Bu ýyl Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda pagta hasylynyň pesdigine garamazdan, ýurduň dürli künjeklerinde mejbury pagta ýygym kampaniýasy dowam edýär. Düýn 9-njy oktýabrda “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty “Pagta-2018” atly täze hasabat çap edip başlady. Onda ýurduň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda pagtanyň hasyllylygynyň pesdigine garamazdan mejbury pagta ýygym kampaniýasynyň dowam etdirilýändigi barada maglumat berilýär.
Bu gün 10-njy oktýabrda degişli maglumatlary Azatlyk Radiosynyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertinde çykyş edýän Daşoguzdaky habarçysy hem tassyklady. Onuň sözlerine görä, ýurduň demirgazyk regionynda gowaçanyň hasyllylygy gaty pes, emma muňa guramazdan häkimiýetler býujet işgärlerini mejbury ýygyma çekmäge dowam edýärler.
“Ýurtda pagta ýygymyna heniz girişilmänkä oba-hojalyk ugrundan bilermenler 2018-nji ýylda geçen döwürler bilen deňeşdireniňde pagta hasylynyň az boljakdygyny çakladylar. Daýhan birleşiklerdäki agronomlar, etrap häkimliklerindäki oba-hojalyk bölümleri gowaçanyň suwaryş suwlarynyň ýetmezçiligi sebäpli, hem-de maýyň aýagynda turan duzly tupanyň täsiri sebäpli 2018-nji ýylda pagta meýdanlarynda ýagdaýlaryň ýaramazlaşandygyny aýtdylar” diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri ýazýar.
Neşir saýatly agronomyň sözlerini getirip, Lebap welaýatyndaky önümçiligi pes pagta meýdanlary barada maglumat berýär.
Saýtyň maglumatynda “Ak Altyn” pagta kärhanasynyň bir işgärine salgylanylyp, Daşoguz welaýatynda pagtanyň hasyllylygynyň juda pesdigi barada gürrüň edilýär.
Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy regionda hasyl ýetmezçiligi sebäpli mejbury pagta meýdanlaryna ugradylan býujet işgärleriniň dürli kösençlikleri başdan geçirýändigini habar berdi.
Muňa garamazdan bilim, saglyk, medeniýet we sport pudagynyň işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna çekilýändigini, welaýat we etrap häkimliklerinde geçirilýän gündelik ýygnaklarda pagta ýygymyna üns çekilýändigini neşir ýazýar.
“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” Daşoguzdaky kärhanalaryň biriniň orunbasaryna salgylanyp, edaralaryň ýolbaşçylarynyň ýa-da olaryň orunbasarlarynyň her gün irden häkimlikde geçirilýän ýygnaklara gatnaşýandygyny we pagta meýdanyna ugradylan adamlaryň sany boýunça hasabat berýändigini ýazýar.
Bu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin umumy 545 müň gektar ýer döwlet tarapyndan bölünip berildi, hem-de jemi ýurt boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Daşogzuň kärendeçileri bu ýyl 230 müň tonna pagta ýygmak bilen borçlandyryldy.
Sentýabr aýynda ýurtda pagta möwsümine girişilmegi bilen ýygyma mejbury çekilýän raýatlar baradaky habarlaryň depgini güýçlendi.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyny tankyt edýärler.
1-nji oktýabrda hukuk toparlary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka edýän saparyna gabatlap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş binasynyň öňünde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň bes edilmegine çagyryp protest çäresini geçirdiler.
Agzalýan protest çäresini pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň, şeýle-de çaga zähmetiniň ulanylmagyna garşy iş alyp barýan “Pagta kampaniýasy” atly halkara koalisiýa we onuň düzümine girýän toparlar geçirdi.
5-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti ýörite permana gol çekip, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrdy. 2019-njy ýylyň hasylynda güýje girýän täze nyrhlaryň jikme-jikligi köpçülige aýan edilmeýär.