Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen manady 25 ýaşady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Bu gün 1-nji noýabrda Türkmenistan milli pul birliginiň – türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygyny belleýär.

Munuň bilen baglylykda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet habar serişdeleriniň üsti bilen bank ulgamynyň işgärlerine, ýurduň ähli halkyna gutlag hatyny iberdi.

Hatyň mazmunynda häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýändigini we bank ulgamynyň kämilleşdirilýändigi aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde prezidentiň halka ýollan gutlagynda milli manadyň hümmetini durnukly saklamagyň bank ulgamynyň wezipeleriniň hataryndadygy bellenýär.

Azatlyk Radiosy milli manadyň dolanyşyga girizilmegi, onuň 25 ýylyň dowamynda geçen sepgidi barada häzirki wagtda Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazow bilen gürrüňdeş boldy.

Ol Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň güýje giren türkmen walýutasynyň çylşyrymly şertlerde kabul edilendigini gürrüň berdi.

“[Şol döwür] çylşyrymly döwürdi. Şonuň üçin, şolar ýaly çylşyrymly döwürden çykmagyň ýoly – öz milli puluňy girizmekdi. Şol döwürlerden başlanyp, dogurdanam, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabr güni Türkmenistanda milli pul – türkmen manady girizildi” diýip, ykdysatçy belledi.

Hudaýberdi Orazow şol döwürlerde Türkmenistanyň Merkezi bankyna ýolbaşçylyk edýärdi.

Onuň ynanjyna görä, milli manat ilki kabul edilende onuň durmuşa päsgelçiliksiz ornaşdyrylmagy bilen bagly ýolbaşçylaryň taýýarlyk derejesiniň pesligi şol döwrüň ykdysady şertlerine oňaýsyz täsir etdi.

“Esasy mesele – ýolbaşçylaryň taýýar däldigidi. Hemme taraplaýyn şony gowy edip, güýçli milli pula [öwürer] ýaly şertler bardy, ýöne gynansak-da hökümet ýolbaşçylarynyň taýýar däldigi sebäpli, manat halk [arasynda] peýdaly dolanyşygy [amala aşyryp bilmedi]” diýip, Orazow belledi.

1993-nji ýylyň noýabr aýynda, manat ilki dolanyşyga girizilende, Türkmenistanda 1 amerikan dollarynyň bahasy 2 manada barabardy.

Ýöne ýerli ykdysatçylaryň aýtmagyna görä, manat özüniň ilkibaşdaky hümmetini uzak möhletleýin saklap bilmedi. Türkmenistan 90-njy ýyllaryň ortalarynda agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirdi.

Inflýasiýa boýunça görnükli ekspert Stiw Henki Türkmenistanyň 90-njy ýyllarda başdan geçiren ykdysady krizisini “giperinflýasiýa” häsiýetlendirýär.

Manadyň "çarkandakly" sepgidi

1998-nji ýylyň başynda 1 amerikan dollarynyň bahasy şol wagtky puldan 5 müň 200 türkmen manadyna deň bolan bolsa, 2002-nji ýylda onuň gara bazardaky bahasy şol wagtky puldan 24 müň manada çenli baryp ýetdi. Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlaryň pul birlikleriniň manada bolan resmi gatnaşygyny durnukly saklady, ýöne onuň gara bazardaky bahasy resmi kursdan tas 5 esse gymmatlygynda galdy.

2008-nji ýylda Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky bahasy bilen onuň resmi bahasy deňleşdirildi.

2009-njy ýylda türkmen manady denominirlenip, köne puldan 5 müň manadyň hümmeti täze puldan 1 manada getirildi. Dollaryň Merkezi bankdaky bahasy 2 manat 85 teňňe diýlip kesgitlenildi.

2015-nji ýylda bolsa, onuň resmi bahasy 3.5 manada çykaryldy.

2016-njy ýyldan başlap ýurtda daşary ýurt walýutalary bilen bagly çäklendirmeleriň girizilmegi bilen, “gara bazarlar” döräp başlady. Dollaryň ondaky bahasy resmi kurs bilen deňeşdireniňde yzygiderli ýokarlanyp, 2018-nji ýylyň iýun aýynda 1 amerikan dollary 28-29 manada çenli baryp ýetdi.

Hudaýberdi Orazow islendik ýurduň pul birliginiň onuň aýnasydygyny aýdyp, puluň hümmeti bilen hökümetiň işe ukyplylygynyň arasynda gönüden göni arabaglanyşygyň bardygyny belledi.

"Milli pul - hökümetiň aýnasy"

“Milli pul diýleni, bu türkmen manady bolsun ýa-da başga pul birligi bolsun, [tapawudy ýok], ol aýnada ýüzüňi gören ýalydyr. Ýurduň içinde hökümetiň işleýşi nähili bolsa, ykdysadyýetiň dolandyrylyşy nähili bolsa, milli pul şony açyp görkezýär” diýip, Orazow belledi.

Ykdysatçylar içerki önümçiligiň derejesi bilen milli pul birlikleriniň hümmetiniň arasyndaky gatnaşyga ünsi çekýärler.

Manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli prezidentiň adyndan halka ýetirilen gutlagyň agramly böleginde ýurduň bank ulgamynda gazanylýandygy aýdylýan “üstünliklere” üns çekilýär.

Köpsanly türkmenistanlylar, şol sanda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplary hususan-da soňky ýyllarda türkmen banklaryndan berlen kartlardan peýdalanmakda ýiti kynçylyklara sezewar bolup gelýär.

Türkmenistanda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň we beýleki käbir tölegleriň raýatlaryň bank hasaplaryna geçirilip başlanmagy soňky bir-iki ýylyň dowamynda ýola goýuldy. Wagtal-wagtal ýerli ýaşaýjylar aýlyk haklaryny bankomatlarda nagtlaşdyrmakda kynçylyklaryň ýüze çykýandygyny, olaryň öňünde uzyn nobatlaryň döreýändigini gürrüň berýärler.

Halkara walýuta fondunyň işçi toparlary Türkmenistana eden soňky saparlarynda ýurtda walýuta dolanyşygyna girizilýän çäklendirmeleri gowşatmagy maslahat berdi.

XS
SM
MD
LG