Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus resmisini ýençmekde aýyplanýan iki futbolçy deslapky tussaghana ýerleşdirildi


Aleksandr Kokorin we Pawel Mamaýew
Aleksandr Kokorin we Pawel Mamaýew

Moskwanyň kafesinde Russiýanyň hökümet resmisini ýençmekde aýyplanýan iki futbolçy deslapky tussaghana iberildi.

11-nji oktýabrda Moskwanyň Twer etrap sudy Zenit toparynyň oýunçysy Aleksandr Kokoriniň we Krasnodar komandasynyň futbolçysy Pawel Mamaýewiň 8-nji dekabra çenli tussaglykda saklanylmalydygy barada karar çykardy.

Russiýada köpçüligiň ünsüni çeken, 8-nji oktýabrda bolan waka bilen ilteşikli gürrüňi edilýän iki futbolçy urup-ýençmekde we bilkastlaýyn huligançylykda aýyplandy.

Kokoriniň kiçi oglan jigisi Kirill hem şuňa meňzeş aýyplamalar bilen tussag edildi.

Bu üç adam, Russiýanyň Senagat we söwda ministrliginde işleýän we etniki taýdan koreýaly resmi Denis Pak olara Moskwanyň kafesinde özlerini nädogry alyp barýandygy barada igenenden soň, ony urup-ýençmekde aýyplanýar.

Pakyň aklawçysy Gennadiý Udunýan hüjümçileriň müşderisine jynsparaz görnüşindäki paýyş sözleri bilen hem hüjüm edendigini aýtdy.

Gözegçilik kameralaryndan alnan we Russiýanyň milli telewideniýesinde görkezilen wideo ýazgylarda futbolçylaryň resminiň kellesine oturgyç bilen urýan we ýüzüne ýumruk atýan şekilleri görkezildi.

Gürrüňi edilýän üç adam şol güni Moskwa myhmanhanasynyň golaýynda bolan aýrybaşga dawa-jenjelde, telewideniýäniň žurnalisti Olga Uşakowanyň sürüjisi Witaliý Solowçugy hem urup-ýençmekde aýyplanýar.

Bu hüjüm hem gözegçilik kameralarynda ýazga alnyp, onuň wideosy Russiýanyň media serişdelerinde görkezildi.

Gürrüňi gidýän hüjümler Russiýanyň media serişdelerinde esasy habara öwrüldi we resmiler, şol sanda kanunçykaryjylar hem futbolçylaryň jezalandyrylmagyna çagyryş etdiler.

Russiýanyň Premýer ligasy bu wakany “huligançylyk” diýip, ýiti ýazgardy.

Krasnodar komandasy Mamaýewiň şertnamasynyň bes edilmeginiň mümkindigini mälim etdi. Zenit topary bolsa, Kokorine garşy düzgün-nyzam çäreleriniň görüljekdigini aýtdy.

Eger-de, futbolçylaryň günäsi subut edilse, olara ýedi ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

XS
SM
MD
LG