Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ‘urlup öldürileniň’ ýakynlary suduň çykaran höküminden ‘närazy’


Türkmenistandaky keselhanalaryň biri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda agyr urgulara sezewar edilip, soňy bilen-de degişli medisina kömegi berilmezden aradan çykan bir raýatyň ýakynlary, munuň bilen baglylykda geçirilen derňewiň we sud diňlenişiginiň dowamynda “düýpli” kanun bozmalaryň bolandygyny, şeýle-de merhuma “töhmet” atylandygyny öňe sürýärler.

Ýatlatsak, Azatlyk Radiosy geçen ýylyň 22-nji dekabrynda 37 ýaşly Hydyrow Nazar Begenjowiçiň öz iş ýerinde, ýagny Türkmenabadyň Köpugurly Çagalar keselhanasynda näbelli adamlar tarapyndan ýenjilip, öýüniň bosagasynda taşlanyp gidilendigi barada maglumat beripdi.

Bu wakany ýakyndan yzarlan, şeýle-de Hydyrowlaryň maşgalasy bilen ýakyn aragatnaşykda bolanlar Azatlyk Radiosynyň bu baradaky maglumatyndan soň, degişli derňewiň geçirilendigini; şeýle-de Hydyrowy ýençmekde aýyplanyp üç adamyň tussag edilendigini gürrüň berdiler.

Mundanam başga, howpsuzlyk gulluklary bu maglumatyň “nädip Azatlyga gowşandygyny?” anyklajak bolup, Hydyrowyň maşgala agzalaryny, ýakynlaryny soraga çekipdirler.

Netijede, 28-nji martda Türkmenabadyň şäher sudy Hydyrowy ýençmekde aýyplanýanlaryň birini Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 107-nji maddasynyň, 3-nji bölümine laýyklykda, ýagny “seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine eltmekde” günäli tapyp, 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdir. Aýyplanýanlaryň beýleki ikisi bolsa, “şaýat” hökmünde geçip, jenaýat jogapkärçiligine çekilmändirler.

Emma, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, bu waka bilen ilteşikli täze maglumatlary ýetiren türkmenabatlylar suduň netijesi bilen razylaşmaýandyklaryny, derňewe we sud diňlenişigine ýerli ýokary derejeli käbir resmileriň basyş edendigini, şeýle-de, Hydyrowyň ýakalaşyk turan pursady serhoş bolandygy barada merhuma “töhmet atylandygyny” belleýärler.

Çeşme käbir ýerli ýokary derejeli lukmanlaryň, sülçüleriň we kazylaryň atlaryny tutsa-da, olar bilen habarlaşyp, bu aýyplamalar dogrusynda pikirlerini almak başartmandygy sebäpli, olaryň şahsyýetleri takyklaşdyrylmaýar.

Geliň, söhbetimiziň şu ýerinde bolup geçen bu pajygala waka başdan-aýak ser salalyň.

Ýakynlarynyň sözlerine görä, 1980-nji ýylda doglan, aşgabatly Hydyrow Nazar 2013-nji ýylda 2 müň 500 dollar möçberinde para berip, Türkmenabadyň Köpugurly Çagalar keselhanasynda tehniki howpsuzlyk inženeri bolup işe başlaýar. Aradan birnäçe ýyl geçenden soň, has takygy 2017-nji ýylda Hydyrow şol keselhanada kärdeşler arkalaşygynyň başlygy wezipesine bellenilýär.

Özüni Hydyrowyň ýakyn dosty bolandygyny aýdýan türkmenabatlynyň sözüne görä, munuň yz ýany Hydyrow oňa keselhanada amal edilýän galplyklara, korrupsiýa şaýat bolandygyny, şeýle-de özüniň soňky ykbaly barada alada galýandygyny aýdypdyr.

Bu gürrüňdeşlikden dört gün geçenden soň, 22-nji dekabrda Hydyrow keselhananyň territoriýasynda aýlanyp ýören pursady, keselhananyň beýleki işgärleri “Täze ýyl üçin beren sowatlaryňyz gowy däl. Muňa sen günäkär!” diýen bahana bilen Hydyrowy agyr ýenjipdirler. Olar diňe Hydyrow huşundan gidenden soň urgularyny bes edip, sebiti terk edipdirler.

