Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da protestçiler, demokratlar Russiýa babatynda alnyp barylýan derňewi goramaga çagyrdylar


Robert Mueller
Robert Mueller

ABŞ-da ýüzlerçe protestçi prezident Donald Trampyň 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasy bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary derňeýän ýörite geňeşiň goralmagyny sorap, ýöriş geçirdiler.

Mundan öň, Kongresde demokratlar Trampyň ýurduň Baş Prokurory Jeff Sessionsy wezipesinden çetleşdirmegini maslahat etmek üçin gyssagly diňlenişigi çagyrypdylar.

Tramp Sessionsy Russiýanyň prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy aýdylýan ýagdaýlary seljerýän Robert Muelleriň derňewine goşulmak islemeýändigi üçin tankytlapdy.

Nýu-Ýorkuň Times Square meýdançasynda birnäçe ýüz adam jemlenip “Muellerden eliňizi çekiň”, “Hiç kim kanundan üstün däldir” diýen şygarlary gygyrdylar.

Çikagoda demokratlardan senator Dik Durbin Federal Plazada ýygnanan ençeme ýüz demonstranta goşuldy. Waşingtonda Ak Tamyň golaýynaky seýilgähde hem 500-e golaý protestçi jemlendi.

Protesti gurnaýjylar Trampyň Sessionsyň ştabynyň başlygy Matthew Whitakeri baş prokuroryň wezipesini ýerine ýetiriji edip bellemeginiň “ýörite geňeşiň alyp barýan derňewine päsgel ýetirmek boýunça bilinip edilen synanyşyk bolandygyny” aýtdylar.

Tramp Sessionsyň çekilmegini sorap, onuň deregine Whitakeri belläpdi. Whitaker Muelleriň derňewini tankytlap, onuň çäklendirmegine hem çagyryşlary edipdi.

Tramp Muelleriň Russiýa babatyndaky alyp barýan derňewini “arwah awy” diýip, atlandyrypdy. Şeýle-de, ol Sessionsy muňa garşy durmak üçin hiç zat etmezlikde tankytlapdy.

Ak Tam Trampyň alnyp barylýan derňewi çäklendirmek boýunça Whitakere hiç hili görkezme bermändigini aýtdy. Emma, bular protestçileriň ýa-da Wekiller Öýündäki demokratlaryň hyjuwyny gowşadyp bilmedi.

Demokratlar Trampyň Sessionsy çetleşdirmeginden soň gyssagly diňlenişigi çagyryp we derňew döwri Muelleri gorajak kanunçylygy kabul etmegi sorap, hat ýolladylar.

Respublikanlar partiýasynyň başlygynyň metbugat wekili Bob Goodlatte bu hatyň mazmuny boýunça kommentariýa bermekden saklandy.

Senatda demokratlardan senator Kriss Koons we respublikanlardan senator Jeff Flake Muelleri Ak Tamyň täsirinden gorajak kanunçylyk boýunça öňümizdäki hepde ses berilişigi çagyrmak ugrunda tagalla etjekdiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG