Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýanyň premýer-ministri ýurduň adyny üýtgetmek tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýdýar


Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaew.
Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaew.

Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaew onlarça ýyl bäri goňşy ýurt Gresiýa bilen dowam edip gelýän dawanyň soňuna çykmak üçin gelnen ylalaşygyň çäginde ýurduň adyny üýtgetmek baradaky tagallalaryny dowam etdirjekdigi aýtdy. At üýtgedilmegi üçin ilatyň 50 prosentiniň sesi gerek, ýöne 30-njy sentýabrda geçen referendumda bu netije gazanylmady.

Saýlaw resmileriniň 1-nji oktýabrda bildirmegine görä, referenduma gatnaşanlar ýurduň ses bermäge hukukly 1.8 million ilatynyň diňe 36.9 prosenti bolupdyr.

Saýlaw merkezleri sesleriň 98.6 prosenti sanalanyndan soň ses berişligiň kanunylygy üçin gerekli sepgide ýetilmändiginiň aýandygyny aýtdylar.

Ýöne bu ses berenleriň 91.5 prosentiniň at çalşylmagyny goldaýandygyny görkezýär, biz ýurduň adyny “Demirgazyk Makedoniýa Respbulikasy” diýip, üýtgetmek baradaky tagallalarymyzy dowam etdirmek üçin “ähli zady ederis” diýip, Zaew aýtdy.

Ol 30-njy sentýabarda: “Geliň oýun etmäliň” diýdi.

Zaew soňra hem: “Geliň öz geljegimiz bilen oýun etmäliň. Bu mesele beýleki zatlardan has uly, partiýanyň bähbitlerinden has uly. Biz Makedoniýany gowy bir ýere öwürmäge borçludyrys. Bu bolmasa, indiki mümkinçilik wagtyndan öň parlament saýlawlaryny geçirmek bolar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Prezident Gýorg Iwanow bilen parlamentiň oppozision agzalary at çalşylmagyny boýkot edip, ony “jenaýat iş” diýip atlandyrdylar.

Analizçiler ses berilmezligi hakda gazanylan üstünliklere salgylanyp, Zaewe planlaryny öň äkitmek üçin parlamantden goldaw tapmak aňsat bolmaz diýýärler.

Zaewiň hökümetindäki resmiler konstitusiýa düzetme girizip, at çalşylmagyny kabul etmäge özleriniň parlamentde 71 sany wekilleriniň bardygyny aýdýarlar. Baş kanuny üýtgetmek üçin bolsa 80 deputatyň sesi gerek.

Awstriaýanyň Graz uniwersitetiniň professory Floriýan Bieberiň aýtmagyna görä, referendum açyk “şowsuzlyk we netijeler garaşylany ýaly bolmsa-da” ilatyň köplüginiň at çalşylmagyny oňlaýandygyna “ynamly delil” bolup durýar.

Bieber Twitterde: “Ýene-de ýeňlip geçilmeli köp päsgelçilikler bar” diýip ýazdy.

Gresiýa “gapma-garşylykly” netijelere salgylanyp, bu netijeleriň Afina bilen Skopýe arasynda gelnen ylalaşygyň “oňaýly mümkinçiliklerini saklamak üçin” dykkatly hereketi talap edýändigini aýtdy.

“Gynansak-da milletçilik, şek-şübhe, gündelik galp habarlar we aşa fanatizm ylalaşygyň uly bähbitlerine doly baha bermäge ýol berenok” diýip, Gesiýanyň daşary işler ministligi tarapyndan çykarylan bir beýannamada aýdylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň giňeme baradaky komissary Ýohannes Hahn Gresiýa bilen gelnen ylalaşyga “giň gerimli goldaw” bardy diýdi. Ol özüniň “ähli siýasy liderleriň gelnen karary hormatlamagyny we ony jogapkärçilik hem partiýalar arasyndaky agzybirlik bilen, ýurduň bähbidi üçin, öňe äkitmeklerini umyt edýändigini” belledi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departmenti hem özüniň Makedoniýa bilen Gresiýa arasynda gelenen ylalaşygyň doly ýerine ýetirilmegini “güýçli goldaýandygyny” aýdyp, bu “Makedonoýanyň NATO we Ýewropa Bileleşiginde öz hakly ýerini almagyna ýol açyp, regional durnuklylyga, howpsuzlyga we pajarlap ösmäge goşant bolar” diýdi.

Makedoniýa bilen Gresiýa arasyndaky at dawasy Makedoniýanyň Ýugoslawiýadan parahatçylykly aýrylan ýyl bolan 1991-den bäri dowam edýär.

Gresiýa Makedoniýa ady Gresiýanyň şol ady göterýän demirgazyk regionynda territorial we medeni dawalary öz içine alýar diýýär.

Ýaňy iýun aýynda Afina bilen Skopýe onlarça ýyl bäri barýan dawany çözmek maksady bilen Makedoniýanyň täze ady kabul etmegi boýunça wagtlaýyn ylalşyga geldiler.

Iki ýyla çeken maliýe krizisi Makedoniýanyň ykdysadyýetini lerzana getirip, işsizlik 20 prosentden aşdy. Ortaça aýlyk haky 400 dollar çemesi.

Analizçiler regionda durnuklylygy we ösüşi üpjün etmegiň iň gowy ýoly Makedoniýa ýaly Günbatar Balkan ýurtlarynyň Ýewropa we transatlantik strukturalaryna integrirlenmegi diýýärler.

XS
SM
MD
LG