Hydyrow 15 minutdan soň özüne gelýär we kabinetine tarap ugraýar. Otagyna giren pursady onuň el-aýagy tutulyp, ol ýene-de huşuny ýitirýär. Çeşme bu wakalara derňewiň dowamynda, keselhanada ýerleşdirilen wideokameralaryň ýazgylaryndan tomaşa edendigini aýtdy.

Çeşme keselhananyň beýleki işgärleriniň Hydyrowyň öz kabinetinde huşsuz ýatandygyny görseler-de, hiç zat etmän, gerekli medisina kömegini bermän, kabinetiniň daşyndan ýapandyklaryny aýtdy. Netijede, Hydyrow şu ýagdaýda sagat 19:00-a çenli öz kabinetinde saklanypdyr. Bu aralykda, Hydyrowy, hamana, serhoş edip görkezmek üçin, onuň üstüne, egin-başlaryna arak hem döküpdirler.

Çeşme bu ýagdaýlary keselhananyň beýleki bir işgäriniň hem tassyklandygyny, emma ýokary derejeli resmileriň ar almagyndan we iş ornuny ýitirmeginden howatyr edip, sudda öz maglumatlaryny üýtgedendigini gürrüň berdi.

Mundan soň, keselhananyň sürüjisi we ýene bir işgäri huşsuz Hydyrowy öýüniň bosagasyna taşlap gidýärler. Merhumyň gelni Tiz kömek gullugyny çagyranyndan soň, ol ýerli keselhana äkidilýär. Nazar Hydyrow özüne gelmän 30-njy dekabrda, takmynan sagat 14:00 töweregi aradan çykýar.

Çeşme merhuma sereden lukman bilen gürleşende, onuň kellesiniň üç ýerinde gematomanyň, ýagny ganöýmäniň bardygyny, şeýle-de operasiýanyň diňe üç günden soň, 24-nji dekabrda geçirilendigini aýdypdyr. Pajygaly hadysada heläk bolan Hydyrowa ilki insult, üç günden soň bolsa, bagyr sirrozy diagnozlary goýlupdyr.

Şol bir wagtda, bu maglumatlary beren çeşme sud prosessiniň dowamynda “kanun bozmalaryň” bolandygyny, jenaýata gatnaşygy bolanlaryň ählisiniň jogapkärçilige çekilmändigini, şeýle-de merhuma “serhoş” diýip töhmet atylandygyny öňe sürdi.

Ol derňew wagty geçen suratlaryň we wideolaryň esli böleginiň sud diňlenişiginde hödürlenmändigini aýtdy. Ol sudda Hydyrowyň, hamana, işe häli-şindi serhoş gelendigini, muňa subutnama hökmünde-de, onuň ýazandygy aýdylýan, ýazuwyna stiline gabat gelmeýän düşündirişleriniň görkezilendigini belledi.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, hatda Hydyrowyň tarapynda çykyş eden aklawçy hem “ýokardan basyş edilýändigini”, bu işi talaba laýyk ýöredip bilmejekdigini aýdyp, merhumyň hossarlaryna duýgudaşlyk bildiripdir.

Merhumyň ýakynlarynyň Hydyrowa töhmetiň atylýandygyny aýdyp, onuň jesediniň eksgumasiýa edilmegini, ýagny mazarynyň gaýtadan açylmagyny we poçerkowedçeskaýa, ýagny adamyň hat-ýazuwyny seljerýän ekspertizanyň geçirilmegini talap edip ýazan arzalary-da oňaýly netije bermändir.

Sözümiziň ahyrynda ýene bir gezek belläp geçsek, bu maglumatlar özüni Hydyrowyň ýakyn dosty we sud prosesini yzarlandygyny aýdan türkmenabatly tarapyndan hödürlendi. Azatlyk Radiosynyň merhumyň işlän keselhanasyndan we onuň ýagdaýyna sereden keselhana bölüminden ýa-da kanun goraýjy edaralaryndan, şeýle-de onuň maşgala agzalaryndan nähilidir bir maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Galyberse-de, Türkmenistan ýurtda adalatlylygyň ala, seçilip alnan ýagdaýda we kanunçylygy doly saklamazdan berjaý edilýändigi, sudlaryň garaşsyz däldigi üçin tankytlanýar. Türkmen mediasy hem ýurtda amala aşyrylýan jenaýatlar barada dymmagy saýlap alýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG