Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä liderleri I Jahan Urşunyň tamamlanmagynyň 100 ýyllygyny bellemek üçin Fransiýa toplanýar


Rus goşunyndaky latwiýaly meýletinçiler. 1915 ý.
Rus goşunyndaky latwiýaly meýletinçiler. 1915 ý.

4-nji noýabrda Fransiýada Birinji Jahan Urşunyň 100 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama çäreleri başlandy, oňa dünýäniň 80 çemesi lideriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron ýurduň çar künjegindäki söweş meýdanlarynda, ýaranlyk güýçleriniň we german goşunlarynyň arasynda uzaga çeken gapma-garşylyk mahalynda palçykly garymlarda wepat bolan ýüz müňlerçe esgeriň öldürilen ýerlerinde guralan çärelere beýemçilik edýär.

Birinji Jahan Urşunyň sapar ediljek söweş meýdanlarynyň arasyndaVerdun we Somme hem bolup, britan wise-premýeri Tereze Meýiň dabaralara gatnaşmagyna garaşylýar.

Fransiýadaky ýatlama çärelerine gatnaşjak liderleriň arasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň hem atlary bar. ABŞ resmileri iki lideriň ýatlama çäreleriniň arasynda wagt tapyp, gysga wagt duşuşjaga meňzeýändiklerini aýtdylar.

Ýatlama çäreleri 11-nji noýabrda,Paris’ Arc de Triomphe ýadygärliginiň ýanynda jemlener, sebäbi Birinji Jahan Urşy bir asyr mundan ozal, 11-nji aýyň 11-nji gününde, sagat 11-de tamam tamamlandy.

Tramp, Putin we german kansleri Angela Merkel dagy ýatlama çäreleriniň jemleýji dabaralaryna gatnaşar öýdülýär.

Fransuz resmileri, soňky üç ýylda Fransiýada bolan we yslamçy jeňçilerden görlen ençeme ganly hüjüm bilen baglylykda, berk howpsuzlyk çärelerini görmegi wada berdiler.

Birinji Jahan Urşunyň söweşleriniň köpüsi Fransiýada we Belgiýda boldy.

Bu uruş netijesinde Osman, Rus, German we Awstriýa-Wenger imperiýalary ýykyldy, konflikt wagtynda azyndan 16 million adam öldi diýlip hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG