzlyk geňeşiň kabul eden rezolýusiýalaryny bozmaklyk bolýar” diýip, ol aýtdy.

“Bu hereketleriň ählisi regiona wehim salýar. Halkara jemgyýetçiliginiň şu meseleleriň ählisini gozgamagy zerur” diýip, Heýliý belledi.

BMG-niň Geňeşi Eýrana degişli ýarag sanksiýalaryny we beýleki çäklendirmeleri girizipdi. Waşington Eýranyň Ýemendäki ýaranlaryny ýarag bilen üpjün etmek arkaly, çäklendirmeler boýunça düzgün bozmalara ýol berendigini gaýta-gaýta beýan edip gelýär.

Eýran özüniň terrorçylyga hemaýat edýändigini, ýa-da Ýemendäki Husi gozgalaňçylaryny ýarag bilen üpjün edýändigini inkär edip geldi. Şeýle-de ol ballistik hüjüm testlerini geçirmek boýunça ABŞ-nyň özünden edýän talaplaryna tutanýerli garşy çykdy. Tähran ballistik barlaglaryň Eýranyň goranyşy üçin zerurlygyna ynanýar.

Diplomatlar Birleşen Milletleri Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejede geçirilýän hepdeliginde Trampyň başlyklygynda geçiriljek ýygnakda Eýranyň söz haýyş etmeginiň mümkindigini aýdýarlar. Gürrüňi gidýän ýygnakdan bir gün öň, ýagny 25-nji sentýabrda Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň assambleýada söz sözlemegine garaşylýar.

Heýliý Birleşen Ştatlaryň Rohaniniň duşuşykda söz sözlemegine garşy däldigini aýtdy. Eýranyň BMG-daky wekiliýeti kommentariýa boýunça özlerine ugradylan haýyşnama dessine jogap bermedi.

Heýliý Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy halkara basyşy güýçlendirmäge çagyrmak bilen, ol ýerde “režimi çalyşmagyň” ugruna çykandyklary barada aýdylýan gürrüňleri ret etdi. Ol ABŞ-nyň tagallalarynyň “Eýran halkynyň” isleg-arzuwlaryna howandarlyk etmegi maksat edinýändigini öňe sürdi:

“Biz Eýranyň halkyna arka çykarys. Olar öz hökümetlerini seslerini eşitdirmäge doly hukuklydyr. Olaryň öz hökümetlerini çalyşmaga doly hukuklary bardyr” diýip, ol aýtdy.

Orsýetiň BMG-daky ilçisiniň orunbasary Dmitri Polýanskiý geňeşiň ýygnagynda, mundan ozal Eýran bilen iri döwletleriň arasynda gol çekilen, hem-de ABŞ-nyň ondan el çekendigine garamazdan, Orsýetiň, Hytaýyň we beýleki ýewropaly güýçleriň henizem goldaýan ýadro şertnamasyna üns berilmelidigini aýtdy:

“Biz duşuşykda ABŞ-nyň bu ylalaşykdan çekilmegi bilen bagly garaýyşlaryň gozgaljakdygyna umyt bildirýäris” diýip, Polýanskiý belledi.

XS
SM
MD
LG